Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

 Italýan enesi

Men indi bir döwürler «Hemme ýollar Rime barýar» diýilýän gadymy  şäherde indi üç günden bäri terslin-oňlyn gezip ýörün. Bu ýerde her bir ädimde saňa täzelik garaşýar.

Men ertekileň dörän ýerine barýan ýaly ýuwaşjadan ädim urýan hemem uly dünýäde öz çotgalary bilen yz galdyran Lenoardo do Winçi, Mikalanželo, özüniň «hiç zat bilmän geçendigini» aýdan beýik Sokratam, ýene-ýene dünýä gaty köp zat beren ägirtler meniň barýan ýolumda aýakýalaň yzlaryny galdyrandyr diýip pikir edýän.

Kör Gomeriňem, patyşa Sezeriňem, beýik Aristoteliňem ilki gundalan topragy şu ýeri bolmaly. Hanha-da gadymy Gladiatorlaryň biri-birine ýarag çeken galasy. Galanyň ýarym egni çöküpdir. Onda-da ol özüniň syryny pugta saklap seniň göresiňi getirýär. Golaýlaşaňda bolsa gulagyňa galkandyr gylyjyň sesi eşidilen ýaly bolýar.

 Bu ýurtda meniň gören zatlarym biri-birinden haýran galdyrýardy. Ynha-da akar çeşmäniň gyrasynda gurlan ajaýyplyk. Uly howzuň bir gyrasynda «ganatly» çagajyklar gaýyşyp ýör. Olar hiç-haçan garramaýar. Şonuň ýalam ýylgyrmaýar.

        Meniň görüp-eşiden zatlarymyň içinde has täsir edeni kitaplar boldy.

Maňa bu ýerde has berk ýaran zat kitaplara bolan hormat. Giň meýdan – plazma dürli owadan oturgyçlardan doly. Niçikmi adamlar oturgyçlarda dyzyny epenlerinde ýerden çykan ýaly birtopar oglanlar peýda bolýar – goltuklaram kitaplardan doly. Soňam ýaş ýetginjekleriň owazly sesi eşidilip başlanýar.

– Senýor, siz haýsy kitaby halaýaňyz? Balzagymy ýa Amaduwymy?

– Belki siz ruslaryň «Anna Kareninasyny» gowy görýänsiňiz? Ýa-da meşhur Deýliniň dostlaşmaga çagyrýan kitabyny söýýänsiňiz?

– Senarito, siz nähili kitaby isleýärsiňiz? Heminguýeýimi ýa Sweýhimi ýa-da Jek Londony?

Adamlar hormat bilen goltugy doly oglanlaryň kitabyny alyp, olara minnetdarlyk bildirýärler. Bi ýerde ne şu ýere goluňy çek ýa-da pylança pul töle diýlenok. Okap bilseň bolany. Men öz içimden şeýle pikir edýärin. Kiatba şeýle hormat goýýan halky heýem bir ýeňip bolarmy.

Men olaryň birine ýüzlenip şeýle diýdim.

– Sizde Gündogaryň eserleri ýokmy?

Oglan az-kem diňşirgendi-de şeýle diýdi.

–  Bar, ýöne ol biziň öýmüzde-dä. Men häzir alyp geleýin…

Ol şeý diýip nirädir bir ýere ýazzyny berdi. Az salymdanam elime Magtymgulynyň iňlis diline terjime edilen kitabyny tutdurdy. Men ýat ýurtda hossarymy gören ýaly ýerimden turdum. Kitabyň birýan ýüzünde oduň ýalnynyň çabyran ýeri bardy. Oglan meniň bolşuma müýnürgäp gepledi.

– Bagyşlaň senýor, kitabyň daşyna az-kem oduň ýalyny çabyranam bolsa, sahypalaryna zeper ýeten däldir. Muny enem pahyr köp okardy. Bir gün onuň ýaşaýan otagyna gazdan ot düşende ol özüniň elini otdan gorap bilmedigem bolsa, kitaby gorap ýetişipdir… Ýogsa-da aýtsaňyzlaň, bu kitabyň manysy näme? Men enemden kitap hakynda soramda ol şeýle sözleri aýdardy: «Kitap hakynda gara ýeri basgylap ýören adamlaryň hiç haýsam aýdyp bilmez. Onuň manysyny diňe ýerden üzňe adamlar tirip biler…».

Oglanjygyň bu sözleri meniň akylymy haýran etdi. Sebäp men Magtymguly hakynda kän zatlary okapdym. Ýöne italýan enesiniň «Aýagyň ýerden üzňe bolmasa, oňa baha berip bilmersiň» diýen sözüne hiç gabat gelmändim. Men kitaby kükregime basyp esli salym oturdym. Oglanjyk ýüzüme seredip şeý diýdi.

–  Kitaby ýazan kim?

Men buýsançly gepledim.

–  Ol türkmen – biziňki!

Oglanjyk başyny galdyrdy.

–  Enem-ä uly dünýäniňki diýýädi…

Men muňa çaga ýaly begendim. Oglan sözüni dowam etdi.

– Ýekeje adam bütin bir halky dünýä tanadýar! Şeýle toprak buýsançlydyr.

Başga ýurtda öz ýurduň eseri hakynda şeýle garaýyşlary diňlemek ýakymlydy. Bu täsindi, onda-da gaty täsindi. Aksaç ene öz goluny oda berýär, ýöne kitaby – Magtymgulyny gorýar.

Kimdir biri bu sözleri maňa aýdan bolsa, men oňa kynlyk bilen ynanardym. Häzir bolsa o sözleri päk ýürekli, arassa kalply oglanyň dilinden eşidýän.

Oglan soňam şeýle sözleri aýtdy.

– Ýagşy sözüň nirede aýdylanynyň tapawudy ýok, ol uly dünýäni gezýä…

                                                                                    Öwezmyrat ÝERBENDI.

 

Bellik: Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny şöhratlandyrmak, ýaşlary akyldar şahyra bagyşlanan kämil eserleri döretmäge höweslendirmek maksady bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly döredijilik bäsleşiginden ötüri “galam hakly” döredijilik işini yglan edýär. Emeli Intellektiň mümkinçiliklerinden peýdalanyp geçirilýän döredijilik işi “Ak Tam” hojalyk jemgyýetiniň hemaýat bermeginde geçirilýär.

Şeýle hem ýakyn wagtda saýtymyzdan bu makalany iňlis we türk dillerinde  okap bilersiňiz. Emeli intellektiň üsti bilen ýörite wideo taýýarlap, “Atavatan Tv Youtube” kanalyna we www.atavatantv.com saýty bilen dünýäniň tomaşaçylar köpçüligine ýetireris. 

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet baradaky taglymaty

Pyragy iňlisçe şirin ýaňlanýar

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda keramatly şahslar barada

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary milli terbiýäniň pähim akabasy

Magtymguly – telekeçi şahyr

Baky gelen ýok diýseler ynanmaň!