Bagtyýarlygyň, abadançylygyň we belent maksatlaryň amala aşýan ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni uly dabaralar bilen bellenilýär. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki ajaýyp giňişlige — döwlet derejesinde geçirilýän bu baýramyň uly dabaralara beslenýän ýerine Milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Nowruz ýaýlasy» diýlip at dakyldy.
Pasyllaryň soltany baharyň gelmegi bilen, tutuş tebigat janlanýar. Bu paslyň kalbyňy heýjana salýan, gözelligine bendi edýän jadysy bar. Ýene sanlyja günlerden ýurdumyzda Halkara Nowruz güni — Milli bahar baýramy giňden bellenilip geçiler. Baharda giňden bellenýän nurana baýramlaryň biri bolan Halkara Nowruz güni — Milli bahar baýramy özünde owadanlyk, täzeleniş, tebigy özgeriş we zemin görklenişini jemleýär. Gije bilen gündiziň deňleşmegi, ýaýlanyň ýaşyl mahmala beslenmegi tebigatyň täzelenişini we sazlaşygyny dabaralandyrýar.
Nowruz baýramyny bellemek öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, indi ençeme asyrlardan bäri uludan bellenilip gelinýär. Magtymguly Pyragynyň: «Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» diýip belleýşi ýaly, Nowruzda tebigatda hakyky janlanyş başlanýar. Täzeçilligi buşlaýan bu baýram ynsan kalbyny janlandyrýar, ruhuny göterýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda her ýylyň 21-nji marty «Halkara Nowruz güni» diýlip yglan edildi. Nowruz baýramynyň däp-dessurlary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Taryhyň ähli döwürlerinde-de bu baýramyň däpleri alysdaky we golaýdaky halklar bilen medeni gatnaşyklaryň berkemegine hyzmat edipdir.
Ynsan kalbyny ýagşy niýetlerden doldurýan bahar paslynyň hoştap howaly günlerinde bellenilýän Nowruz baýramynyň şatlygy agzybir halkymyzyň göwnüni göterip, has-da joşdurýar. Milli bahar baýramy mynasybetli Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk dabaralary agzybir halkymyzyň abadan we parahat durmuşynyň, berkarar döwletimiziň rowaçlygynyň, özgerişleriniň ajaýyp owazy bolup dünýä dolýar.
Taryhçylaryň käbiri Nowruz baýramynyň döreýşini gadymyýetde ýaşap geçen meşhur patyşa Jemşidiň ady bilen baglanyşdyrýarlar. Aslynda, biz bu çaklamany dogry hasaplap bileris. Sebäbi, belli taryhçy Salar babanyň we Abulgazynyň berýän eserlerinde, bu barada maglumat berilýär. Nowruz baýramynyň döreýşi Gün bilen baglydyr. Bahar paslynyň gelmegi bilen Gün hamal ýyldyzlar toparynyň gyrasyndan girýär. Gadymy Gündogar halklary bu güni Täze ýyl hasaplapdyrlar. Ol sene bolsa, 21-nji Marta gabat gelýär. Şonuň üçin oňa Nowruz – Täze gün – Täze ýyl diýipdirler.
«Nowruz» täze gün diýmegi aňlatmak bilen, onda gyz-gelinler dürli milli tagamlary taýýarlapdyrlar. Läle kakyp, monjugatdy oýnapdyrlar. Şeýle hem «Şaman ody» ýakylyp, oduň üstünden böküpdirler. Ýigitlerimiz bolsa göreş tutup, ýaglyga towsup, at çapyp, baýramçylygy uly şowhun bilen belläpdirler.
Nowruz baýramynda türkmen halkynyň milli tagamy bolan semeni taýýarlanylýar. Ony taýýarlamak üçin arassa guş-gursak bugdaýy ýalpak gaba guýup, ýyly otagda saklamaly, onuň üstüne günde suw sepeläp durmaly. Ol bugdaý şineläp, ýedi günde gök maýsa bolup gögerýär. Soň gögeren maýsany alyp üwemeli. Gyz-gelinler şol gök maýsadan bir çümmük alyp, boýun bagjygyna dakýarlar, çünki ol bagt, rysgal getirýär diýen ynanç bar. Semenini gaýnatmaga ähli goňşular gatnaşýar. Ýedi goňşudan bir okara un getirip, semenä öz goşandyny goşýarlar. Ol, esasan, gyz-gelinler tarapyndan taýýarlanylýar, ýöne semenini dynuwsyz bulamak üçin güýçli gollar gerek bolýar, onuň üçin ýaş oglanlar hem kömekleşýärler.
Bekmyrat Tagangulyýew,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy.