JEMGYÝET

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidentiniň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşiklerde Türkmenistanyň maýa goýum özüne çekijiligini gowulandyrmak maksady bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, halkara hyzmatdaşlygy we ÝTÖB bilen bilelikde öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly täze taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistan üçin 2019-2024-nji ýyllar boýunça ýurtlar strategiýasynda görkezilen ulag-logistika, maglumat tehnologiýasy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, howanyň üýtgemegi we milli eksporta gönükdirilen kompaniýalary goldamak boýunça meseleleriň toplumyna seretdiler.

M.Bouman hyzmatdaşlygyň ýoal goýulan döwründen bäri hususy pudagy ösdürmekde, döwlet we hususy edaralaryň maliýe binýadyny berkitmekde hem-de sebitdäki ulag aragatnaşygyny pugtalandyrmakda köp işleriň amala aşyrylandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny goldamak üçin göni daşary ýurt maýa goýum serişdelerini çekmek boýunça işleri dowam etdirmäge taýýardygyny beýan edildi.

Ýene-de okaň

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

«Jahan» döredijilik merkezi «Jahan» döredijilik we sport merkezi diýip atlandyrylar

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri