JEMGYÝET

Türkmenistanda “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahaty geçiriler

Türkmenistanda “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow hasabat berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türki medeniýetiniň halkara guramasyna agza döwletler tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli şu ýylyň 27-nji martynda “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahaty geçiriler.

Halkara ylmy maslahatyna ýurdumyzdan, şeýle hem ABŞ-dan, Russiýa Federasiýasyndan, Türkiýe, Özbegistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyz Respublikalaryndan we beýleki daşary ýurtlardan taryhçylaryň, arheologlaryň, gündogary öwrenijileriň, professor mugallymlaryň we ýaş alymlaryň, muzeý işgärleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Foruma gatnaşyjylar, şeýle hem bu şäheriň şu ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde guraljak dabaralara we çärelere gatnaşar.

Related posts

Doganlaryň doganlarça duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa-Aýlagdaky arap döwletleriniň sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

2020-nji ýylyň iň gowy etraby belli edildi

Ata Watan Eserleri