Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhyny hem-de baý medeni mirasyny öwrenmekde, giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir. Bu kitabyň neşir edilmegi Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda watandaşlarymyz üçin ajaýyp sowgat boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu kitabyň ýazylmagyna dünýä belli arheologlar, taryhçylar we olaryň nesilleri bilen bilelikde işleşmek bagty miýesser eden Gahryman Arkadagymyzyň beren gürrüňleri uly ýardam berdi. Olar ýurdumyzda ylmy gözlegleri, arheologik gazuw-agtaryş işlerini geçirip, köp sanly wajyp tapyndylary ýüze çykardylar we dünýä derejeli möhüm açyşlary etdiler. Bu giň gerimli işlere Änew medeniýetini ilkinjileriň biri bolup dünýä tanadan Rafael Pampelli, şeýle hem Wadim Masson, Wiktor Sarianidi we beýleki tanymal alymlar mynasyp goşantlaryny goşdular. Hormatly Prezidentimiz kitabynda: «Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň» diýip belleýär. Gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biridir. Änew şäheri diňe taryhy bilen däl, eýsem, şu günki ajaýyplygy we uzak geljege gönügen ösüşli beýik maksatlary bilenem dünýäniň ünsüni özüne çekýär.
Kitabyň girişinde türkmen halkynyň özboluşly taryhy-medeni mirasy, bu ugurda döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar we köp sanly beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk barada maglumat berilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň iri ýöriteleşdirilen düzümi bolan ÝUNESKO, şeýle hem TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesine, gazanylan üstünliklere aýratyn üns çekilýär. Eserde öňe sürülýän garaýyşlar onuň üç bapdan ybarat mazmunynda giňden beýan edilýär.
Birnäçe bölümden ybarat «Gadymy Änewiň täsinligi» atly bapda kökleri müňýyllyklara uzaýan şäheriň taryhy, binagärlik ýadygärlikleri barada gürrüň berilýär. Şolaryň hatarynda XV asyrda bina edilen Seýit Jemaleddin ýadygärligi bar. Bu toplumyň esasy desgalarynyň biri hem metjitdir. Onuň girelgesiniň ýüzi örän täsin, owadanlygy bilen tapawutlanýan mozaika bilen nagyşlanypdyr. Bu metjidiň gurluşygy barada halk arasynda gadymy rowaýatlar bar. 1948-nji ýylda Aşgabatda bolup geçen ýertitreme zerarly bu binagärlik toplumy we metjit weýran boldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda geçirilen arheologik barlaglaryň netijesinde, syrçaly mozaikalaryň asyl nusgalary tapyldy we olar gaýtadan dikeldildi. Häzirki wagtda bu gymmatly tapyndylar Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde saklanylýar.
Şeýle hem bu bapda hormatly Prezidentimiz Änew şäheriniň ýaşy, geçen asyryň ortalarynda arheolog Wadim Massonyň kakasy akademik Mihail Massonyň ýolbaşçylygyndaky Günorta Türkmenistan arheologik toplumlaýyn ekspedisiýasy (GTATE) tarapyndan adybir galanyň çäklerinde geçirilen gözlegleriň netijeleri baradaky meselelere ünsi çekýär. Onda ylmy maglumatlaryň, taryhy ýazgylaryň esasynda şäheriň ösüşi, onuň ýerleşişi hem-de gurluşy barada gürrüň berilýär.
Gadymy Änew medeniýetine, şol sanda bu ýerde neolit zamanynda (b.e.öňki VII-VI müňýyllyklar) dörän we oba hojalygynyň ösüp başlan Jeýtun medeniýetine aýratyn bölüm bagyşlanypdyr. Alymlaryň bellemeklerine görä, bu toprak özünde geljekki gözlegler üçin gyzyklanma döredýän ençeme syrlary saklaýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby dünýä ýaň salan Änew şäheriniň taryhy, medeniýetiniň aýratynlyklary, Änew medeniýetini ilkinjileriň biri bolup dünýäde ykrar etdiren ägirtleriň onuň taryhyny öwrenmekde alyp baran işleri barada köp sanly gymmatly maglumatlary özünde jemlemek bilen, onda gadymy we juwan şäheriň şöhratly şu güni hakynda hem giňişleýin gürrüň edilýär. Şeýle-de ajaýyp kitapda berkarar ýurdumyzda taryhy ýadygärliklerimizi, medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler barada söhbet edilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň: «Bu kitaby ýazmakdan maksadym, türkmen we daşary ýurtly okyjylarymy ýurdumyzda alnyp barylýan il-halk bähbitli işleriň geriminiň giňligi, tagallalarynyň beýikligi bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem olary beýik döwletimiziň bagtyýar hem-de ajaýyp geljegi üçin belent işlere ruhlandyrmakdan ybaratdyr» diýlip belläp geçişi ýaly, täze kitap ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazyna bolmak bilen birlikde her birimiziň döredijilikli başlangyçlarymyzyň, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň halkara abraýynyň belende galmagynyň hatyrasyna alyp barýan işlerimiziň ylham çeşmesi bolup hyzmat eder.
Türkmen medeniýetini ösdürmekde, dünýä ýaýmakda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutumly işleriniň rowaç almagyny, galamynyň ujunyň ýiti bolmagyny, ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris.
Myrat Ýagmyrow,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
Matematika usuly birleşmesiniň mugallymy.