Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Magtymgulynyň britan golýazmasy

Şu günki ýaly ýadymda. Orta mekdebiň 9-njy synpynda okaýarkam tagta geçip Magtymgulynyň döredijiliginden geçilýän sapaga jogap berip durdum. Türkmen dili we edebiýaty dersinden okadýan mugallymymyz Annageldi Durdyýew birden maňa garaşylmadyk sowaly berdi.

– Magtymgulynyň haýsy ýurtlarda golýzamasy saklanýar?

Kimden eşidenimi bilemok, sowala säginmän jogap berdim.

– Beýik Britaniýada.

Mugallym jogabymdan kanagatlandy.

Soň orta mekdebi tamamlap Magtymguly Pyragynyň mirasyny öwrenmäge ýykgyn edip, beýik akyldaryň dünýäniň dürli ýurtlarynda saklanýan golýazma eserleri hakynda kän gyzyklandym. Ýöne şo-ol mekdepde sapaga jogap berip duranymdaky pursatym weli hemişelik ýadyma düşüp, dana akyldaryň Angliýadaky golýazmasyny görmek arzuwy kalbymyň bir ýerinde ýaşaýardy.

Adam bir zady çyny bilen arzuw etse ýetermiş diýýänleri dogry eken. 1992-nji ýylda Beýik Britaniýadaky «Magtymgulynyň dostlary» jemgyýetiniň çakylygy bilen Magtymgulynyň şygryýet günlerine gatnaşmak üçin ol ýurda diýip ýola düşenimde esasy arzuwym Britan muzeýindäki golýazmany görmek bolupdy. Oýlanýardym: «Nähili gowulyk! Nesibe. Bu uy bagt ahyry!».

Ine-de men Angliýada ýaşaýan arkadaşymyz doktor Ýusup Azmunyň tagallasy bilen köp mähelleli Londonyň merkezindäki Britan muzeýinde durun.  Meniň nesibäme muzeýiň Gündogar bölümine milleti boýunçä iňlis, musulman dinini kabul edensoň özüne Muhammet Isa Weýli diýen tahallusy alan, rus dilini suwara bilýän, tejribeli alym ýolbaşçylyk edýär eken.

Golýazmany elime alyp, üç ýola ýüzüme syldym. Şeýdibem golýazma bilen tanyşlyk başlandy.

Kitabyň asyl eýesiniň ady eýranly türkmen Gylyçmuhammet Ownuk bolup, ol bu gymmatly golýazmany rus ýigidi Denisow diýen birine beripdir. Şeýlelik bilen golýazma 90 ýyl mundan öň – 1934-nji ýylyň 10-njy fewralynda  Denisowdan bu ýere düşüpdir.

Şu ýerde bir zady – bu golýazmanyň Magtymgulynyň öz eli bilen ýazan golýazmasy däl-de, göçürme nusgadygyny bellemeli.

Golýazmanyň daşy täzelenip, gögümtil küti, berk mata bilen örtülipdir. Onuň içki sahypalary ýüpekden we kenep tarlarynyň garyndysyndan taýýarlanypdyr. Golýazmanyň içki sahypalary könelişen-de bolsa, ondaky gara syýa bilen ýazylan ýazgylar öz suduryny saklapdyr.

Köne türkmen ýazuwyndaky ktabyň ikinji sahypasynda «Günäden toba etmek, myhmana hormat etmek, karz üzmek, merhumy jaýlamak parz işlerdir» diýlip ýazylypdyr.

Golýazma Magtymgulyň «Turgul» diýdiler» goşgusy bilen baglanýar. Golýazma dürli döwürlerde, dürli hatdatlar tarapyndan göçürilipdir, muny olaryň galam ýörediş aýratynlyklary mese-mälim görkezýär.

Golýazmanyň dowamynda şahyryň «Dünýä, heý», «Haky çün», «Gelse gerekdir», «Nuksana gelgeý», «Batdy, ýaranlar» atly dini häsiýetdäki goşgular sahypalaryň dowamynda yzygiderli gelýär. Şu goşgulardan soň ýene hat üýtgeýär, ýöne kagyz öňki kagyz.

«Bagyşla bizni», «Öňi-ardy bilinmez», «Depe nedir, düz nedir»,  «Göze myhmandyr», «Är ýanynda bellidir», «Ýeldim tut», «Köýmän ýigide», «Kylgyl namazy», «Bir alladyr» ýaly goşgularyň ýazylyşy Eýran tarapda kämil hatdat tarapyndan göçürilendigine güwä geçýär.

Golýazmadaky «Boldum girýana», «Harap eýlär», «Köz bile», «Gul bolgul» atly goşgularyň sahypalarynyň gyrasy dürli çyzgylar bilen haşamlanypdyr. Muhammet Isa Weýliniň pikirine görä bu goşgulary Gylyçmuhammediň öz göçüren bolmaly.

Ýene bir bellemeli zat – golýazma giren goşgularyň käbiriniň biziň döwrümize gelip ýeten nusgalar bilen deňeşdireniňde käbir üýtgeşmelere eýe. Meselem, «Göze myhmandyr» goşgusyndaky «Gara daşdan gara gyly saýlan göz» – diýen setirler golýazma «Sary ýagdan gara gyly saýlan göz» – görnüşinde giripdir.

Şular ýaly üýtgeşmeler golýazmayň başga-da birnäçe ýerinde gabat gelýär. Kitabyň ahyrynda şahyryň «Ata meňzär» we «Bilal bar» goşgulary bar.

Bu gymmatly golýazma Magtymgulynyň goşgulary bilen bir hatarda  Şeýdaýynyň, Şabendäniň, Talybynyň, Zeliliniň, Seýdiniň Döwletýaryň, Ýomut Özbegiň, Bende Myradyň, Talybynyň goşgulary-da girizilipdir.

Golýazmanyň ahyrky sahabynyň bir çetine käbir dogalar ýazylypdyr.

… Ine-de maňa golýazma bilen tanyşmak üçin bölünip berlen wagt tamam boldy. Men göýä uzak ilde dana akyldaryň özi bilen duşuşan ýaly duýgulary başdan geçirip ýola düşdüm.

Bu ajaýyp pursatlar meniň ömrümiň iň ýakymly, ýatdan çykmajak pursatlary hökmünde ýadymda hemişelik galdy.                                                                          

                                                                                  Atamyrat ŞAGULYÝEW.

 

 Bellik: Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny şöhratlandyrmak, ýaşlary akyldar şahyra bagyşlanan kämil eserleri döretmäge höweslendirmek maksady bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly döredijilik bäsleşiginden ötüri “galam hakly” döredijilik işini yglan edýär. Emeli Intellektiň mümkinçiliklerinden peýdalanyp geçirilýän döredijilik işi “Ak Tam” hojalyk jemgyýetiniň hemaýat bermeginde geçirilýär.

Şeýle hem ýakyn wagtda saýtymyzdan bu makalany iňlis we türk dillerinde  okap bilersiňiz. Emeli intellektiň üsti bilen ýörite wideo taýýarlap, “Atavatan Tv Youtube” kanalyna we www.atavatantv.com saýty bilen dünýäniň tomaşaçylar köpçüligine ýetireris. 

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet baradaky taglymaty

Pyragy iňlisçe şirin ýaňlanýar

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda keramatly şahslar barada

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary milli terbiýäniň pähim akabasy

Magtymguly – telekeçi şahyr

Baky gelen ýok diýseler ynanmaň!