SIZDEN GELENLER

Diýarymyz – sagdynlygyň mekany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda keselleriň öňüni almak, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, anyklaýyş-bejeriş işlerini kämilleşdirmek, döwrebap lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, derman senagatyny ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň netijesinde eziz Diýarymyz sagdynlygyň mekanyna öwrüldi.

Ynsan ömrüniň bagtyýarlyga, ýaşaýşynyň abadanlyga beslenmeginde saglygyň gadyr-gymmaty bimöçberdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda halkymyzyň saglygy babatda taýsyz tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan ägirt uly işler bu gün ynsan saglygynyň kämil goraglylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, täze hassahanalar, dynç alyş-sagaldyş merkezleri we başga-da saglyk maksatly birnäçe binalar guruldy hem-de bu ugurda ýene-de ençeme desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar.

Soňky ýyllarda «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň», «Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň», «2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýanyň», «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň», «Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýanyň» kabul edilmegi we üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň pugta hukuk binýadyna daýanýandygyny görkezýär. Şunda olaryň döwrüň talaplaryna we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny aýratyn nygtamak zerur.
Diýarymyzyň çar künjeginde şypahanalaryň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, dürli ugurlara ýöriteleşdirilen hassahanalaryň onlarçasynyň gurulmagy ilata saglygy goraýyş boýunça edilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Ajaýyp hem-de eşretli zamanamyzda raýatlaryň saglygyny goramakda, bagtyýar, sagdyn, eşretli durmuşyny üpjün etmekde dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Muny hormatly Prezidentimiziň: “Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar. Şoňa görä-de, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek, saglygy goraýşy we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça köp işler amala aşyrylýar” diýen dürdäne sözleri hem aýdyň tassyklaýar.

Raýatlaryň, esasan hem, ýaş nesilleriň sagdyn, ruhubelent, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmekleri, ýaramaz endiklerden daşda durmaklary babatda alnyp barylýan işler häzirki wagtda barha giň gerime eýe bolýar. Döwletimizde adam we onuň saglygy baradaky aladanyň elmydama üns merkezinde durýandygynyň güwäsine öwrülen bu işlere goşant goşmak her birimiziň borjumyzdyr.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Şunda bejeriji dermanlaryň, melhemleriň tebigy bolmagyna has-da ähmiýet berilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabyna aýratyn orun degişlidir.

Bu ylmy işde türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler we milli fitoterapiýa barada söhbet açylýar. Ýerli dermanlyk otlaryň birnäçe görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň we miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby milli lukmançylygymyzy ösdürmek bilen, pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini jemleýän kämil nusgadyr. Kitapda dermanlyk ösümlikler barada ylmy nukdaýnazara esaslanýan maglumatlar berilýär.

«Adam özüniň ýaşaýşy üçin zerur bolan ähli zatlary tebigatdan alýar. Türkmen tebigaty bolsa dermanlyk ösümliklere örän baýdyr» diýip belleýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bereketli türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler barada giňişleýin maglumatlary özünde jemleýän bu ylmy-ensiklopedik işi daşary ýurt dillerine-de terjime edilip, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan höwes bilen okalýar hem-de öwrenilýär.

Halkyň saglygy barada yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan tutumly işleriniň rowaçlyga beslenmegini arzuw edýäris.

Merjen Annamyradowa,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.

 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri