JEMGYÝET

Dünýäniň iň baý adamy aýaly bilen aýrylyşýar

Dünýäniň iň baý adamlarynyň hatarynda durýan hem-de dünýä belli “Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýtsiň aýaly bilen aýrylyşýandygy mälim edildi. Ol aýaly Melinda Geýts bilen aýrylyşmak kararyna gelendigini mälim etdi.

Taraplar bu barada “Twitter” jemgyýetçilik torundan beren beýanatynda, bilelikdäki durmuşyny, ýagny nikasyny bes etmek kararyna gelendiklerini mälim etdiler.

27 ýyldan bäri bilelikde ýaşan Bill we Melinda Geýtsiň 3 çagasy bar. Bu jübütiň bilelikde döreden “Bill&Melinda Geýts” gaznasynyň bahasy 45 milliard dollara deňdir.

Bu barada beýanat beren Bill Geýts Melinda bilen gaznasy arkaly işlerini bilelikde dowam etdirjekdiklerini belläp geçdi.

 

Ministrleriň telefon arkaly söhbetdeşligi

Related posts

Hindistanda ilkinji ýokary tizlikli otly

vepa

“Rönesans Holding” alternatiw energiýa pudagynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýar

Milli Liderimiz ahalteke atlarynyň Halkara gaznasyny döretmegi teklip etdi