Ynsan saglygyny goramak, saglygyň gadyryny bilmek halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Baş Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzda hem jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy bellenilýär. Şoňa görä-de, biz berkarar döwletimizde ilatymyzyň saglygyny goramak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny düýpli kämilleşdirmek babatda giň gerimli we tutumly işler durmuşa geçirilýär.
Häzirki zaman türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, sagdyn iýmitlenmek hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini giňden wagyz etmek, zyýanly endiklere garşy işjeň göreşmek boýunça geçirilýän çäreler «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasy şygarda anyk beýan edilen esas goýujy wezipeleriň amala aşyrylmagyna gönükdirilendir.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» esasynda paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda häzirki zaman kliniki, ylmy-kliniki merkezleri, döwrebap derman kärhanalary, saglyk öýleri gurulýar.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda gurulýan saglygy goraýyş edaralarynyň hatarynda ýokanç kesellere garşy göreşmäge gönükdirilen saglyk ojaklary hem bardyr. Ýokanç keselleri dörediji mikroorganizmleriň adam bedeni bilen täsir edişmeginiň netijesinde ýüze çykyp, ýokançlygy daş-töwerege tiz ýa-da yzygiderli ýaýrap, adamyň saglyk ýagdaýynyň dürli bozulmalaryna (alamatsyz göterijilikden dürli agyrlykdaky kliniki görnüşlerine çenli) getirýän keseller bolup, olaryň dürli wiruslaryň üsti bilen ýaýramagy mümkindir.
Şonuň şahsy arassaçylyk kadalarynyň berk berjaý edilmegi, sagdyn iýmitlenmek möhüm bolup durýar. Lukmançylyk ylmyny düýpli ösdürmek, innowasion işläp taýýarlamalary, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak, lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligini we elýeterliligini hem-de hilini ýokarlandyrmak, aýratyn-da, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ýokary netijeler gazanyldy.
Şonuň netijesinde, dürli wiruslaryň ýaýramagynyň öňüni almak ugrunda döwrebap saglygy goraýyş edaralarynyň goşandy uludyr.
Mikrobiologiýa ylymy häzirki wagtda, biologiki ylymlaryň arasynda iň bir ösen, uly üstünliklere eýe bolan ylymdyr. Bu ylym durmuş üçin örän zerur bolan meseleleriň köp sanlysynyň çözülmegine gatnaşýar. Şonuň üçin hem, ol özüniň çözýän meseleleriniň köplügi zerarly birnäçe görnüşlere bölünýär. Olara umumy, senagat, oba hojalyk, weterinar, kosmos, medisina mikrobiologiýasy degişlidir.
Medisina mikrobiologiýasy mikrobiologiýanyň beýleki bölümlerinden has ir ýüze çykan bölümdir. Medisina mikrobiologiýasy adamyň patologiýasynda ähmiýetli bolan patogen we şertli-patogen mikroorganizmleri, olaryň häsiýetlerini, keselleriň döremegindaki ähmiýetini öwrenýär we olaryň döredýän keselleriniň diagnozyny anyklamagyň, bejermekligiň we öňüni almaklygyň usullaryny işläp düzýär.
Medisina mikrobiologiýasynyň düzümine häzirki döwürde bakteriologiýa, wirusologiýa, mikologiýa, parazitologiýa, sanitar mikrobiologiýasy bölümleri girýär. Medisina mikrobiologiýasynyň örän wajyp bölümleriniň biri hem, organizmiň mikroblaryň döredýän kesellerine garşy emele gelýän durnuklylygynyň (immunitetiň) mehanizmlerini öwrenýän bölümi bolan immunologiýadyr.
Şeýle hem ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesinde, ýurdumyzda ilkinji hususy mikrobiologiýa barlaghanasy hem hereket edýär. Bu barlaghananyň esasy maksady köpräk azyk we beýleki önümleriň barlagynyň geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr.
Gözel Diýarymyzda gurulýan saglygy goraýyş merkezleri ilatymyza ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýär we ygtybarly saglygy goraýşy üpjün edýär. Il-ýurt ähmiýetli bu işler sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany hasaplanýan ata Watanymyzda saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan ösüşleriň barha belentlere galýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Merdana halkymyzyň saglygyny goramaga we ilatymyzy ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmäge gönükdirilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçi- rilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.