ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Toýly Meredow: ýagşy adam ýatdan çykmaz

Arada «Nebit-gaz» gazeti üçin daşary ýurt hem doganlyk halklaryň ýazyjylarynyň bu ugra bagyşlap döreden eserleriniň terjimeleri hakynda gyzyklanyp ýörkäm halypa žurnalist Toýly Meredowyň belli tatar ýazyjysy Garif Ahunowyň 1986-njy ýylda «Magaryf» neşirýatynda çap bolan «Hazyna» atly terjime kitaby gabat geldi. Tatarystanyň nebitçileriniň durmuşyndan gürrüň berýän bu romany Toýly aga rus dilinden türkmen diline terjime edipdir. Öz döwründe ýazyjynyň watany — Tatarystanda, Gabdulla Tukaý adyndaky baýraga mynasyp bolan bu romany biraz okadym-da, birdenem terjimeçi Toýly Meredowyň döredijiligi hakynda oýlandym. Onuň belent adamkärçilikli adamdygy hakynda-ha, gowy ýatlamalary eşidýärdim, ýöne döredijiligi barada welin, üýtgeşik bilýän zadym ýokdy. Onsoň sorap-idäp salgysyny tapyp öýlerine bardym. Toýly aganyň aýaly Oguldöndi gelneje onuň terjime eden kitaplaryny, arhiw maglumatlaryny, suratlaryny öňümde goýdy. Söhbetdeşlige başlamankak terjimehaly bilen tanyşdym.

Toýly Meredow 1937-nji ýylyň 16-njy iýulynda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Abadanlyk obasynda doglan. Ilki obalaryndaky ýediýyllyk, soňra orta mekdebi gutaransoň, 1955-1961-nji ýyllarda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetinde okapdyr. 1958-nji ýylyň mart aýynda zähmet ýoluna başlaýar. Ol ilki şol wagtky Aşgabat oblispolkomynyň işgärler bölümçesiniň müdiri, 1959-1961-nji ýyllarda TSSR Aragatnaşyk ministrliginiň ýörite aragatnaşyk gözegçisi bolup işleýär. 1961-1963-nji ýyllarda Zakawkaziýe we Moskwa harby okruglarynda harby gullykda bolýar. 1964-nji ýylda Görogly etrabynyň 1-nji orta mekdebinde, soňra 1964-1965-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki 17-nji orta mekdepde mugallym bolýar. 1965-1969-njy ýyllar aralygynda «Sowet Türkmenistany» (häzirki Türkmenistan gezetinde) korrektor, edebi işgär, bölüm müdiri wezipelerinde işläpdir. 1969-1980-nji ýyllarda TKP MK-nyň bölümçe müdiri, bölüm müdiriniň orunbasary; 1980-1985-nji ýyllar aralygynda «Türkmeninformyň» başlygynyň orunbasary; 1985-1987-nji ýyllar aralygynda Sersaglyk jemgyýetiniň başlygynyň birinji orunbasary;1987-2011-nji ýyllar aralygynda Türkmen telewideniýesiniň baş redaktory, terjime bölüminiň müdiri we terjimeçi wezipelerinde işleýär. 1978-nji ýylda SSSR žurnalistler soýuzynyň agzasy bolýar. 1974-nji ýylda ýokary partiýa mekdebini gutarýar. Onuň 2011-nji ýylda öz eli bilen ýazan gysgajyk terjimehalyny okadymda Oguldöndi gelnejä: «Toýly aga hakynda nähili ýatlamlary gürrüň berjek?» diýip ýüzlendim. Ol:

— Hakyky adym Oguldöndi, ýöne Toýly maňa  «Nartäç» diýip ýüzlenerdi. Toýly bilen 1966-njy ýylyň 31-nji ýanwarynda durmuş gurduk. Şo ýylyň 14-nji fewral güni paýtagta geldik. Toýla entek öýlenmänkä raýkom komsomolyň ýardamy bilen Sumbar dükanyň arka tarapynda ýerleşýän  bir otagly jaý berlipdir. Şoňa göçüp geldik. Daşoguzda biz Toýlular bilen goňşurak ýaşadyk. Toýly menden on ýaş uly. Bir gün ol ejem mellekde kartoşka gömüp otyrka ýanyna baryp kömekleşýär. Soňra-da dem-dynç aljak bolup otyrkalar ol: — Daýza, gaty görmeseňiz bir haýyşym bar. Gyzyňyz Nartäji maňa beräýiň-dä! — diýýär. Ejemem: — Gyzym seniň bilen halaşyp ýörmi?— diýip soraýar. —Ýok-ýok, men oňa habar gatyp göremok, ýöne gowy göremsoň özüňizden soraýan — diýýär. Ejem geň galyp: — Entek gyzym orta mekdebem gutaranok. Onsoňam ony kakasy lukmançylyk ugrundan okadasy gelýär — diýýär.

— Özüm okadaryn daýza — diýip söz berýär. Mekdebi tamamladym welin,  hossarlary gudaçylyga geldiler. Ejemem: «Göwneseň berjek, gyzym!» diýdi-de sözlerini aldy. Emma maňa şol wakany ejemem, Toýlam toýdan soň gürrüň berdiler. Bolsa-da halaşyp durmuş gurmadyk bolsamam, sözünde tapylyp Indra Gandi adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebini okatdy. Şepagat uýasy bolup işlän 30 ýylymyň 20 ýylyny göbek ene bolup işledim. Häzir zähmet dynç alyşda. Toýly 1990-njy ýylda operasiýa bolup iki ýyllap ýatygly boldy. Soňra 24  ýyl inwalid bolup ýaşady. Men oňa: «Sen meni özüň üçin okadan bolmaly» diýip degerdim. Ol şo ýagdaýynda-da, işsiz oturmady. Gije-gündiz işläp ýörensoň, oňa ýarawsyz diýseň hiç kimem ynanmaz. Ynha, şu surata seret!» diýip onuň arhiw suratyny görkezdi. Toýly aganyň ýylgyryp ruhubelent ýagdaýda dik durup düşen suraty, ýöne garny üç-dört ýerinden deşilip şlanga goýlan eken. «Her gün şol şlangalaryny arassalap, dermanlap, daňyşdyryp işe ugradardym. Öýde oturyp kanagat edenokdy. Hat-da öýe gelensoňam, gije bire-ikä çenli ýa kitap okap oturandyr ýa-da bir zatlar ýazyp oturardy. Işinden lezzet alýardy. Işden gelende: «Ýazýan zatlarymy kemini goýman kabul edýärler» diýip begenip gelerdi. Ol daşary ýurtlara dynç alşa gitse-de meni ýany bilen äkiderdi. Dört ogul bir gyz perzendimiz, on alty sany agtygymyz, dört sany çöwlugymyz bar.  Hemmesi ýokary bilimli. Toýlynyň at dakylany bäş ýaşynda. Ynha, Toýlynyň 60 ýaş toýuny bellänimizde düşülen surat. Gutlap egnine gyrmyzy don, telpek geýdirdiler welin, menem oňa «indi hakyky ýaşula meňzäp barýaň» diýdim. Neresse hezil edip gülüp otyrka surata alypdyrlar.

Çagalarymyň kiçi wagtlarydy. Bir gün obadan gaýynatam geldi. Onuňam gözi operasiýa edilen. Toýly işden soň bir iş bilen gitjekdigini aýtdy. Gije sagat on iki boldy welin, gaýynatam: «Gelin, Toýly näme gelenok?» diýdi. Menem sypaýyçylyk bilen düşündirdim, emma ol ynjalanok. O wagtlar häzirki ýaly el telefon ýok. Ahyry Toýly sagat bir töweregi geldi. Gapydan girenden kakasy oňa: «Utanaňakmy, ýaş gelniň üç çagany gezekleşdirip sallançaga salyp kösenip otyr. Menem dördünji çaga. Maňa-da nahar berjek bolup başagaý bolup ýör. Seniň welin azaryňa däl» diýip şeýlebir gygyrdy welin, Toýly: «Bor kaka, bolýa kaka» diýip ýüzüni aşak salyp oturdy. Gaýynatam bolsa maňa: «Gaty berk tut, agşam sagat on birden soň öýünde bolsun!» diýip tabşyrdy. Toýly bilen 48 ýyl ýaşadyk, 2014-nji ýylyň 21-nji aprelinde ýogaldy. Neresse: «Nartäç, men senden öň gideweräýin, ýogsa özümi oňarman. Men-ä senden iki dünýe razydyryn, ýöne senem menden razy bolgun!» diýerdi. Menem neresseden nägileligim ýok, gaty razy. Şahandaz, göwniaçyk, ýumşak adamdy. Mydam öýümiz alaýazdy. Indi welin, öýüm boşan ýaly boldy. Toýly gidensoň iki oglum tarpa-taýyn ýogaldy. Birden-birden däliräp düze çykyberesim gelýär, ýöne Alla jan, beterinden saklasyn, galan çagalarymyň ýamanlygyny görkezmesin» diýip şükür edýän — diýdi-de, gözüni ýaşlap dymyp oturdy. Oňa göwünlik beriji sözleri aýdyp ýene sowal berdim. «Gelneje, şu ýerde arhiw ýazgylaň arasynda «Esger» gazetiniň 2001-nji ýylyň 8-nji fewral sanynda Toýly aganyň «Esger kasamy» atly goşgusyna kompozitor Daňatar Hydyrowyň sazyna döredilen aýdymyň nota ýazgysy bar. Gapdalyndaky kagyz bukjada bolsa bir topar şahyrlaryň goşgusyna Myrat Tagyýew atly awtoryň goly bilen parodiýa ýazylan elýazmalar kän eken?» diýdim. Ol: «Myrat Tagyýew, Toýlynyň edebi lakamy. Onuň şol at bilen ýazan parodiýalary bir mahallar gazet sahypalarynda-da çap bolupdy. Parodiýa ýazan şahyrlarynyň köpüsi öýümizede gelerdi. Bir-birlerinden öýke-kineleri ýokdy. Olar edebiýata, sungata düşünýän adamlar-da…» diýip gürrüň berdi. Şo pursat: «Eje, sag-aman otyrmyň, saglyklaň gowumy?» diýip, ogly geldi. Oguldöndi gelneje: «Uly oglum Baýram jan, bu. Çagam hal-ýagdaýymy sorap her gün gelýä» diýip hoşallygyny bildirdi. Baýramdan: «Kakaňyz bilen bagly ýatlamalar aýt diýilse, edil şu pursat haýsy wakany ýatlarsyňyz?» diýip soradym. Ol: — Kakam telewiznýada işleýärkä bagşy Öwezgeldi Tekäýewi çagyryp gepleşik taýýarlaýar. Öwezgeldi aga bolsa, şo mahallar ýaýlymda çykyş etmäge rugsat berilmeýän eken. Gepleşik ýaýlyma gidýär. Telegörüjiler gepleşigi gyzgyn garşy alýarlar, ýöne şol gepleşik üçin kakamy işden çykarjak bolýarlar. Bolsa-da, kärdeşleri: «Bir topar çagasy bar, beýdip işsiz goýmalyň, özem zehinli halypa» diýip arkasynda durýarlar. Şeýdibem kakam zordan käýinç bilen işde alnyp galynýar. Şol ýagdaýy Öwezgeldi Tekäýew eşidýär-de gynanyp: «Toýly aga, men sebäpli käýinç alanyň üçin bagyşla! Gynanma! Nesip bolsa, ogluňyzy öýereniňizde toýuňyzy özüm aýdym aýdyp sowaryn» diýýär. Soň men öýlenen wagtym ol agyr ýagdaýda syrkaw ýatan eken. Onsoň toýumda ogly Baýramgeldi Tekäýew aýdym aýtdy. Ol: — Kakama derek aýtdym, razy boluň!» diýdi. Olaryň gaty adamkärçilikli adamdyklary. Ýogsa Baýramgeldiniň özem gowy bagşy ahyry.

Kakam bilen bagly ýene bir pursat ýadyma düşýär. Orsýediň Woronež şäherinde okaýarkam talyp wagtym kakam yzymdan barardy. Her gezek baranda 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan watandaşlarymyzyň SSSR-iň çägindäki ýurtlarda goýlan ýadygärliklerine aýlanyp, olaryň arhiw maglumatlaryny gözläp ýazgy ederdi — diýip, ýazgysyny öňümde goýdy. Toýly aga uruşda wepat bolan türkmen gahrymanlarynyň ykballaryny öwrenip olar hakynda uly göwrümli kitap taýýarlapdyr. Şol kitaby çapa taýýarlamak üçin gahrymanlaryň suratlaryny olar hakyndaky arhiw maglumatlary jemläpdir. Onuň bu kitaba jemlän makalalarynyň köpüsi öň dürli ýyllardaky gazet-žurnallarda çap bolupdyr. Şeýle hem ol daşary ýurt ýazyjylarynyň saýlanan eserlerini terjime edip, olary hem kitap görnüşde jemläpdir. Oguldöndi gelnejeden Toýly aga hakynda gürrüň berip biljek kimler bar? — diýip soradym. Ol ilki bilen mirasgär Atamyrat Şagulyýew kän zatlar aýdyp biler, onsoňam Baýram aga (Jütdiýew) gürrüň berip biler. Olaryň ikisi bilenem goňşurak ýaşadyk. Toýly bilen kän oturyşýardylar. Baýram aganyň aýaly pahyr mugallym bolansoň, ir bilen işe giderdi. Ogul-gyzlarynyň elinden tutup çagalar bagyna Baýram aganyň özi äkiderdi. Menem işe gitmänkäm howlugyp çagalarymyň elinden tutup haýdap barardym welin, Baýram aga: — Gelin, çagalary Toýly gatnatsyn, aýt şoňa, Baýram aga-da çagalaryny özi gatnadýa — diýip. Özüň kösenme — diýip degişerdi — diýdi. Onsoň Baýram aga jaň etdim. Ol: — Toýly Meredow ýazylmaga mynasyp adamlaň biridir. Öte sowatly, tertipli, rus dilini suwara bilýän, adamdyr. Terbiýeli maşgalanyň eýesidi, ony ýatlap ýazsaň oňarýaň, jigim! — diýdi. Ýaşuly adam bolansoň, kän zat sorabam bilmedim. Esasy ýeri, onuň gowy adamlygy barada halypa hökmünde-de, ýaşuly hökmünde-de güwä geçmegi ýeterlik. Soňra Atamyrat aga jaň aýladym. Ol:

— Toýly Meredow bilen telewiznýada  bile işledik. Ýalňyşmasam 1988-nji ýylda ol Türkmenistanyň Merkezi Komitetiniň ideologiýa bölüminden Türkmen telewiznýasynyň edebi-drama gepleşikleriniň redaksiýasyna baş redaktor bolup işe geldi. Şol ýylyň ahyrlarynda ol meni işe aldy. Öň okuw, sport redaksiýasynda işleýärdim. Oýlap täzelik tapsaň gowy görerdi. Onuň tagallasy bilen «Ýedigen», «Alaýaz», «Şadyýan şenbe» ýaly birnäçe gepleşikler döredildi. Menem «Ýedigen» gepleşigini taýýarlap, alyp baryjy bolupdym. Şonda ol: «Undulan hem tanymal adamlary gözläp tapyp şolar hakynda gepleşik taýýarlansa, halk gowy kabul edýändir» diýip maslahat bererdi.

Ol üýtgeşik adamdy. Onuň aýratynlygy iliň bähbidini öz bähbidinden öňde goýardy. Bu diýdigim işgärleriň arasynda jaýsyz kösenip, kireýne ýaşap ýören adamlara iň bolmanda galam haky ýazylanda-da «biraz hemaýat bolsun» diýip, özüni oňarýan adamlaryňkydan artygrak ýazardy. Päli pes, agras adamdy, ýöne ruhy dünýäsine gireňsoň, çaga ýaly arassa ýürekli, ýiti sözli adamdy. Gepleşige çagyrylan myhmanlara ýaltanman özi çaý demläp öňlerinde goýar ýörerdi. Has göwnünden turan adamlary bolsa, «kösenmesin, ýene gepleşige çagyranymyzda höwesli gelsinler» diýip, öýüne myhmançylyga äkiderdi. Şatlyk bagşyny, Atda dädäni (mirasgär Atda Gurbangeldi), Pyhy Tagany başga-da kän halypalar bar. Atda däde oňa: «Ynsap, zehin, eli açyklyk, ile hemaýat etmek ýaly adamkärçiligiň iň gowy häsiýetleri şu adamda jemlenen» diýerdi. Diýmez ýaly däl. Biz olar bilen goňşurak ýaşadyk. Her täze ýyl gelende, ýaşuly bolsa-da eýýäm özüňden öňürti: «Çagalary gutlamaga geldim» diýip, eli sowgatly gapyňda durandyr.

Bir gezek redaksiýa Gurban Wehimi geldi. Ol 1941-1945-nji ýyllaryň urşundan dolanyp gelmedik watandaşlarymyzyň arhiw maglumatlaryny gözlemek üçin orsýede gitjek bolýandygyny aýtdy. Şonda haýran galdym. Toýly aga bir topbak puly oňa uzadyp: «Ýol harajadyňdan kösenäýme!» diýdi. Ol bolsa almajak bolýar welin: «Sen şu puly almasaň, gaýdyp gepleşige çagyrman. Men saňa karzyna beremok. Watan üçin janyny orta goýan ildeşlerimizi idäp, sogaply iş edýärkäň goşant goşmasak bolmaz-a» diýip ahyry aldyrdy. Ol gaty uly puldy. Bu onuň jomartlygynyň hemem Watansöýüjiliginiň subutnamasy. Ol žurnalistdi hemem terjimeçidi. Ömrüniň ahyrlarynda maňa goşmaça iş tapsam işläsim gelýä diýdi. Onsoň men ony «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň şol wagtky baş redaktory Meret Hanmämmedowyň ýanyna eltdim. Ol gürrüňdeş bolanyndan sowatlydygyny bilip derrew işe aldy. Şeýdip Toýly aga birsalym şol ýerde-de işledi. Neresse agyr halda ýatyrka ýanynda Atda dädäni goýup, işe gitdim. Bir salymdan ýogaldy habary geldi. Soňky ýoluna ugratmak üçin bardyk. Gämi obasyna girilip barýarka bir öwülýä bardyr, şol öwülýäde jaýladyk. Jesedini göterip çykarjak bolnanda hiç-hili el degirilmedik ýagdaýda diwardaky tekjede duran kitaplaň biri edil gudrat bilen oklanan ýaly bolup üstüne düşdi. Hiç ýadymdan çykanok. Şol kitap kimiň kitabydyka?— diýip pikir edýän. Belki, ogly Baýram bilýändir. Onsoňam Toýly aga hakynda Daşoguzdan ýegeni Kakajan Pirjanow hem kän zatlar aýdyp berer — diýip gürrüň berdi.

Kakajan aga-da jaň etdim. Ol: — Talyp döwrüm umumyýaşaýyş jaý berilýänçä iki-üç ýyllap Toýly daýymlarda ýaşadym. Daýymyň ýanyna Kerim Gurbannepesow, Berdinazar Hudaýnazarow, Baýram Jütdiýew, Pyhy Tagan, Atamyrat Şaguly we başga-da tanymal adamlar kän gelerdi. Ýaşlyk edip bir gezek başga birine berlen sowala jogap berdim welin, daýym şo mahal köplükde-hä hiç zat diýmedi, soň ikiçäk galanymyzda: «Ýegen, Magtymguly atamyzyň goşgularyny az okaýaň! «Akyl bolsaň söz aýtmagyn nobat berilmegen ýerde» diýen setirlerini okamansyň öýdýän. Ýa ýadyňa düşmedimi?» diýip, özüňe sowal berilmedik ýerde goşulyp durmagyň gelşiksizdigini ýaňzytdy. «Gaty görme, öýümde ýaşaýanyň üçin igenip aýdamok, şahyrymyz aýdýar-a: «Magtymguly diliň sakla, habar soralmagan ýerde…» ýa-da, «Aklyň bolsa märekede az sözle, Köp söz seni il içinde har eýlär…» diýýär. Adama kän diňlemek üçin iki gulak berlipdir, emma az sözlemek üçin dil ýeke berlipdir. Köp diňlemeli, az hem ýerlikli gürlemeli. Eger kimdir biri bir zatlar gürrüň berip oturan bolsa, sözüni bölmeli däl, ýa-da «Bagyşlaň, sözüňizem bölýän welin…» diýip ötünç soramaly» diýip, ters hereketlerimize beýik Pyragynyň goşgy setirleri bilen düzediş bererdi.

Bir gezegem deň-duş tanyş oglanlaň biriniň bir işi düzelmän durdy. Daýyma aýtdym welin, «kösenmesin» diýip kömek etdi. Onsoň ol oglan maňa: «Bir «UAZ» ulagy dolduryp gawun getirdim welin, daýyňlara elteli-le!» diýdi. Menem bolýa diýip öýe düşürtdim. Öýde-de menden başga adam ýokdy. Birden daýym işden geläýdi. Ol şo mahal Merkezi Komitetde işleýärdi. — Bu gawunlar näme? — diýdi. Siziň kömek eden oglanyňyz sowgat getirdi — diýenimden, jany ýandy. — Näme men iýjek bolsam gawun tapamokmy? — diýip, gaharyna bir gawuny maňa tarap zyňjak boldy welin, elinden gaçyp çigitleri pytrady. «Derrew jaň et! Alyp gitsin yzyna!» — diýdi. Şonda daýymdan gorkymyza ol oglan bilen ýere pytran gawun çigitleriniň ýekesinem goýman çöpläp äkidenimiz ýadymda. Daýym daşyndan gaty agras adamdy. Bir gezek şahyr Gazakbaý Ýollyýew gürrüň beripdi. «Üýşmeleňde otyrkak belli diktor Kadyr Atabaýew: — Işe baranymda «Toýly Meredow bilen işleşmeli» diýlende, ýüzüniň agraslygyny görüp: «Bu adam bilen nähili işleşerkäm» diýdim. Soň gürrüňdeş bolup işleşip başladyk welin, gyzyl ýaly adam eken» — diýdi». Daýym her bir hereketimize gaty ünslüdi. Hatda nahar başynda nähili oturmaly, naharlanmagyň hem öz edep-kadalarynyň bardygyny düşündirerdi — diýip ýatlady.

Toýly aga filologiýa ylymlarynyň kandidaty Myrat Tuwakow bilenem bir edarada işläpdir. Olsoň Myrat bilenem jaňlaşdyk. Ol:

— Toýly Meredow bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň şol wagtky Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň Terjime we resmi iş dili bölüminde işlemek miýesser etdi. Ol resminamalary we taryhy ýazgylary terjime etmekde hem uly işler bitirdi. Halypa hökmünde ýaşlara gymmatly maslahatlaryny bererdi. Ol Abu Aly Ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly köp jiltlik kitabyny, amerikan alymy, arheolog Rafael Pampelliniň gadymy Änew medeniýeti hakyndaky ylmy işini terjime etmek we taraşlamak işlerine işjeň gatnaşdy. Toýly halypa tejribeli žurnalist, ussat terjimeçidi.  Ol rus, azerbaýjan, ermeni, gruzin, osetin, gazak, gyrgyz, özbek, owgan, koreý, hindi,  iňlis, nemes, fransuz, amerikan, bolgar we beýleki halklaryň ýazyjylarynyň eserlerini rus dilinden türkmen diline terjime etdi. Onuň terjime eden eserleriniň ençemesi «Dünýä edebiýaty» žurnalynda işlän döwründe žurnalyň üsti bilen okyjylara ýetirildi. Onuň terjime eden eserleriniň awtorlarynyň hoşallyk bildirip ýazan arhiw ýazgylary bar. Toýly aga Lazar Kareliniň «Ýer titreme» romanyny terjime edipdir. Şol kitabyny awtor 1987-nji ýylyň 2-nji aprelinde öz goly bilen: «Hormatly Toýly Meredowiçe — terjimesine hormat bilen elini berk gysyp sowgat berýärin» diýen ýazgy bilen ýadygärlik beripdir. Toýly Meredowyň terjime etmeginde 1941-1945-nji ýylaryň urşuna gatnaşan rus ýazyjysy Gornýak Andreý Ýanowiçiň uruş döwrüniň wakasy beýan edilýän  «Paşmadyk pygyllar» atly powesti 1978-nji ýylda, gruzin ýazyjysy  Guram Iwanowiç Panjikidzäniň «Mähek daşy» romany  1982-nji ýylda «Türkmenistan» neşirýatynda çap edildi. Terjimeçi her bir ýazyjynyň döredijilik aýratynlygyny tapawutlandyryp başarypdyr. Terjimeçilikde çeper terjime, syýasy terjime, ylmy terjime, taryhy terjime ýaly dürli ugurlar bar. Her žanryň terjimeçilik aýratynlyklary tapawutly. Toýly aga Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymynyň «Halkara habarlar» bölüminiň redaktory bolup hem işledi. Dünýäniň dürli ýurtlaryndaky habarlar, täsin hem geň wakalar bilen tanyşdyrýan «Jahan ýaňy» telegepleşiginiň tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanmagynda Toýly Meredowyň hem mynasyp goşandy bar. Telegörüjileri dünýädäki täsinlikler bilen tanyşdyrmak üçin dürli dillerdäki maglumatlary toplap, seljerip, türkmen edebi diliniň sözlük goruny döredijilikli peýdalanmak bu gepleşigi taýýarlaýjylardan irginsiz, döredijilikli zähmeti talap edýär. Şol toparda zähmet çekip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine goşan uly goşandy üçin, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmek ugrunda köp ýyllaryň dowamynda çeken  halal zähmetini, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işini hem-de döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, ýokary hünär ussatlygyny, gazanan ajaýyp üstünliklerini nazarda tutup, şeýle hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda  «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy. Toýly aganyň halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny hem belent adamkärçiligini ýakyndan tanaýan adamlar hiç wagt unutmazlar — diýip buýsanç bilen gürrüň berdi.

Bir zada begendim. Şu makalany taýýarlanymda gürrüňdeş bolan adamlarymyň ählisi Toýly agany diňe gowulykda ýatladylar. Ýagşyny ýatlamak bolsa ählimiziň parzymyz.

Akgül Saparowa.

Ýene-de okaň

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri

Çingiz Aýtmatow: halkymyza ýakyn ýazyjy

Ata Watan Eserleri

Öwülýaguly Kulyýew:tötänden ýazylan ýatlamalar