SIZDEN GELENLER

Ýangyç–energetika toplumynda döwrebaplyk

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmengaz» döwlet konserni, «Türkmennebit» döwlet konserni, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň guramaklarynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023» atly XXVIII halkara maslahaty we sergisi geçirildi.

Bu halkara maslahatyň we serginiň geçirilmeginiň esasy maksady ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny durnukly ösdürmekden, halkara tagallalary birleşdirmekden, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu sergä, dünýäniň onlarça ýurdundan nebitgaz kompaniýalarynyň, iri halkara maliýe institutlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň ýüzlerçesi gatnaşdylar.

Dost-doganlykly gatnaşyklaryň berk binýatlarynyň biri bolan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan, «Asyryň gurluşygy» adyny alan Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijileriniň taslamalary bolsa ýurdumyzyň energiýa serişdelerini uly möçberde eksport edijileriň biri bolmak bilen, olary ibermegiň durnukly halkara ulgamlarynyň kemala getirilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň anyk mysaly bolup durýar. Nebitgaz pudagynyň dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekde esasy şert bolup durýandygy göz öňünde tutulanda, halkara hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmakda bu nobatdaky forumyň ähmiýeti örän uludyr.

Daşary ýurt kompaniýalarynyň, iri halkara guramalaryň, banklaryň birnäçe wekilleri bolsa sanly ulgam arkaly goşuldylar. Umuman, ýangyç-energetika toplumynda halkara, sebit we milli derejede senagatyň geljekki strategiýasyny kemala getirmäge bagyşlanan dünýäniň nebit bazaryndaky işleriň ýagdaýy, bu ulgamda marketing strategiýalary baradaky seljeriş-syn maglumatlary bilen tanyşdyrýan forumda dünýäniň bilermenleri ýangyç-energetika toplumynyň ählumumy meýillerini maslahatlaşdylar. Başgaça aýtsak, halkara forum dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy, döwrebap tehnologiýalary işjeň çekmegiň tejribesi, hyzmatlary amala aşyrmagyň ýollaryny we ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň usullary bilen tanyşdyrmaga ajaýyp mümkinçilikdir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan tebigy gazy diňe bir eksport etmegiň mümkinçilikleri bilen çäklenmän, ony gaýtadan işlemäge hem uly ähmiýet berýär. Bu ugurda-da ýurdumyz özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin açykdyr.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly halkara maslahatda energetika bazarynyň ösüşindäki ählumumy ýagdaýlara hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça ozaldan bar bolan nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamak, täzelerinde gazyp almak işini işjeňleşdirmek ýaly möhüm meselelere garaldy. «Ählumumy energiýanyň geljegi» atly umumy mejlisde bilermenler forumyň energetika diplomatiýasynyň ýagdaýlaryna we geljekki ösüşine, energetika söwdasynyň täze ugurlaryna, önümleriň bazar aýlanyşygynyň emele getirilmeginiň zerurlygyna baha bermäge, ileri tutulýan ugurlara gaýtadan seretmäge, energetika howpsuzlygynyň, daşky gurşawyň goraglylygynyň meselelerini oňyn çözmäge şert döredýändigini bellediler.

Rahat Saidow, 

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň Logistika hünäriniň 4-nji ýyl talyby. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri