SIZDEN GELENLER

Dermanlyk ösümlikler – dertleriň melhemi

Ga­raş­syz Wa­ta­ny­myz­da sag­lyk jem­gy­ýet­çi­lik gym­mat­ly­gy bol­mak bi­len, döw­le­tiň ösü­şi­niň esa­sy kes­git­leý­ji­si hök­mün­de hä­si­ýet­len­di­ril­ýär. Şol nukdaýnazardan hem, Arkadagly Serdarymyz bu ul­ga­my bar­ha kä­mil­leş­dir­mek, onuň mad­dy-teh­ni­ki bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, hyz­mat­la­ryň hi­li­ni go­wu­lan­dyr­mak ba­bat­da uly iş­le­ri ýola goý­ýar.

Türk­meniň sahawatly top­ra­gy durşy bilen kerem-keramatdyr. Gü­neş­li ül­kä­miz dür­li der­man­lyk ösüm­lik­le­rine baý mekan. Dermanlyk ösümlikleriň köpüsiniň düzümi peýdaly biologiki işjeň maddalara eýedir. Janly tebigatyň bu eçilen baýlyklaryny ulanmagyň tejribesi bolsa müňýyllyklaryň dowamynda toplanypdyr we häzirki güne gelip ýetipdir. Dermanlyk ösümliklerini tanamak, olary ýerlikli ulanmak, aýawly saklamak we ýerlikli peýdalanmak örän möhüm bolup, bu babatda netijeli işler ýola goýulýar. Ýurdumyzyň howa şertlerinde ösýän ösümlikler düzüminde dürli witaminleri, flawonoidleri, fitonsid maddalaryny we köp sanly peýdaly biologiki işjeň maddalary toplaýar. Gözel tebigatymyzda bitýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan derman serişdeleri we dürli melhemler özüniň ýaramlylygy bilen tapawutlanýar.

Türkmen tebigatynda dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň ýüzlerçesi bar. Jana şypa howaly tebigatymyz dermanlyk ösümliklere juda-da baý. Owadan hem tämiz tebigatymyzda  ösýän dermanlyk ösümlikler  ynsan saglygyny bejermekde uly ähmiýete eýedir. Hut şonuň üçin türkmen tebigatyny gorap saklamak ählimiziň borjumyzdyr. Ynsan saglygy üçin ýaşaýan ýerindäki daşky gurşawyň, durmuş şertleriniň ýagdaýy wajyp ähmiýete eýedir. Tebigaty goramak we onuň ekologiki taýdan arassa bolmagyny üpjün etmek baradaky hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, ilkinji nobatda, halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyna gönükdirilendir.

Adamyň saglygy barada gürrüň açylsa, ilki bilen, Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri göz öňünde janlanýar. Hä­zir­ki za­man luk­man­çy­lyk tej­ri­be­sin­de, şol sanda maldarçylykda der­manlyk ösüm­lik­le­ri­ ulan­mak möhüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bereketli top­ra­gymyz­da der­man­lyk ösüm­lik­le­riň 2 müň­den gow­rak gör­nü­şi mil­li te­bip­çi­lik­de we halk luk­man­çy­ly­gyn­da giň­den ula­nyl­ýar. Ola­ryň gü­lü­ni­, ýap­ra­gy­ny­, bal­da­gy­ny­, dä­ne­si­ni­, kö­kü­ni­ we beýleki synalaryny bejeriş maksady bilen peýdalanýarlar. Şeýle dermanlyk ösümlikleriň hatarynda buýan, çopantelpek, türkmen selmelegi, atgulak, tozga, paporotnikler, lawr, gurygülüň güljagazlary, narpyz, rozmarin, bägüliň ýapraklary, hmel, kalendula, şalfeý ýaly görnüşleri belläp geçmek bolar.

Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik ylmy işi dünýäniň köp dillerine terjime edildi. Türkmenistanyň çäklerinde ösyän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerine bagyşlanan köp jiltli düýpli ylmy iş, diňe bir milli dermançylyk ulgamynyň däl, eýsem, dünyä fitoterapiýasynyň ösüşinde möhüm ädimdir.

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy iş daşary ýurtly hünärmenlerde uly gyzyklanma döredýär. Çünki onuň sahypalarynda dermanlyk ösümlikleriň bejeriş aýratynlygy, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň usullary barada giňişleyin gürrüň berilýär.

Bu kitabyň dünýäniň dürli dillerinde terjime edilmegi neşiriň örän gymmatlydygynyň we meşhurlyga eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Millionlarça okyjylara niýetlenen dermanlyk ösümlikleriň we halk lukmancylygynyň özboluşly ensiklopediýasy bolan bu neşir adamzat medeniýetiniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk ulgamyna ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň köp asyrlyk tejribesi we ýörelgeleri bilen tanyşmaga ýardam edýär.

Kitapda her bir ösümligiň maglumatlary özboluşly suratlar bilen utgaşdyrylýar. Kitabyň sorag-jogap bölüminde olaryň dermanlyk aýratynlyklarynyň görkezijisi, dermanlyk ösümlikleriň atlarynyň rus-latyn-türkmen sözlügi, serişdeleri ýygnamagyň we saklamagyň möhletleriniň senesi ýerleşdirilipdir.

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitap türkmen ösümlik dünýäsiniň özboluşly ensiklopediýasy bolmak bilen, şu geçen ýyllaryň içinde diňe ýurdumyzyň derman senagatynyň işgärleri we lukmanlary üçin däl-de, eýsem, kitabyň dürli dillere terjime edilmegi netijesinde, onuň bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe bolan daşary ýurtly hünärmenler üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gollanma öwrüldi.

Bahar Araşewa,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň

Farmakalogiýa kafedrasynyň okuw müdiri. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri