JEMGYÝET

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi

Şu gün, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Arkadag şäherinde utgaşykly görnüşde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi.

Şu ýyl Assosiasiýanyň mejlisiniň dünýä meşhur behişdi bedewleriň watanynda – türkmen topragynyň ajaýyp künjekleriniň birinde gurlan täze Arkadag «akylly» şäherinde geçirilmeginde aýratyn many-mazmun bar. Bu ýerde forumyň geçirilýän ýeri bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy ýerleşýär.

Bu ýerde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisine gabatlanyp sergi hem guraldy. Sergide behişdi bedewlere bagyşlanan şekillendiriş, amaly-haşam, halyçylyk we zergärçilik sungatynyň eserleri, fotosuratlar görkezildi.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň dekabr aýynda Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi. Munuň özi türkmen atşynaslarynyň we seçgiçleriniň köp nesilleriniň tagallalary bilen döredilen behişdi bedewleriň janly sungat eseri diýlip ykrar edilmeginiň subutnamasy boldy.

Mejlisiň jemleri jemlenende, bu gün ahalteke atçylygyny ösdürmegiň möhüm meselelerine garalandygy, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň atşynaslarynyň, alymlarynyň we beýleki ugurdaş hünärmenleriniň netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, onuň ugurlaryny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklandyklary bellenildi. Munuň özi ahalteke bedewlerini, olaryň dünýä atçylygyndaky taryhy ornuny çuňňur öwrenmäge, behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmek, terbiýelemek we seýislemek ulgamynda mundan beýläk-de tejribe alyşmaga ýardam eder, şeýle hem behişdi bedewleriň muşdaklarynyň sanyny artdyrmaga gönükdirilen işlere täze itergi berer.

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi