Taryhy wakalara, şanly senelere baý bolan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly tamamlanyp barýar. Bosagada — Täze, 2024-nji ýyl. Gadymy rowaýatda beýan edilişine görä, Aýazbaba bilen Garpamyk adamlara täze ýylyň golaýlap gelýändigini buşlamak üçin Arşdan Ýere inýärler.
Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde dikeldilen milli baýramçylyklarymyz bilen bir hatarda Täze ýyl bayramçylygy ýaly ajaýyp dünýewi baýramçylyklar hem döwlet derejesinde giňden toýlanýar.
Welaýatlarda Täze ýyl mynasybetli dabaralar «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňünde geçirilýär. Olar özboluşly bezegler bilen bezelýär. Baýramçylyk çärelerine tanymal sungat ussatlary, artistler, çagalar döredijilik toparlary, şeýle-de, baýramyň baş gahrymanlary – Aýazbaba bilen Garpamyk hem gatnaşýar.
Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda ak bazarlarymyzyň, söwda merkezleriniň dürli harytlar bilen baýlaşmagy saçaklaryň berekedini öňküden-de artdyrar. Bu babatda, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň tagallalary bilen paýtagtymyzyň, Arkadag şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň söwda nokatlarynda baýramçylyk söwdasy gyzgalaňly dowam edýär.
Ösen ykdysadyýetli ýurtlarda Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasy söwda we hyzmatlar ulgamynda iň işjeň döwür bolup durýar. Bu hakykat ýurdumyzyň mysalynda hem aýdyň görünýär. Söwda-dynç alyş merkezleri, kafedir restoranlar arzanladyşlary, aksiýalary we beýleki çäreleri gurap, müşderileriniň baýramçylygy ýokary ruhubelentlikde garşy almagy üçin oňaýly şertleri döretmäge çalyşýarlar. Paýtagtymyzyň «Aşgabat», «Berkarar», «Gül zemin», «Bagtyýarlyk» ýaly söwda-dynç alyş merkezlerindäki dükanlarda we marketlerde öňdebaryjy dünýä tejribesine esaslanyp, arzanladyşlar geçirilýär, ýokary hilli hyzmatlaryň häzirki zaman usullary ýola goýulýar.
Dünýäniň köp ýerinde 1-nji ýanwar Täze ýyl hökmünde bellenilýär. Şeýle-de, Rimiň imperatory Ýuliliý Sezaryň bu güni milli baýram hökmünde ilkinji bolup yglan edendigi aýdylýar.
Täze ýyl baýramçylygy, adatça, maşgala bolup bellenýär. Maşgalanyň agzybirligi hem-de bagty üçin arzuwlar aýdylýar. Täze ýylda uly şowlulyk getirýänligine ynanylýan yrymlar hem bardyr. Käbir medeniýetlerde geljek ýylyň nähili boljagy täze ýylda öýe ilkinji gelen myhmana bagly diýlip ynanylýar. Uzyn boýly, goýy reňkli saçly erkek adam öýe gelse, şol ýyl işiň şowuna bolýar diýlip hasap edilýär.
Başga bir halkyň wekilleri bolsa, halka şekilindäki ir-iýmişleriň bagt getirjegine ynanýarlar. Baýramçylykda halka şekilli iýmitlerden goýýarlar, ýagny olaryň däbi boýunça halka öwrülişigi aňladýar.
Alibek Matýakubow,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 5-nji ýyl talyby.