Bu kitap Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkiýäniň iň abraýly guramalaryndan Ýewraziýa Ýazyjylar Bileleşigi tarapyndan “Bengü” çaphanasynda 1000 nusgada neşir edildi. Awtoryň 10 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanda, Özbegistanda we Türkiýede geçirilen ylmy-barlaglarynyň netijesinde taýýarlanan bolup alty bapdan ybaratdyr: 1-Şahyryň durmuş ýoly, 2-Önüp-ösen edebi gurşawy, 3-Sungata düşünişi, 4-Diwany, 5-Magtymguly gözlegleri taryhy 6-Eserlerinden saýlamalar.
Birinji bölümde şahyryň terjimehaly, maşgala durmuşy, doglan we aradan çykan senesi boýunça giňişleýin ylmy-seljermeler bar.
Ikinji bapdaky iň möhüm ugurlaryň biri hem Magtymgulynyň Andijan medresesinde okandygy baradaky maglumatlarynyň, ähli resminamalar bilen birlikde ilkinji gezek jikme-jik düşündirilmegidir. Mundan başga-da, Horezm, Hywa we Mawerennahyr edebiýat gurşawy barada maglumat berildi we Magtymgulynyň özbek edebiýatyna edýän täsiri nygtaldy.
Üçünji bölümde şahyryň edebi şahsyýeti we sungaty düşündirilýär. Bu ýerde şahyryň edebi, ylmy, filosofiki, dini we mistiki pikirleri, garaşsyzlyk ideýasy, jemgyýetçilik tankytlary üstünde durup geçilýär. Türk dünýäsinde Magtymgulynyň hatyrasyna ýazylan edebi žanrlar, alymlaryň, syýasatçylaryň, medeniýet we döwlet işgärleriniň sözleri hakynda maglumat berildi.
Dördünji bölüm “Magtymguly Diwany” diýip atlandyryldy. Bu ýerde diwanyň tehniki aýratynlyklary, diwanlaryň neşir edilmegi prossesi we mazmuny, şahyryň ulanýan edebi dili we stili, golýazmalary, Horezmli bagşylaryň repertuaryndaky goşgular we şu güne çenli neşir edilen diwanlara goşulmadyk Magtymguly goşgulary agzalýar.
Bäşinji bölüme “Magtymguly gözlegleriniň taryhy” diýilýär. Bu ýerde şahyr hakda Ýewropa, Amerika, Russiýa, Türkiýe, Azerbaýjan, Tatarstan, Özbegistan, Garagalpakstan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Gruziýa, Ermenistan, Owganystan, Eýran, Moldowa, Ukraina, Latwiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Hytaý we Malaýziýa ýaly ýurtlarda edilen gözlegler hakynda maglumat alyp bilersiňiz.
Altynjy bap bolsa, diwan edebiýatynyň däbine görä tertibe salnyp Magtymguly şygyrlaryndan saýlamalara bagyşlanan.
Galyberse-de bu eser Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidentine sowgat edilmek maksady bilen täze goşmaçalar bilen TÜRKSOÝ tarapyndan hem türkmen, özbek, gazak, gyrgyz, azerbaýjan we täjik dillerinde bir nusga hökmünde neşir ediliş tapgyrynda.
Garaz; Magtymguly baý Gündogar edebiýaty bilen bir hatarda türkmen halkynyň baý edebi mirasyny öwrenip, halkyň ruhuna ýugrulan eserleri döredip, külli türkmeniň milli şahyryna öwrülmegi başarypdyr. Oguz Han, Gorkut Ata, Görogly, Alp Arslan we Soltan Sanjaryň gahrymançylykly hekaýalary bilen önüp-ösen Türkmenler; Magtymguly atamyzyň düýbüni atan agzybirlige çagyryş teklipi bilen bir supranyň başynda birleşmegi başarandygyny we bu ideany hem-de milli erkini Garaşsyz, Baky Türkmenistan Respublikasy bilen täçlendirendigini bu şanly senede ýene-de görkezendir.
Aýdar Magtymguly, sözüm älemdir
Nesihatym uly ile ylymdyr…
Dr. Emrah Yılmaz
Semerkant Devlet Üniversitesi,
Türkoloji Araştırmaları Enstitüsü