SIZDEN GELENLER

Beýik söz ussadynyň eserleri – düýpsüz umman

Türkmen halky ençeme şahyrlary döretdi, emma şolaryň arasynda söz ussady, deňi-taýy bolmadyk beýik Magtymguly birinji orunda durýar. Magtymguly türkmeniň poeziýasynda gymmatbaha daşlaryň biri bolup, ol biziň zamanamyzda täze ýüzügiň gaşynda gözüňi gamaşdyryjy şöhlesi bilen lowurdaýar.

Magtymguly Pyragy ýurtlara syýahat edendigi barada goşgularynda aýdýar. Ol öz döredijiliginde Hindistanyň, Rumystanyň atlaryny getirýär. Magtymguly «Terk eýleme bu mekany» atly şygrynda syýahatyň täsirinden habar berýär. Şahyryň «Köňül istär, sapar kylsak, Azadym!» diýip, atasyndan rugsat soramagy akyldaryň syýahat edendigini görkezýär.

Magtymgulynyň goşgularynda 200-e golaý dürli ýer-ýurt atlary duş gelýär. Olardan has köp gabat gelýäni Hindistan, Rum, Müsürdir. Şahyryň goşgularynda Soňudagy, Etrek, Gürgen ýaly ajaýyp ýerlerimiz hem beýan edilýär.

Şahyryň «Tapylmaz», «Bilbil nalasy», «Sen soltany, Abdylla», «Gördüňmi», «Söýmüşem seni», «Ýar, senden», «Gözel sen», «Dükan görüner», «Hindistanda hyýalym», «Bir işe ulaşdy», «Nurana düşmez», «Näler görüner»… ýaly goşgularynda dünýä ýurtlary barada maglumatlar köp.

Jahankeşde şahyryň şygyrlarynda ýer-ýurt atlarynyň üsti bilen dünýä ýurtlary, olar barada birnäçe rowaýatlar hakynda berýän maglumatlary esasynda birnäçe zatlara göz ýetirip bolýar.

Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy türkmeniň adyny dünýä derejesine göteren danadyr. Beýik akyldaryň şahyrana eserleri bagtyýar geljege ynam döredip, türkmen jemgyýetiniň şu günki we geljekki nesilleriniň ruhy kämilligini üpjün edýär. Şonuň üçin dana şahyryň durmuş pelsepesine öwrülen ajaýyp şygyrlary, öňe süren taglymatlary, öwüt-ündewleri we ýörelgeleri bu gün adamzadyň ýüregine hem-de duýgularyna örän oňaýly täsir edip, özboluşly durmuş şygaryna öwrüldi.

Magtymguly Pyragynyň akyl-paýhasa ýugrulan öwüt-nesihatlary biri-biri bilen utgaşykly baýlaşýar. Ussat şahyr olary sanap geçmek bilen çäklenmän, eýsem, näme edeniňde netijesiniň nähili boljakdygyny hem nygtap, degerli maslahatlary beripdir, bilenini aýtmazlygy bolsa özüne kemlik bilipdir. Bu nesihatlary durmuşa geçirip, olara wepaly bolmak ýaş nesilleriň borjudyr.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede ýaýbaňlandyrmak hem-de beýik söz ussadynyň döredijiligini ylmy nukdaýnazardan çuňňur öwrenmek boýunça işler barha rowaçlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda bu günki gün akyldar şahyryň baý edebi mirasyna tutuş dünýäde gyzyklanma artýar.

Milli mirasymyzy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda bimöçber işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Merjen Allamyradowa,

Döwletmämmet Azady adyndaky

TMDDI-niň Rus dili fakultetiniň 5-nji ýyl talyby. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri