SIZDEN GELENLER

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň täze ugry

17 — 19-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda boldy. Bu sapar türkmen-hytaý hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny dürli ugurlarda has-da ösdürmäge giň mümkinçilik döretdi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan möhüm ulag geçelgeleriniň çatrygynda geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly çäkde ýerleşmek bilen, oňyn başlangyçlary öňe sürýär hem-de bu gadymy söwda ýoluny gaýtadan dikeltmek üçin ähli tagallalary edýär. Şeýle-de Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasynda netijeli dialogy üstünlikli ilerletmek üçin amatly ýagdaýyň kemala gelmegine ýardam berýär. Munuň özi «Bir guşak, bir ýol» halkara başlangyjynyň öňbaşçysy bolan Hytaýyň-da maksatlaryna gönüden-göni laýyk gelýär. Bu babatda «Bir guşak, bir ýoly» ýokary hilli gurmak hem-de umumy ösüşe we abadançylyga bilelikde ýetmek» şygary astynda geçirilen şu gezekki wekilçilikli çäre dostlukly halklaryň, Ýewraziýa yklymynda we bütin dünýäde howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine foruma gatnaşyjy ýurtlaryň netijeli hyzmatdaşlygynyň tutuş toplumynyň çuňlaşdyrylmagyna goşant goşar.
2013-nji ýylda Si Szinpin tarapyndan teklip edilen «Bir guşak, bir ýol» konsepsiýasy dünýä bileleşiginiň oňyn seslenmesine mynasyp boldy. Bu başlangyjyň maksady has köp sanly ýurtlaryň gatnaşmagynda hem-de gyzyklanma bildirýän döwletleriň serişdelerini peýdalanmak bilen, halkara söwda-maýa goýum taslamalaryny işjeňleşdirmekden ybaratdyr. Bu başlangyja eýýäm 150-den gowrak ýurt, halkara guramalaryň hem 30-dan köpüsi goşuldy. Şol bir wagtda, bu konsepsiýa Merkezi Aziýa, Ýewropa we Afrika ýurtlarynyň onlarçasyny birleşdirýän söwda-ulag geçelgeleriniň hereket edýänleriniň kämilleşdirilmegine, olaryň täzeleriniň döredilmegine gönükdirilendir. Geçen 10 ýylyň dowamynda bu başlangyç dürli agza döwletleriň ösüşine ykdysady-durmuş taýdan täsirini ýetirdi, köp sanly iş orunlarynyň döredilmegine, maýa goýumlaryň möçberiniň artmagyna, söwdanyň ösmegine, ulaglaryň özara baglanyşygynyň pugtalandyrylmagyna, medeniýet, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam etdi. Ilatyň durmuş we abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagynda uly orun eýeledi.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Bir guşak, bir ýol» üçünji halkara forumyna gatnaşmagy ýurdumyzyň şeýle iri halkara başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine esasy goşant goşýan döwletleriň biri bolup durýandygyny alamatlandyrýar. Hormatly Arkadagymyz çuňňur mazmunly çykyş etdi hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde Türkmenistanyň işjeň we başlangyçly ornuny tassyklady. Şunda energetika, ulag, kommunikasiýalar, ekologiýa, senagata we beýleki pudaklara «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak, ykdysadyýetde ýakynlaşmak işini çuňlaşdyrmak ýaly strategik ugurlara üns çekildi.
Ýokary derejeli duşuşyga gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň durmuşa geçirilmegi Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine mümkinçilik döretmek bilen, ählumumy ykdysady ösüşe kuwwatly itergi bermäge ýardam eder hem-de dünýä ösüşi üçin täze giňişligi açar. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, hemme ugurlarda özara baglanyşygyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary jemlemek boýunça ähli taraplaryň bilelikdäki işiniň möhümdigine aýratyn üns çekildi.

Amangeldi Hojamberdiýew, TOHU-nyň mugallymy.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri