DÜNÝÄ

Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy Rumyniýada bellener

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň binasynda ilçi A.Annaýew parlamentara türkmen-rumyn dostluk toparynyň başlygy A.K.Kolçar bilen duşuşdy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri we geljekki özara gatnaşyklar üçin mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ileri tutulýan ugurlar hökmünde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurlary kesgitlediler. Iki ýurduň arasynda parlamentara derejesinde oňyn özara gatnaşyklaryň bardygy bellenildi.

Medeni-ynsanperwer ugry boýunça hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, taraplar türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikdäki çäreleri geçirmek barada ylalaşdylar.

Related posts

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi

Arheologlar ýitip giden şäheri tapdylar

vepa

Aşgabatda howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahaty geçiriler

Ata Watan Eserleri