SIZDEN GELENLER

Bilim-bagtyň açary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de belent derejelere ýetirmekde  il-ýurt bähbitli wajyp işler durmuşa geçirilýär.  Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda döwlet tarapyndan amala aşyrylýan işler aýratyn hem ýaş nesle çuňňur ylym, bilim bermekde öz beýanyny tapýar. Bilim ulgamynyň sazlaşykly ösüşini gazanmaga, ýaşlarymyzyň ylym-bilim almagy üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen beýik işler durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler has-da ýokarlanyp, uly rowaçlyklara beslenýär. Munuň özi her bir adamda asylly maksatlaryň bolmagyny, olaryň kämilligiň belentliklerine, üstünliklere ýetmegini, täze bilimleri yzygiderli özleşdirmegini şertlendirýär.

Hormatly Prezidentimiz: “Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir” diýip belleýär. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýaşlaryň ylym-bilimine, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly üns berilýär. Bu bolsa röwşen geljegimiz bolan ýaşlar hakyndaky aladanyň aýdyň beýanydyr.

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilimli hünärmenleri taýýarlamak aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Dünýä ylmynyň gazananlaryny milli tejribelerimize ornaşdyryp, önümçiligiň netijeliligini işjeňleşdirmäge ýaşlary çekmek ýurdumyzyň ylym ulgamynyň öňündäki esasy wezipeleriň biridir. Ýaşlary ylma çekmekde degişli hünär ugurlary boýunça ylmy gurnaklaryň ähmiýeti uludyr. Şeýle gurnaklarda ýaşlaryň ylmy garaýyşlary, döredijilik gözlegleri, täzeçe pikirlenmek ukyplary, şeýle hem dünýä ylmynyň ösüşinden habarly bolmaklary gazanylýar. Şonuň netijesinde, talyp ýaşlarymyz sebit we halkara derejesinde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara, bäsleşiklere, olimpiadalara gatnaşýarlar we guwandyryjy netijelere eýe bolýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamy hem innowasion we tehnologiki esasda ösdürilýär. Häzirki döwürde kompýuter tehnologiýasynyň ösmegi bilen maglumat alyş-çalşygy täze many-mazmuna eýe boldy. Çünki häzirki döwürde maglumat we aragatnaşyk ulgamy, kompýuter tehnologiýasy uly ösüşlere eýedir. Ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolan bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, okatmagyň häzirki döwre laýyk täze usullaryny işläp düzmek, halkara tejribesini ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.

2023-nji ýylda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde täze bilim edaralarynyň ençemesi, tutuş ýurdumyz boýunça çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň onlarçasy açyldy. Ýokary bilim ojaklarynyň ikisinde ÝUNESKO kafedralary, 3 sany ýokary hünär bilim edarasynda ÝUNESKO klublary açyldy. 6 sany orta mekdep bolsa bu guramanyň Assosirlenen mekdepler toruna girizildi.

Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar guralýar.

Ýazgül ÇOWDURBAÝEWA, 
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Ýaşlary ýetişdirmekde dil biliminiň orny

Il saglygy- ýurt baýlygy

Lukmançylygyň gymmatly gollanmasy

Saglygy goraýşyň belent ykrary

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

Saglyk – baýlyk