SPORT

Çempionalar ligasynyň 1/4 finalynyň bijeleri çekildi

Şu gün Nýon şäherinde UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynyň bijeleri çekildi. Şoňa laýyklykda, “Real Madrid” – “Mançester Siti” bilen duşuşar. “PSŽ” topary bolsa, ozalky 6-1 hasaply duşuşykdaky garşydaşy “Barselona” bilen duşuşar.

1/4 finalyň duşuşyklary

«Arsenal» – «Bawariýa»

«Atletiko» – «Borusiýa Dortmund»

«Real Madrid» – «Mançester Siti»

«PSŽ» – «Barselona»

1/2 final 

«Atletiko» – «Borusiýa Dortmund» / «PSŽ» – «Barselona»

«Arsenal» – «Bawariýa»/ «Real Madrid» – «Mançester Siti»

Çärýek finalyň ilkinji duşuşyklary 9-10-njy aprelde, jogap duşuşyklary 16-17-nji aprelde geçiriler.

Ýarym finalyň duşuşyklary 30-njy aplre we 1-nji maý, jogap duşuşyklary 7-8-nji maýda oýnalar.

2024-nji ýylyň Çempionlar ligasynyň finaly bolsa, 1-nji iýunda Angliýanyň London şäherindäki meşhur “Uembli” stadionynda geçiriler.

Ýene-de okaň

Awazada Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek küşt boýunça Gran-pri ýaryşy badalga aldy

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy