JEMGYÝET

Arkadag şäherinde atçylyk boýunça çeper filmi surata düşüriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde bolup, «At — myrat» okuw merkeziniň çagalary hem-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy, şeýle hem onuň dowamynda akademiýanyň rektory P.Baýramdurdyýewiň we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejebowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Onda atçylyk bilen baglanyşykly soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri iş maslahatynyň barşynda atçylyk ugry boýunça şu ýylyň dowamynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasynyň taýýarlanylýandygyny, bu işlerde kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde atçylygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri, atşynaslaryň, seýisleriň we çapyksuwarlaryň kämil nesillerini döretmek ugrunda edilýän tagallalary öz içine alýan çeper filmiň surata düşürilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, bu babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi.

Related posts

İhaleler: Cam Fabrikası’nın ürünlerinin yurtdışına pazarlanması

vepa

“Gazprom” Türkmenistandan 10,6 milliard kubmetr tebigy gaz satyn aldy

Afganistan’da Kalıcı Barış Bölgesel Entegrasyon ile Sağlanacak

vepa