TEHNOLOGIÝA

“Apple” kompaniýasy Aziýadaky iň uly dükanyny Hytaýda açdy

Amerikanyň “Apple” kpmpaniýasy Hytaýyň Şanhaý şäherinde özüniň iň uly, dünýäde bolsa ululygy boýunça ikinji dükanyny açdy. Onuň açylyş dabarasyna kompaniýanyň ýolbaşçysy Tim Kuk hem gatnaşdy.

Bu dükan Şanhaýdaky 8-nji dükan bolup, ol şäheriň işewürlik merkezinde Szinansy meýdanynda ýerleşýär. Kompaniýanyň habar bermegine görä, dükanda 150-den gowrak işgär işläp, olar müşderilere iňlis, ýapon, koreý, nemes, ispan we malaý dilleri bilen bir hatarda hytaý diliniň 25 dialektinde hyzmat eder.

Tim Kuk Hytaýyň bazaryna önümlerini ýerleşdirmegiň möhümdigini belläp, hytaýly hyzmatdaşlary bilen yzakmöhletleýin esasda işlemäge taýýardyklaryny belledi.

“Apple” kompaniýasy Hytaýda 30 ýyldan gowrak wagt bäri işleýär.

Related posts

Özbegistan 1 million ýeňil awtoulag öndürer

Ata Watan Eserleri

4 Dilde gürleýän Sözlük: Makul Sözlük Rus dilinde

Ata Watan Eserleri

“Google”-dan täze funksiýa