SIZDEN GELENLER

Himiýa senagatynyň milli ykdysaydýetdäki orny uludyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz beýik ösüşler bilen öňe barýar. Häzirki wagtda ata Watanymyzda milli ykdysadyýetimiziň senagat kuwwatyny has-da ösdürmek boýunça oňyn işler durmuşa ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň örän amatly geosyýasy we geoykdysady ýagdaýa, örän köp mukdardaky uglewodorod serişdelerine we beýleki ýerasty baýlyklaryna, üstaşyr geçirmek babatda uly ulag mümkinçiliklerine eýedigi aýdyň hakykatdyr. Geljegi rowaçly we ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan senagat pudaklarynyň biri-de himiýa senagatydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysady ösüşleriň aýdyň ýoly bilen geljege barýan ýurdumyzyň türkmen jemgyýetine mahsus bolan oňyn ösüşleriniň aýdyň mysallarynyň köpdügini buýsanç bilen bellemek bolar. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgesini mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň bähbidini nazarlap kabul edýän ähli resminamalarynyň, amala aşyrýan işleriniň özenini ykdysady öňegidişlik düzýär. Hormatly Prezidentimiziň häzirki döwürde il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmegi we döwrebap işleri amala aşyrmagy türkmen halkymyzy, Türkmenistan döwletimizi dünýä meşhur edýär.

Gojaman Hazaryň tebigy çig mala baý bolan Garabogaz aýlagynyň golaýynda gurlup, ulanylmaga berlen «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Garabogazkarbamid» zawodynda öndürilýän önümler diňe bir Diýarymyzyň däl, eýsem, dünýä döwletleriniň onlarçasynyň isleg bildirýän karbamid önümleri hökmünde bellenip, hil taýdan ýokary görkezijilere eýe bolýar.

Kärhananyň karbamid önümçiliginde çig mal bolup hyzmat edýän ammiak önümçiliginiň ýyllyk kuwwaty 660 müň tonna deňdir. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhananyň umumy önümçilik kuwwaty bolsa her ýylda ýokary hilli karbamidiň 1 million 155 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. Kärhanada öndürilýän önümler ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň işini ýokarlandyrmakda, döwrebaplaşdyrmakda, milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan himiýa senagatyny has-da ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedir.

Mineral dökünleri öndürmek boýunça ozal bar bolan önümçilik binýady tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylýar. Netijede, azot, karbamid, kaliý, fosfor we beýleki zerur önümleriň öndürilişi barha ýokarlandy. Munuň özi diňe bir içerki bazardaky islegi kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, milli önümleri köp möçberde eksporta ugratmaga-da mümkinçilik döretdi.

Türkmenistan diňe bir tebigy gaz ätiýaçlyklary bilen çäklenmän, eýsem kaliý magdany ýaly gaty minerallaryň ägirt uly ýataklary bilen hem meşhurdyr. Işläp taýýarlamak üçin Garlyk, Garabil we Tübegatan ýaly kaliý duzlarynyň ýüze çykman ýataklaryna iň uly gyzyklanma bildirilýär.

Şeýle hem Türkmenistan, Garabogazköl aýlagynyň we ýerasty ýod-brom suwlarynyň kristal we ýerüsti duzlaryny öz içine alýan gidromineral çig mal ätiýaçlyklary boýunça dünýäde öňdebaryjy ýerlerden biridir. Garabogazköl aýlagy, magniý, natriý duzlary, brom, bor we litiý birleşmelerini öndürmek üçin tükeniksiz çig mal çeşmesi bolan natriý sulfatynyň we beýleki peýdaly minerallaryň dünýädäki iň uly ýatagy hasaplanýar.

Türkmenistanyň himiýa senagatyny ösdürmek üçin giň gerimli maksatnama, içerkide bolşy ýaly daşarky bazarlarda hem uly isleg bildirýän dürli ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýän iň häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak bilen tebigy gazy çuňňur gaýtadan işlemek üçin täze desgalaryň gurulmagyny göz öňünde tutýar.

Şeýle hem, ýakyn wagtda «Türkmenhimiýa» konserni täze himiýa kärhanalaryny gurmak üçin birnäçe geljegi uly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirip başlamagy meýilleşdirýär.

Himiýa senagatynyñ we ylmynyñ ösmegi ekologiýa, daşky gurşawy goramak, önümleriň hilini we howpsuzlygynyň kepilligini gowulandyrmak, galyndysyz tehnologiýalary ösdürmek hem-de beýleki möhüm meseleler babatda örän möhümdir.

Ogulgözel Orazmuhammedowa,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri