Jon Keho-1975-nji ýylda swilizasiýadan üç ýyl uzaklykda adam beýnisiniň içki mehanizmlerini öwrenmek we düşünmek üçin tokaýlara ýaşamaga gitdi. Dürli ylmy we ruhy çeşmelerden alnan maglumatlara, şahsy synlamalara we tejribä görä esaslanyp Keho beýniniň güýjini ösdürmek üçin ilkinji ýönekeý we örän üstünlikli programmasyny döretdi. 1978-nji ýylda döreden ýörelgelerine esaslanyp , adamlara öwredip başlady we 1980-nji ýyla çenli leksiýalary bütin dünýäde uly üstünlik gazandy. Keho soňky ýigrimi ýyl bäri mugallymçylyk edýär. Ol we ýanýoldaşy häzirki wagtda ýuwaş ummanyň demirgazyk- günbatar kenarynda ýaşaýarlar we kitap çap etmeklerini dowam etdirýärler.
“Älemde Horotio dostymyzdyr, akyldarlarymyzyň
arzuw etmedik köp zady bar.”
Şekspir
Fizikanyň kanunlaryny bilmek ýa-da beýniňiziň güýjüni ulanmak üçin hakykatyň manysyna düşünmek hökman däl; awtoulag sürmek üçin karbýurator ýa-da ot ýakmak ulgamynyň nähili işleýändigini bilmek hökman däl. Awtoulag hakda az adam bilýär, ýöne bu köp adamyň sürmegine päsgel bermeýär. Edil şonuň ýaly we beýniniň güýji bilen her kim bu ulgamyň esaslaryny özleşdirip biler we ony gündelik durmuşda üstünlikli ulanyp biler. Hakykatyň tebigatyny we beýnimiziň öz hakykatyny nädip döredýändigine has gowy düşünmäge kömek etjek soňky ýigrimi ýylda ylymda açylan käbir ajaýyp açyşlary öwrenmekden başlarys. Wizuallaşdyrmagyň ýa-da akyl şekilleriniň diňe bir arzuwyň zerur däldigini, adama gözegçilik etmäge kömek edýän döredijilik prosesi we zatlary ýelimläp, suwuklygy buga öwrüp ýa-da tohumlaryň çişmegine we ösmegine sebäp bolup biljek energiýa akymlaryna gözegçilik ediň.
Bu energiýa akymlarynyň manysyna düşüneniňizden soň, beýniniň düýp manysyna düşünersiňiz we ylhamyň tebigy we duýgynyň adatdan daşary zat däldigini, ýöne adamyň islegi bilen ýüze çykarylyp we ulanylyp bilinjek kanunlara tabyn boljakdygyny görersiňiz.
Adama mälim bolan hemme zat ýaly, beýniniň güýji, ylmy terminologiýadan azat edilse we elýeterli görnüşde hödürlense, her kimiň düşünip biljek kanunlary bilen dolandyrylýar.
Sizi bu açyşlaryň haýran galdyryjy dünýäsi bilen tanyşdyraýyn.
Häzirki zaman fizikasy dinamiki işjeňligiň çäksiz, bölünmeýän ulgamy hökmünde görýär. Diňe ýaşaýar we yzygiderli üýtgemeýär, ähli düzüm bölekleri biri-birine täsir edýär. Başlangyç derejede, dinamika tutuş bir, bölünmeýän, her bir jisime we her bir herekete aralaşýan düýpsüz energiýa deňzine meňzeýär; hemmesi birdir. Bir söz bilen aýdylanda, häzirki wagtda alymlar müňlerçe ýyl bäri mistikleriň, jadygöýleriň we okkultistleriň aýdýanlaryny tassyklaýarlar.biz aýry elementler däl, eýsem ägirt uly bir zadyň bir bölegi.
Haçanda ot- çöpler alnanda,
Tutuş älem titreýär
Gadymy Upainşadlardan aýtmak
Häzirki zaman fizikasymaddy älem baradaky gharaýyşlarymyzy üýtgetdi. Häzirki wagtda hiçkim bölejikleriň esasy maddadan ybaratdygyny öňe sürmeýär: olardan sanap bolýar, energiýa şöhleleri bilen eremeli. Kwant böküşi diýlip atlandyrylýan duýdansyz hereketleri edip bilerler, käbir ýagdaýlarda bir, käbirlerinde arassa energiýa tolkunlary ýaly hereket edip bilerler. Hakykat akýar, hiç zat hemişelik däl, hemme zat üznüksiz hereket edýän modeliň bir bölegidir. Hatda gaýa, däli energiýanyň tansynyň netijesidir. Älem janly we dinamik, biz özümiz, oňa girip, onuň bir bölegi bolmak bilen, diri we dinamikda.
Älem- äpet gologramma
Golografiki täsiriň tapylmagyna sebäp bolan teoriýalar ilkinji gezek 1947-nji ýylda Dennis Gabor tarapyndan işlenilip düzüldi we açyşy üçin Nobel baýragyna eýe boldy. Gologramma, onuň düzüm bölekleriniň hersinde bar bolan hadysadyr. Mysal üçin ýyldyzbalygynyň belli bir golografiki täsiri bar. Eger onuň haýsydyr bir bölegini kesseň ol ýene öser. Mundan başga-da kesilen bölekden täze ýyldyz balygy ösüp biler: genetiki kody bölekleriň hersine ýerleşdirilipdir.
Birnäçe ýyl ozal gologrammalaryň sergisinde golografiki effekti ulanyp düşürilen suratlary gördüm. Olaryň birinde duran zenan şekillendirilipdir. Sag tarapdaky surata seredip, başga bir suraty gördüňiz: bir zenan çilim otlaýar. Çepe seredenimde surat ýene-de üýtgedi: zenan oýnawaç bilen bagryny öňe sürdi. Bu surat birden ýykylyp, köp böleklere bölünen bolsa, onda olaryň her haýsynda görmek isleýän zadyňyz bolmaz: zenanyň köwşüniň ýa-da köýneginiň bir bölegi ýa-da ýüzüniň bir bölegi, emmä zenanyň tutuş keşbi. Dürli tarapdan böleklere seredip, siz ýene-de şekiliň üýtgemegine göz ýetirersiňiz: zenan çilim otlaýar ýa-da özüne çekiji pozada doňýar. Her bölekde tutuş bir surat bar.
Indi hakykatyň aslynda gologramma we beýniniň işi hem golografiki täsire esaslanýar diýen netijä gelýäler. Biziň pikirleniş amallarymyz älem-ösüşiniň aşaky derejesi bilen köp meňzeş we şol bir “materiýadan” ybarat. Beýni golografiki älem-görkezýän gologramma. Bu üýtgeşik pikiriň awtorlary iki sany meşhur dünýä akyldary: London uniwersitetiniň fizigi Deýwid Bohm, Einişteýiniň talyby we älem kwant fizikasynyň yşyklandyryjylaryndan biri we Stenford uniwersitetiniň newrofiziology Karl Pribam. Tötänlikde, ylymyň dürli ugurlarynda işleýän açyşlaryny biri- birine düýbünden garaşsyz etdiler. Boh birnäçe ýyllap kwant fizikasynyň ähli hadysalaryny we adaty teoriýalaryny ulanmak bilen düşündürmek synanyşyklaryndan soňra älem–golografiki tebigaty barada netijä geldi. Pribam, adamyň beýnisiniň öwrenýän mahaly, adaty teoriýalaryň köp syrlary çözüp bilmejekdigini-de göz ýetirdi. Iki akym üçin golografiki model birden many bilen dolduruldy we ozal çözüp bolmaýan köp soraga jogap boldy. Netijelerini 1970-nji ýyllaryň başynda neşir etdiler. Olaryň eserleri, ylmy jemgyýetde gyzgalaňly seslenme tapdy, ýöne gynansak-da daşyn-da hiç wagt giňden tanalmady. Käbirleri muňa şübheli garadylar ( haýsy teoriýa beýleki ykbaldan gutuldy?) emma älemiň öňdebaryjy alymlarynyň köpüsi goldaýanlaryň hataryna goşuldy. Kembrij alymy we 1973-nji ýylda fizika boýunça Nobel baýragynyň eýesi Braýn Jozefson Bohm we Pribram teoriýasyny “hakykatyň manysyna düşünmekde öňe gidişlik” diýip atlandyrdy. Kanada ýurtlarynyň Şazenany uniwersitetiniň, hat-da “Ene bilen beýnimiziň arasyndaky köpri” atly kitabynyň awtory bolan fizik hem doktor Deýwid Peat hem bu pikir bilen ylalaşýar, “akyl amallarymyzyň köpleriň pikir edişinden has fiziki älem bilen has ýakyn baglanyşyklydygyny” öňe sürýär.
1979-njy ýylda Prinston uniwersitetiniň enžinerçilik we amaly ylymlar mekdebiniň dekany Robert. J. Jahn “maddy hakykaty ýüze çykarmakda äňyň roly” öwrenmek üçin programma düzdi. Müňlerçe synag geçireninden soň , aňdan we onuň kömekçileri beýniniň maddy hakykata täsir edip biljekdigini we tassyklamaga ähli esaslaryň bardygyny anykladylar. 1994-nji ýylda älemiň öňdebaryjy alymlary we mugallymlary Prinston uniwersitetine ýygnanyp, bu ajaýyp teoriýanyň ylymyň belli bir ugurlaryny nähili ösdürilip we ulanylyp bilinjekdigini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu açyş hakykatda hem adaty däl, şonuň üçin netijelerini iş ýüzünde ulanmak synanyşyklary hökmany suratda köp şübheler we ikirjiňlenmeler bilen baglanyşyklydyr.
Aň bilen maddy älem
iň täsiri häzirki wagtda fantastik bir zat ýaly bolup görünmeýär: aň iň inçe we iň dinamiki görnüşdäki energiýa. Bu hyýallarymyzyň akyl şekillerimiziň, isleglerimiziň we gorkularymyzyň hakyky wakalara näme üçin täsir edýändigine düşünmäge kömek edýär we beýniniň döreden şekiliniň nähili ýüze çykýandygyny düşündirýär.
Hakykatyň düýp manysy bilen baglanyşykly şeýle açyşlar, mundan beýläk-de gowulaşmagymyz we ösüşimiz üçin hereketlendiriji güýç bolup biler. Açyk we dinamiki älemiň bir bölegidigine we beýniniň hakykaty döretmekde wajyp rol oýnaýandygyna düşünip, adam durmuşa has işjeň we döredijilikli çemeleşip biler. Indi oňa gapdalda durup, gapdaldan nämeleriň bolup geçýändigini synlamak zerurlygy ýok; täze açyşlar gapdal tarapynyň ýokdygyna we hiç haçan bolmandygyna düşünmäge mümkinçilik berýär. Hemmesi özara täsirine esaslanýar. Nirä gitsek we näme etsek, pikirlerimiz daş-töweregi hakykaty döredýär.
Eýnşteýn bir gezek: “ täze teoriýanyň açylmagy,täze we has giň panorama açylanda daga çykmak ýalydyr”-diýdi.bu kitaby okanyňyzda saňa näme bolýar. Hakyky mümkinçilikleriňizi açanyňyzdan soň, akyl taýdan “ýokary galmagyňyz” bilen sylaglanar.
Horatio – Daniýanyň şazadasy Hamlet William Şekspiriň betbagtçylygynda keşpdir. Hamletiň Wittenberg uniwersitetinde bile okan dosty.
Gologramma-belli bir ýerden tolkunlaryň päsgelçiligi bilen köpeldilýän üç ölçegli şekil.
Terjime eden: Oguloraz Orsberdiýewa.
Ýöriteleşdirilen dil dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän 97-nji orta mekdep