JEMGYÝET

Indiki hepde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçiriler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda 2026-nji ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda amala aşyrylan işleriniň jemleri jemlendi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz ýerine ýetirmeli işleriň, amala aşyrylmaly çäreleriň, öňde durýan wezipeleriň köpdügine ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz indiki hepdede Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, onda geçen 2025-nji ýylda alnyp barylýan işleriň jemleriniň jemleniljekdigini, kabul edilen maksatnamalaryň we berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň seljeriljekdigini we käbir meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.

Related posts

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleri Aşgabatda duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Dünýäniň iň çalt aýlanýan jisimi

vepa