Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet baradaky taglymaty

   “Berkarar döwlet  islärin” – Magtymguly Pyragy.

Garaşsyz döwlet gurmak, berkarar döwletde asuda asmanyň astynda bir serdaryň daşynda berk jebişleşip, milli bitewilik, watançylyk, ynsanperwerlik, agzybir, erkana ýaşamak, ene topragyňy gülletmek  bilen baglanyşykly maksat-niýetler türkmen halkynyň milli, gaýtalanmajak, özboluşly, hemmelere düşnükli, şol bir wagtda-da umumadamzat ähmiýetli sadaja filosofiýasyndan gelip çykýar. Ine, halkyň ruhy süňňünden sap kümüş ýaly syzylyp çykan şeýle jöwher pikirler  Beýik Magtymguly Pyragynyň baş filosofiýasynyň binýadyny, özenini düzýär. Bu müdümi ideýalar türkmen jemgyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň düýp mazmunyny, strategik esasyny, täze durmuş filosofiýasyny kesgitleýär.

Magtymguly Pyragy, watançy şahyr hökmünde öz döwrüniň iň möhüm meselesi bolan, türkmen taýpalaryny bitewi güýje öwürmek, özbaşdak döwlet gurmak baradaky asyrlar boýy arzuw edilip gelnen halkyň ruhy gymmatlyklaryny öwüt-ündew edrýär. Şahyryň:

Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, Ahal ili bir bolup,

Kylsa bir jaýa ýöriş, açylar gül läläesi.  

diýen setirleri hem hut  biziň milli ruhymyzdan gelip çykýar. Ata Watanyňy gözüň göreji deý eý görmek, il-halkyň bähbidini şahsy bähbitlerden ileri tutmak, halkyňa adyl gulluk etmek baradaky pikirler hem Magtymgulynyň döredijiliginde uly orun eýeleýar.  Muňa şahyryň:

Magtymguly, bu Watany hiç terk kylyp ýörmegil.

Ýigit öler ýurt üstünde.

Il üstünde namysa bilen baş döker,

diýen ganatly sözleri şaýatlyk edýär. Şeýle hem:   

Hor galmasyn puştdan-puşdum,

Berkarar döwlet islärin.   Şeýle hem:

Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn,

Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn.

      Berkarar döwletiň täze Galkynyşy döwrüniň baş maksady – türkmen jemgy-ýetiniň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmakdan, milli ruhy-ahlak gymmat-lyklary we däp-dessurlary galkyndyrmakdan, halkyň maddy hal-ýagdaýyny we medeni derejesini ýokarlandyrmakdan, şeýle hem döwletiň abraýyny we onuň dünýä jemgyýetçiligindäki ornuny pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

“Sahyby gerek  her ýurduň”  diýmek bilen,  Pyragy türkmenleriň  bir serdaryň ýolbaşçylygynda  “är ýigitli, berkararly il içre” ýaşamagy baradaky ideýany berkarar döwletliligiň, onuň halkynyň bagtyýarlygynyň baş şerti hökmünde garapdyr. Ol:

                             Agyr döwletler aýrylar,

                        Bir agza bakmaýan ärden – diýýär.

Ýurt abadançylygyny, halkyň jebisligini amal etmekde bimöçber aladalanan şahyr onuň üçin adalatly döwlet gurluşynyň, ýagny halkyň bähbitlerini araýan kanunlar döredilmelidigini  we olary durmuşda  berk berjaý edilmelidigini tekrarlaýar.

Beýik akyldar döwleti dolandyrmakda, halk bähbitli, döwlet ähmiýetli düýpli başlangyçlarda ilkinji nobatda “bir jaýa ýörüş kylýan” ýaşuly nesliň  wekilleri bilen maslahatlaşmagyň, olara sala salmagyň  zerurlygyny,  şeýle geňeşleriň ýzy-giderli  geçirilip durulmagynyň maksadalaýyklygyny belleýär.

Akyldar diňe döwlet berkararlygynda,  halkyň bagtyýarlykda, bol-elinlikde ine-gana ýaşajakdygy, goňşy ýurtlar bilen hoşniýetli gatnaşykda bolup biljekdikleri baradaky taglymatlary öz goşgulary arkaly  öňdengörüjilik bilen wagyz edipdir.

Şahyryň adama, ynsana, onuň mertebesini yokary derejä ýetirmek, her bir şahsyň jemgyýetdäki ornuny, sarpasyny belent tutmak ýaly ynsanperwer garaýyşlary bu günki günde “döwlet adam üçindir” diýen baş ýörelgämiz bilen doly sazlaşýar.

Ýurdy, döwleti herekete getirýän, jemgyýeti kämilleşdirýän adamlary ähli tarap-laýyn ösdürmek, olary  jemgyýetiň iň işjeň şahsyna öwürmek, raýat jemgyýetini gurmak, jemgyýeti dolandyrmakda ilatyň ähli gatlaklarynyň işjeň gatnaşmaklaryny gazanmakda döwlet düýpli çäreleri yzygiderli durmuşa geçirýär. Ilatyň durmuş goraglylygyny artdyrmak üçin goýulýan serişdeleriň ýyl saýyn artmagy hem Magtymguly Pyragynyň  dury pähim-paýhasyndan dörän, ençeme asyrlaryň  dowamyn-da halkyň  ýüreginde besläp gelen arzuwynyň bu gün hakykat ýüzünde dabaralanmasydyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty dialektiki arabaglanyşykdadyr. Umumadamzat, şol bir wagtda-da,  türkmen halkynyň milli ruhuna mahsus bolan parahatsöýüjilik, dostluk-doganlyk, goňşy ýurtlar bilen hoşniýetli goňşuçylyk, dostlukly, deňhukukly  gatnaşyklarda bolmak, birek-biregiň däp-dessurlaryna hormat goýmak ýaly ynsanperwer gymmatlyklar hem beýik akyldaryň döredijiliginde öz mynasyp ornuny tapypdyr.

Bu gün ýurdumyz  hemişelik hereket edýän halkara maslahatlara, forumlara, ýygnaklara köp taraplaýyn gatnaşyklara öz goşantlaryny yzygiderli we işjeň goşýar. Dörediji döwlet hökmünde berkarar Watanymyz dünýädäki ykdysady we sosial durmuşyna oňyn täsir etmek, dünýäde parahatçylygy üpjün etmek partahatçylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň bähbitlerine hyzmatdaşlyk şygary doly goldaýar.   Hut şonuň üçin-de şahyryň bu ideýalary dünýa halklaryna düşnükli dilde ýaňlanýar.

Gündogaryň beýik akyldary Magtymgulynyň  türkmeniň milli ruhundan  sünnälenip, onuň akyl-paýhasyndan altyn damjasy deý süzülip geçiren ideýalary  umumadamzat siwilizasiýasynyň  ynsanperwerlik ideallalary bilen doly sazlaşyp, onuň medeni-ruhy genji-hazynasynyň  aýrylmaz bölegine ymykly öwrüldi. Şahyryň arzuwlan “ajap eýýamy”  bu gün halkymyzyň durmuş hakykatyna öwrülip, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň konstitusion binýadyny,  türkmenleriň durmuş ýörelgesiniň medeni-ruhy mirasynynyň özenini düzýär.

Umumy adamzat gymmatlyklaryna öwrülen bu çuňňur ideýalaryň dünýäniň ähli  halklarynyň hem ruhy-medeni genji-hazynasynyň aýrylmaz  bölegine öwrülmegi halkaryň arasyndaky dostlugy berkitmäge, gatnaşyklaryň has ykjamlaşmagyna, dünýäde parahatçylygy saklamaga ýardam bermegi hem  Magtymguly Pyragynyň filosofiýasynyň häzirki zamanda  täzeçe ykrar edilmegidir.

Amangeldi  BAÝGELDIÝEW.

Bellik: Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny şöhratlandyrmak, ýaşlary akyldar şahyra bagyşlanan kämil eserleri döretmäge höweslendirmek maksady bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly döredijilik bäsleşiginden ötüri “galam hakly” döredijilik işini yglan edýär. Emeli Intellektiň mümkinçiliklerinden peýdalanyp geçirilýän döredijilik işi “Ak Tam” hojalyk jemgyýetiniň hemaýat bermeginde geçirilýär.

Şeýle hem ýakyn wagtda saýtymyzdan bu makalany iňlis we türk dillerinde  okap bilersiňiz. Emeli intellektiň üsti bilen ýörite wideo taýýarlap, “Atavatan Tv Youtube” kanalyna we www.atavatantv.com saýty bilen dünýäniň tomaşaçylar köpçüligine ýetireris. 

Ýene-de okaň

Pyragy iňlisçe şirin ýaňlanýar

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda keramatly şahslar barada

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary milli terbiýäniň pähim akabasy

Magtymguly – telekeçi şahyr

Baky gelen ýok diýseler ynanmaň!

  Göwün bir guşdur…