SIZDEN GELENLER

Arassaçylyk — saglygyň girewi

Saglyk — bu tebigatyň ynsana beren peşgeşi, ynsanyň durmuşyndaky esasy gymmatlyk, adam bedeniniň fiziki we ruhy güýçleriniň kadaly ýagdaýy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ynsan saglygyny berkitmek üçin zerur çäreleriň durmuşa geçirilmegi üçin ähli şertleri döretdi. Ýöne, şol saglygy gorap saklamak babatynda her bir adamynyň öz şahsy jogapkärçiliginiň bardygyny asla unutmak bolmaz.
Her bir adamyň kesellerden goranmagy, sagdyn ýaşamagy hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini pugta berjaý etmegi arassaçylyk medeniýetiniň ýokarlanmagyna, dürli ýokanç keselleriň, ýaramaz endikleriň öňüniň alynmagyna ýardam edýär.

Gigiýena ylmy – bu keselleriň öňüni alyş ylmy bolup, lukmançylykda uly orny eýeleýär. Ol bedeni gurşap alan daşky täsirleriň, durmuşyň sosial we tebigy şertleriniň saglyga bolan täsirini öwrenýär. Gigiýenanyň wezipesi daşky gurşawyň döredýän näsazlyklarynyň öňüni almakdaky geçirilýän çärelerini ylmy esasda düzmekden, ilatyň kesellemegini çürt-kesik azaltmakdan we saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakdan ybaratdyr. Lukman, hünärine garamazdan, öz gündelik işinde keselleriň öňüni alyş çäreleri amal etmegiň hötdesinden gel-megi başarmalydyr. Lukman öz näsagyna gözegçilik edende, onuň iş we ýaşaýyş şertlerine doly göz ýetirip, bejeriş işlerini gurşaw bilen baglanyşdyryp geçirende, amala aşyrýan bejergisiniň has üstünlikli bolmagyna ýardam edýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda keselleriň öňüni almak babatda giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Geçirilýän çäreler bolsa suwlaryň arassalygyna gözegçilik etmekligi, akaba suwlaryň daş-töweregini arassa saklamaklygy, ilaty arassa agyz suw bilen üpjün etmekligi we saglyk hakynda wagyznesihat işlerini geçirmekligi öz içine alýar. Şeýlelikde, azyk önümlerini ýygnamakda, saklamakda, taýynlamakda hem-de jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda, söwda we çagalar edaralarynda, mekdeplerde sanitar ýagdaýlary gözegçilikde saklanýar.

Keselleri dörediji mikroblar, bakteriýalar we wiruslar daşky gurşawda durnukly saklanýanlygy sebäpli suwda we azyk önümlerinde öz kesel ýaýradyjy häsiýetlerini ýitirmeýärler. Bu bolsa adamlara kesellemek howpuny salýar. Hut şonuň üçin her bir adam, ylaýta-da, çagalar arassaçylyk düzgünlerini dogry we doly berjaý etmelidirler. Her bir adam öýlerini, otaglaryny arassa saklamaly, ýygy-ýygydan çygly arassalaýyş işlerini geçirmeli, penjireleri açyp ýelejiretmeli we howasyny çalşyp durmaly, jaýyň we howlynyň daş-töweregini süpürip, zir-zibilleri aýyrmaly. Mundan başga-da, otaglarda üzärligi tütedip, tüssesini daş-töwerege ýaýratmak hem birnäçe ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni alýar. Bakteriýalaryň ýok edilmegine, adam bedeniniň kesele durumlylygyna ýardam edýär.

Her bir adam kadaly iýmitlenmek boýunça zerur bolan ýönekeý düzgünleri bilip, berjaý etmäge çalyşmalydyr. Ähli iýmitler kadaly ýagdaýda saklanmalydyr. Gök we bakja önümleri köpräk iýmelidir. Gök önümler we miweler iýilmezden öň gowy edip akar suwda ýuwmalydyr. Azyk önümleri, gap-çanak saklanylýan we nahar bişirilýän ýerler, süýt we süýt önümleriniň saklanyşyna üns bermelidir we arassa bolmalydyr. Nahary ýapyk gapda saklamalydyr.

Ynsan saglygyny baş döwlet aladalarynyň biri hökmünde ileri tutýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Leýli Öwezberdiýewa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Medisina ekologiýasy we gigiýenasy kafedrasynyň mugallymy.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri