Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ähli pudaklar bilen bir hatarda, milli bilim ulgamynda hem uly özgertmeler amala aşyrylýar. Ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda ýaşlara uly ynam bildirilýär. Bu beýik ynamy ödemek üçin ýaş nesil yhlasly okaýar, zähmet çekýär. Ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda okuw we tejribe işlerine täze, döwrebap usullar ornaşdyrylyp, dünýä tejribesinden netijeli peýdalanylýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy, saýlap alan ugurlary boýunça ussat hünärmenler bolup ýetişmegi, ata Watanymyza, halkymyza, pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine hormat goýmak ruhunda terbiýelenmegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär.
Bilim ulgamyna täze hünär ugurlarynyň girizilmegi bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ýokary bilimli işgärler, tejribeli hem-de kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan hünärmenler kemala geldi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýip bellemek bilen, ýaşlaryň bilime, okamaga bolan höwesiniň ýokary bolmalydygyny ündeýär. Mähriban Diýarymyzda biz—ýaşlara döwrüň ösen talaplaryna laýyk bilimleri öwrenmek, kämilleşmek üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş nesliň wekilleri bu aladalara öz bilim-sowatlaryny köpugurly, çuňňur ösdürmek bilen jogap berýärler. Ýaşlar abraýly halkara aň-paýhas bäsleşiklerinde — taslamalar boýunça we ders olimpiadalarynda, ylmy forumlarda, şol sanda dünýäde barha meşhur bolýan Internet-formatda gurnalýan ylmy bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edýärler.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalaryň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär. Şu ýylyň 3-8-nji martynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda IV Açyk halkara matematika olimpiadasy üstünlikli geçirilip, türkmen talyplary üstünlikli çykyş etdiler. Şu ýylyň 15-20-nji aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde II Açyk halkara informatika olimpiadasy (OIOIUS — 2024) üstünlikli geçirildi. Bu bilim ojagynda 19-njy aprelde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda informatika dersi boýunça halkara internet olimpiadasy hem geçirildi. Häzirki zaman önümçiligi informatika dersini çuňňur özleşdirmegi talap edýär.
Röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzyň bilim ojaklarynda hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu gün ähli bilim edaralarynda, aýratyn-da, ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermegiň, okatmagyň döwrebap usullary ösdürilýär. Şunda innowasion tehnologiýalara, multimedia enjamlaryna we kompýuter programmalaryna uly orun degişli bolup durýar. Nazary sapaklary döwrebap guramakda, alyp barmakda we tejribe bilen utgaşdyrmakda innowasion tehnologiýalaryň mümkinçiliklerine aýratyn üns berilýär. Sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri bu babatda täze gözýetimlere ýol açýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde sanly bilim ulgamyny ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berilýän täze, döwrebap bilim ojaklarynyň innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy hem sanly bilim ulgamynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygyny aýdyň görkezýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek üçin olaryň täze binalar toplumlaryny gurmaga ähmiýet berilýär.
Eziz Diýarymyzda ýokary derejede geçirilýän olimpiadalar, sergiler, ylmy-amaly maslahatlar dünýäniň öňdebaryjy bilim, ylym merkezleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga itergi berýär. Şeýle çäreler Watanymyzyň ýagty geljeginiň eýeleri bolan zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, olaryň bilim ulgamyndaky gazananlaryny üstünlikli durmuşa ornaşdyrmaga täze mümkinçilikleri açýar. Ýaş nesliň ählitaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Maýa Jumakowa,,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
Pedagogika we psihologiýa usuly birleşmesiniň mugallymy.