SIZDEN GELENLER

Ýaşlaryň gymmatly eseri

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň soňky günlerinde hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji eseriniň çapdan çykmagy türkmenistanlylaryň her biriniň kalbyny ýakymly buýsanja besledi. Türkmen Döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen bu kitap halkymyz üçin özboluşly Täze ýyl sowgady boldy.

Hormatly Prezidentimiz bu kitabyň üsti bilen türkmen ýaşlaryna halka, adamzada hyzmat etmegiň belent nusgasyny görkezýär. Täze kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten belent sepgitleri, gazanan ajaýyp üstünlikleri öz beýanyny tapýar. Kitabyň ilkinji sahypasynda hormatly Prezidentimiziň: «Biz orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän, döredijilik bilen meşgul bolýan ýaşlarymyz hakynda uly aladalary edýäris» diýip bellemegi uly mana eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ganatly sözleriniň aňyrsynda beýik ynam bar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby her birimiz üçin kämil ýol-ýörelgedir, nusgalyk gollanmadyr.

Bu kitapda bellenilişi ýaly, Biz ýaşlara we olaryň sowatlylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýäris. Ýurdumyzda ilatyň, şol sanda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, aýratyn hem, hünär bilimlerini almaklary babatda ähli şertleri, mümkinçilikleri döredýäris. Munuň üçin kämil mekdebe çenli çagalar edaralary, umumybilim berýän orta mekdepler, ýokary okuw mekdepleriniň täze binalary we beýleki hünär öwredilmegi bilen bagly döwrebap ymaratlar yzygiderli gurulýar. Ilat ýazuwynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň bilimi bar bolan ilatynyň düzüminde hünär bilimlileriň paýy 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijesi boýunça 15,1 göterim bolanlygyndan 16,6 göterime çenli, şol sanda ýokary hünär bilimlileriň paýy 6,0 göterim bolanlygyndan 7,1 göterime çenli ýokarlanypdyr. Ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça hünär bilimli ilatyň 38,1%-niň ýaşlardygy guwandyryjydyr.

Ýurdumyzyň ýaşlary dürli pudaklarda zähmet çekip, ykdysadyýeti ösdürmekde öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça zähmete ukyply ýaşdaky iş bilen meşgullanýan ilatyň 44,9%-i ýaşlar bolup, olardan 5,1%-i hususy telekeçiler, 34,8%-i özbaşdak iş bilen meşgullanýarlar. Bu sanlar ýaşlar barada döwletimiz tarapyndan edilýän tagallalaryň ýerine düşýändigini tassyklaýar.

Şunuň bilen baglylykda, eserde Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta we hünär bilimini berýän orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyna üns çekilýär.

Bu Konsepsiýalaryň ählisiniň düýp maksady çuňňur bilimli, dünýä derejesinde pikir ýöredip, giň dünýägaraýşa eýe nesilleri kemala getirmekden, olary jemgyýetimizi kämillige ataryjy we alyp gidiji güýç hökmünde röwşen geljege taýýarlamakdan ybaratdyr.

Merjen Sarjaýewa,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 5-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri