JEMGYÝET

Russiýanyň iň baý adamy mälim boldy

Russiýadaky iň baý adam mälim boldy. Ol «Norilsk nikel» metallurgiýa kompaniýasynyň eýesi we prezidenti Wladimir Potanindir.

Potaniniň baýlygy 32 milliadr dollardan ybaratdyr. Onuň 2021-nji ýylyň başyndan başlap, 622 million dollar ýitirendigi we iki milliardan hem köpräk peýda görendigi bellik edilipdir.

Bu ýerde ikinji orny 28,4 milliard dollar baýlygy bilen «Nowolipesk» metallurgiýa zawodynyň eýesi Wladimir Lisin eýeledi.

Russiýadaky iň baý zenan bolsa «Wildberries» onlaýn dükanyny esaslandyryjy Tatýana Bakalçukdyr. Ol ýylyň başyndan öz baýlygyny 9,53 milliarda göterip, 443 million dollar gazandy.

      Ozal Russiýanyň in baý adamy 29,1 milliard dollar baýlygy bilen «Sewerstal» kompaniýasynyň direktorlar geňeşigiň başlygy Alekseý Mordaşow diýip hasaplanýardy. Ýöne ol indi üçinji orunda.

 

Baýramaly şypahanasy

 

 

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar