Nebitgaz pudagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, peder ýoluny dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda uly ösüşlere eýe bolýan möhüm pudaklaryň biridir.
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda oýlanyşykly alnyp barylýan ykdysady syýasatda ýangyç-energetika pudagy esasy orunlaryň birini eýeleýär. Çünki nebitgaz pudagy milli ykdysadyýetiň daýanjy bolmak bilen birlikde, ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklarynda-da ileri tutulýan ugurlaryň biri bolmagynda galýar.
Häzirki günlere çenli hormatly Prezidentimiziň energetika syýasaty netijesinde bu pudagyň kuwwatlyklary has artdyryldy we uglewodorod çig mallaryny gaýtadan işlemek, gazhimiýa pudagynyň binýatlaýyn esaslaryny ösdürmek boýunça ägirt uly taslamalar durmuşa geçirildi. Ylmyň, tehnologiýanyň yzygiderli ösýän şertlerinde, nebitgaz toplumynyň önümçilik pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak meseleleri-de milli ykdysadyýeti ösdürmegiň gün tertibinde durýar. Hormatly Prezidentimiz ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda önümçilige sanly ulgamy ornaşdyryp, nebitgaz toplumynyň önümçilik kärhanalarynda zähmeti guramagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, pudaga daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmegiň zerurlygyny nygtaýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen tebigy gazyny halkara bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda bu hyzmatdaşlyk oýlanyşykly, işjeň we maksada okgunly alnyp barylýar. Netijede, gymmatly çig mal bolan tebigy gazy özara bähbitli esasda ýerlemegiň hem-de girdeji gazanmagyň täze bazarlary peýda bolýar.
Ýurdumyz tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeläp, ählumumy energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman binýadyny döretmäge işjeň gatnaşýar, energiýa serişdelerini ibermegiň köp şahaly ulgamyny döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany üstünlikli durmuşa geçirýär.
Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek nukdaýnazaryndan hem-de daşky gurşawy goramak ulgamynda möhüm wezipeleri çözmek babatda möhüm ähmiýete eýe bolan iri taslamalaryň ençemesiniň başyny başlady. Şolaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy bar. Ol diňe bir ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik bermän, eýsem, goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyna, sebitde energetika howpsuzlygyny we ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiziň bellenilişi ýaly, XXI asyryň ägirt uly taslamasynyň – Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy energetika ulgamynda üstünlikli türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň aýdyň mysalydyr. Bu gaz geçirijisi özüne üç ugry (A, B we С) ugry birleşdirýär.
Diýarymyzyň ähli gaz magistrallaryny bitewi ulgama birleşdiren “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygy ýurdumyzyň gaz ulag ulgamyny ösdürmegiň ýolunda uly ädim boldy. Şunuň netijesinde, “Döwletabat” hem-de “Galkynyş” ýaly ägirt uly tebigy gaz ýataklary bar bolan Mary welaýatyndan gazy Ahal we Balkan welaýatlaryna ibermäge mümkinçilik döredi. Mundan başga-da, “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisi türkmen energiýa serişdelerini Hazaryň üsti bilen halkara bazarlaryna eksport etmekde ulanylyp bilner.
Halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmaga gönükdirilen ykdysady strategiýasyna laýyklykda, soňky ýyllaryň dowamynda uglewodorod çig malyny düýpli gaýtadan işlemäge ýöriteleşen örän iri döwrebap senagat desgalary guruldy. Hususan-da, bular ýokary dykyzlykly polietilen hem-de dürli görnüşli polipropilen çykarýan Gyýanlydaky polimer zawoddyr, şeýle hem Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawoddyr.
Nebitgaz senagatyna milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy hökmünde ýurdumyzy innowasion esasda senagatlaşdyrmakda, onuň eksport kuwwatyny artdyrmak babatda giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly ähmiýet berilýär.
Häzirki döwürde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, ilkinji nobatda, ýel we Gün energetikasy işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawa zyýan ýetirmezden, “ýaşyl” energetika tehnologiýalaryna geçmek göz öňünde tutulýar. Energiýanyň arzan, ygtybarly, döwrebap çeşmelerine giň elýeterliligiň bolmagy ähli ýurtlaryň depginli ösmegi, olaryň halklarynyň abadançylygy üçin aýgytlaýjy ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň gaz senagatynyň parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça alyp barýan işi, zyňyndylary ölçemekde tehnologik innowasiýalaryň orny, sanly serişdeleriň we hasaplamak hyzmatlarynyň netijeliligi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle gurallaryň peýdalanylmagy esasynda nebitgaz senagaty parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaldyp, ýakyn geljekde ekologik taýdan arassa energiýany öndürip biler.
Maýýa Öwlýagulowa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Fizika we elektronika kafedrasynyň uly mugallymy.