DÜNÝÄ

Hindistan ilaty bilen rekord goýdy

Hindistan ilaty boýunça dünýäde rekord goýdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň beýanatyna görä, Hindistanyň ilaty 1.442 milliard adama deň boldy. Bu hem dünýäde täze rekord görkeziji boldy.

Dünýäde ilat sany boýunça ikinji orny Hytaý eýeläp, bu ýurduň ilaty 1.425 milliard hökmünde kabul edilýär. Hindistanyň ilatynyň artmagy ýurtda durmuş-ykdysady ýagdaýynyň gowulanmagy bilen baglanyşyklydyr. BMG-niň Ilat gaznasynyň beýanatyna görä, 1990-njy ýylda Hindistanda enäniň ölüm sany 26 göterim bolan bolsa, 2020-nji ýylda bu görkeziji 8 göterime çenli azaldy. Bu hem ýurtda enäniň we çaganyň salgynyna berilýän hyzmatlaryň hiliniň has-da ýokarlanmagyna bagly bolup durýar.

Ilat gaznasynyň taýýarlan maglumatyna görä, Hindistanyň ilatynyň 26 göterimi ýaşlar düzüp, olar 10-24 ýaş aralygyndaky ýaşlardyr. Ýurtda ýaş dowamlylygy erkeklerde 71 ýyl, zenanlarda bolsa, 74 ýyl hökmünde çaklanylýar.

2011-nji ýylda Hindistanda geçirilen ilat ýazuwynyň çäklerinde ilat sany 1.21 milliarda deň bolupdy.

BMG-niň hasabatyna görä, Hytaýyň ilaty 2022-nji ýylda 1.426 milliarda deň bolupdy.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri