SIZDEN GELENLER

Otag gülleriniň ynsan saglygyna edýän peýdasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bagy-bossana bürenýän eziz Diýarymyzda raýatlaryň saglygyny goramaklyga, berkitmeklige uly üns berilýär.
Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasaty, halkymyz üçin amatly daşky gurşawy döretmek ýörelgesi amala aşyrylan we aşyrylýan beýik, tutumly işler halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar.
Gündelik durmuşymyza ylmyň, tehnikanyň gazananlarynyň giňden ornaşmagy we sanynyň barha artmagy bilen daşky gurşawa ýetirilýän täsir-de, täsiriň görnüşleri-de artýar. Daşky gurşawa ýetirilýän täsiriň öňüni almakda we täsiri peseltmekde tokaýlaryň, baglaryň, otag gülleriniň ähmiýeti uludyr. Häzirki günlerde otag güllerini idetmek, ýetişdirmek bilen gyzyklanýanlaryň we meşgullanýanlaryň sanynyň barha artmagy guwandyryjy hakykatdyr. Çünki otag gülleri diňe bir daşymyzy gurşap alan dünýämize gözellik bermän, eýsem adamyň ýaşaýyş durmuşynda, saglygy berkitmekde we bejermekde aýratyn ähmiýete eýedir. Iş otaglarynda ýa-da aşhanalarda tehniki enjamlaryň uzak wagtlap işledilýän ýerlerinde adam saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýändigini, ýagny otagyň içindäki otrisatel ionlaryň azalmagyna getirýändigini bu gün ylym tassyklaýar.Otag gülleriniň peýdalylyk ähmiýetini güýçlendirmek, olary göwün islegimize laýyk ýetişdirmek üçin üçin olary ýerleşdirjek ýerlerimizi saýlamaly bolýarys.Şu nukdaýnazardan-da otag gülleriniň ösdürilip ýetişdirilişi, olaryň ynsan saglygyna ähmiýeti dogrusynda maglumatlarymyzy ildeşlerimiz bilen paýlaşmagy makul bildik.
Fikus otag güli — özüniň uly ýapraklary bilen otaglardaky göze görünmeýän tozan bölejikleriniň köp bölegini saklaýar. Şonuň üçin gülüň ýapraklaryny ýuwup we ýumşak kagyz bilen süpürip durmaly bolýarys. Egerde iş otaglarynda tehniki enjamlaryň birnäçe görnüşleri ýerleşdirilen bolsa, şol otagda paporotniklar, begoniýa ýa-da fikus ýaly otag güllerini ýerleşdirenimizde, otagyň içindäki otrisatel ionlaryň kadaly bolmagyna,otagyň howasynyň tämizlenmegine we howanyň toksinlerden arassalanmagyna uly ýardam berýär.

Hlorofitum otag güli —özüniň uzynja ýapraklary bilen beýleki güllerden tapawutlulykda howany kislarodbilen baýlaşdyryp, otagyň howasyny tiz arassalaýar. Şonuň üçin bu guli aşhanada goýmak üçin iň bir netijeli gül hasaplanylýar. Hlorofitum otag gülüni aşhanada ýerleşdirenimizde penjiräniň öňünde ýa-da diwarlarda ýokarrakda, Gün şöhlesiniň gowy düşýän ýerinde asyp goýsak maksada laýyk bolar.Sebäbi Gün şöhlesiniň oňat düşýän ýerinde bu gül has gowy ösýär we ýapraklarynyň reňki-de owadan, göze gelüwli bolýar.
Aloýe otag güli – bu gül, esasan DSP we MDF materiallaryndan ýasalan öý goşlaryndan bölünip çykýan zyýanly formaldegid birleşmesini özine kabul edijilik ukybynyň ýokarylygy bilen tapawutlanýar.Aloýe otag gülüni, esasan ýatylýan otaglarda goýmak maslahat berilýär. Munuň hem esasy sebäbi aloýe otag gülüniň gündizine seredende gijelerine has köp mukdarda kömürturşy gazyny özüne kabul edip, ýokary derejede kislarod bölip çykarýanlygy bilen düşindirilýär.
Ynsan saglygyny goramak we berkitmek, daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek ugrunda irginsiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutumly işleriniň rowaç, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris!

Aýna Atajumaýewa , Azat Maşrykow,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri