Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ykdysady we medeni-durmuş ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär hem-de bu ugurda geçirilýän özgertmeler barha rowaçlanýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly: “Biziň esasy wezipämiz – öz halkynyň taryhyny bilýän, öz ýurdunyň gazanan üstünliklerine buýsanýan, Garaşsyz Türkmenistanyň şöhratyny artdyrmaga çalyşýan hakyky watançylaryň ýokary bilimli neslini kemala getirmek bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, çagalaryň daşary ýurt dillerini öwrenmegi aýratyn ähmiýete eýedir, çünki halkara ylmy maslahatlara, medeni we sport çärelerine gatnaşmak bilen, daşary ýurtlardaky türkmen kompaniýalarynda ýa-da ýurdumyzdaky daşary ýurt kompaniýalarynda we beýlekilerde işlemek bilen dürli ugurly geljekki hünärmenler halkara guramalarda ýurdumyza wekilçilik ederler.’’
Şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” atly gol çeken Karary ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatynda örän ähmiýetlidir. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda (mekdebe çenli, başlangyç, esasy orta, umumy orta, başlangyç hünär, orta hünär, ýokary hünär, ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi) bitewi bilim gurşawyny döretmek, daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmak, dil öwrenýänleriň dil we medeni bilimleriniň hiliniň ýokarlanmagyny hem-de netijeli okuw-döredijilik işini ele almagyny üpjün edýän okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary durmuşa ornaşdyrmak- bu Konsepsiýanyň esasy maksadyny düzýär.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilimde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda dünýä dilleriniň arasynda esasy orun tutýan daşary ýurt dillerini, aýratyn- da rus dilini öwrenmäge ähmiýet berilýär. Daşary ýurt diline eýe bolmak halklaryň arasynda dostluk, medeni gatnaşyklaryň ösmegine, ýaşlaryň dünýä medeniýetiniň ruhuna ýakynlaşmagyna, ýaşlaryň dünýä tejribeleri bilen tanyşmaklaryna ýardam edýär.
Rus dili GDA ýurtlarynyň arasynda diňe bir medeni aragatnaşyk dili bolman, eýsem, işjeňlik dili hem bolup durýar. Şonuň üçin hem ykdysatçylara, telekeçilere we talyplara rus dilini öwrenmek peýdalydyr hem wajypdyr. Beýik rus şahyry A.S.Puşkiniň doglan güni bolan 6-njy iýunda köp dilliligi we medeni köpdürlüligi goldamak hem-de ösdürmek maksatnamasynyň çäklerinde BMG-de Rus diliniň güni bellenilýär.
Rus dili slawýan dilleriniň arasynda has giň ýaýran, geografiki nukdaýnazardan we gepleşýänleriň umumy sany boýunça dünýä dilleriniň ilkinji onlugynyň sanawyna girýär. Internetde ulanylýan dilleriň arasynda hem iň ýörgünlisi rus dilidir. Rus dili dünýädäki iň kyn dilleriň biridir. Şeýlede bolsa rus dilini öwrenmek üçin sarp edilýän wagt adamdan adama üýtgeýär.
Rus dilinde takmynan 350000 sözüň bardygyny we iň uly rus sözlüginde takmynan 200000 sözüň bardygy mälimdir. Rus dilinde erkin gürlemek üçin bu sözleriň diňe 5%-ini öwrenmek ýeterlikdir. Dünýäde rus dilini ene dili hökmünde ulanýanlaryň sany 164 milliona deňdir. Bu dili ikinji dil hökmünde ulanýanlaryň sany bolsa 114 milliona barabardyr. Şeýlelikde, rus dilinde gepleşýänleriň sany 278 milliona barabardyr. Rus dili Russiýa Federasiýasynyň döwlet dili, Belarusuň iki döwlet diliniň biridir, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we käbir beýleki ýurtlaryň resmi dilleriniň hataryndadyr.
Şeýle hem Ýewraziýada, Gündogar Ýewropada halkara aragatnaşygyň esasy dilidir, Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň düzüm birlikleriniň we beýleki halkara guramalaryň alty iş diliniň biridir. 2022-nji ýyldaky maglumatlara görä, rus diliniň ýaýramak derejesi 8-nji orny eýeleýär. Bu ugurda iňlis dili (1,5 mlrd), mandarin hytaý dili (1,1 mlrd), hindi dili (602,2 mln), ispan dili (548,3 mln), fransuz dili (274,1 mln), arap dili (274 mln) we bengal dili (272,7 mln) öňdeligi eýeleýär. Şeýle hem «W3Techs» kompaniýasy tarapyndan geçirilen seljermeleriň netijesine görä, 2013-nji ýylyň mart aýynda internetde ulanylyşy boýunça rus dili ikinji orna çykdy. Internet ulgamynda rus dilini ulanyjylaryň sany 105 milliondan gowrakdyr.
Şulary göz öňünde tutup, rus dilini öwrenmegiň ähmiýetiniň uludygyny nygtasymyz gelýär. Şonuň üçin biziň ýurdumyzda hem rus dilini öwretmäge uly üns berilýär. Ýokary okuw mekdeplerinde rus dili we edebiýaty bölümleri bolup, onda rus dili boýunça kämil hünärmenler ýetişdirilýär. Mundan başga- da, ýurdumyzda rus dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän orta mekdepler hem hereket edýär.
Türkmen topragy gadymy döwürlerde-de ylmyň, bilimiň, medeniýetiň, sungatyň ösen ojagy hökmünde dünýäde giňden tanalypdyr. Muňa şöhratly taryhymyza degişli baý maglumatlar, alymlardyr taryhçylaryň, syýahatçylaryň galdyran ýazgylary aýdyň şaýatlyk edýär. Berkarar Watanymyz bu günki gün hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilimiň, ylmyň, sportuň, medeniýetiň, sungatyň gülläp ösüşi arkaly, parahatçylyk taglymatyny ilerledýän ýurt hökmünde abraýyny barha pugtalandyrýar.
Ejebaý Söýünowa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň rus dili mugallymy.