SIZDEN GELENLER

Nebitgaz pudagynyň batly gadamlary

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda rowaç alýan düýpli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşine ýardam edýär. Işe girizilýän täze tehnologiýaly kärhanalar milli ykdysadyýetimiziň çalt depginlerde ösdürilmeginde uly ähmiýete eýe bolup, amala aşyrylýan özgertmeleriň oňyn täsiri ýurdumyzyň maliýe ulgamynda-da aýdyň duýulýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagyny çalt depginlerde ösdürmek rowaç alýar. Pudagyň önümçilik kuwwaty häzirki zaman tehnologiýalarynyň hasabyna döwrebaplaşdyrylýar. Arassa energiýa çeşmesi bolan tebigy gazyň öndürilişi düýpli ýokarlandy. Tebigy gaz bilen diňe bir içerki sarp edijileriň ýylsaýyn ösýän islegini doly kanagatlandyrmakdan başga-da, türkmen energiýasyny daşary ýurtlara eksport etmegiň giň mümkinçiliklerine ýol açyldy.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz pudagynyň ösüşleri we üstünlikleri ýaňy-ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023” atly XXVIII halkara maslahaty we sergisinde hem doly aýdyňlygy bilen göründi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan özüniň tebigy baýlyklaryny türkmen halkynyň, şeýle-de beýleki sebitleriň halklarynyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýar we bu babatda netijeli işleri amala aşyrýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň sebitiň esasy energetika döwleti hökmünde eýeleýän halkara orny dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma eýe bolýar.

Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen bu ýöriteleşdirilen forum utgaşykly görnüşde geçirilip, oňa sanly ulgam arkaly dünýäniň onlarça döwletinden wekiller gatnaşdylar. Forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, nebitgaz toplumynyň işewür düzümleriniň, maliýe institutlarynyň hünärmenleri, bu ulgamda işleýän kompaniýalaryň bilermenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar we beýlekiler gatnaşdylar.

Daşary ýurt kompaniýalarynyň, iri halkara guramalaryň, banklaryň birnäçe wekilleri ara alyp maslahatlaşmalara sanly ulgam arkaly goşuldylar. Şu gezekki forum ýüzlerçe adamy, şol sanda daşary ýurtlaryň 45-den gowragyndan wekilleri bir ýere jemledi. Ýygnananlar ýangyç-energetika toplumynda halkara, sebit we milli derejede senagatyň geljekki strategiýasyny kemala getirmäge bagyşlanan dünýäniň nebit bazaryndaky işleriň ýagdaýy, bu ulgamda marketing strategiýalary baradaky seljeriş-syn maglumatlary bilen tanyşdyryldy.

«Uglewodorodlary gazyp almagyň ekologik taraplary», «Täze energetika çeşmeleriniň monetizasiýa we diwersifikasiýa hereketini çaltlaşdyrmak», «Üstünlikli energetika geçişinde tehnologik innowasiýalar we adam maýasynyň orny» atly mowzuklaýyn mejlislerde meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. «Talaplaryň artýan şertlerinde uglewodorod serişdelerini gözlemegiň we gazyp almagyň meseleleri: uglerodyň aýrylmagy we kömürturşy gazynyň ýer gatlagyna goýberilmegi» atly tehniki mejlisiň çäginde Nebit inženerleri jemgyýetiniň (SPE) halkara bilermenleri türkmen kärdeşleri bilen tejribelerini paýlaşdylar, şeýle hem uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek, köp mukdardaky kömürturşy gazyny we atmosfera zyýanly zyňyndylary azaltmak boýunça hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmagyň ugurlaryny kesgitlediler.

Halkara bilermenleri ýurdumyzda yzygiderli ýagdaýda geçirilen “OGT” nebitgaz forumyna ýokary baha berýärler. Bu forumyň ýurdumyz tarapyndan guralýan möhüm forumlaryň biri hökmünde garalýar. Üstümizdäki ýylda geçirilen halkara forum bilen baglanyşykly maglumatlary hem onuň geriminiň giňdigini subtu edýär.

18 öňdebaryjy halkara nebit kompaniýasynyň goldawy bilen geçirilen “OGT 2023” halkara nebitgaz forumy 50 töweregi ýurtdan 700-den gowrak wekiliýeti bir ýere jemledi. 70 kompaniýanyň diwarlyklaryny öz içine alýan 3 günlük sergä 10 müňden gowrak myhman geldi.

Maýýa Öwlýägulowa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 

Fizika we elektronika kafedrasynyň uly mugallymy. 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri