Paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda geçirilen “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň toý-baýramly günleriniň üstüni ýetirdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Ynsan saglygy iň gymmatly baýlyk hasaplanýar. Bu jähetden Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz tarapyndan dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň ”Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly: “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy uly ösüşleri başdan geçirýär.
Dünýäniň öňdebaryjy saglygy goraýyş merkezleri bilen hyzmatdaşlykda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, häzirki zaman lukmançylygynda gazanylýan tejribeler işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Bu işleriň beýany, şeýle-de, alym Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň saglyk ulgamynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler sergide giňden görkezildi.
Sergä halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň derman serişdelerini we lukmançylyk maksatly önümleri, lukmançylyk, sport enjamlaryny öndürmäge, bilim tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaga ýöriteleşen 30-dan gowrak ýurtdan wekiller gatnaşdy. Sergi bilen utgaşykly görnüşde geçiriljek ylmy maslahat bolsa dünýäniň 20-ä golaý döwletinden daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň alymlaryny, professorlaryny özünde jemledi.
Halkara sergide döwletimiziň ylym-bilim, sport we saglygy goraýyş ulgamlarynda ýeten sepgitlerini, geljekki ösüş meýilnamalaryny açyp görkezýän giň gerimli sergidäki pawilýonlarda ýörite bölümler döredilipdi.
Bilşimiz ýaly, öz döredilen wagtyndan bäri gazna bu ugurda netijeli işleri amala aşyryp gelýär. Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň 15-nji jildiniň tanyşdyrylyşy boldy. Kitap ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda çapdan çykdy.
Bilim ministrligi hem şu gezekki gözden geçirilişde gazanan üstünliklerini görkezdi. Bu ýerdäki diwarlyklardyr wideoşekiller myhmanlary ýurdumyzda sanly bilimiň yzygiderli ilerledilişi bilen tanyşdyrdy. Ol innowasiýalaryň, täze bilimleriň, ylymlaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we bäsdeşlige ukyplylygyň möhüm hereketlendiriji güýjüdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde milli bilim ulgamyny hem dünýä ülňülerine laýyk yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda 12 ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalary esasynda bu ulgamy dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrylýar. Bilim işgärleriniň has netijeli işlemegine, ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe berilmegine giň ýol açmak maksady bilen, ylmyň iň soňky gazananlaryny hem-de okatmagyň innowasion usullaryny bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar.
Allanur Buzlyýew,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň
Ykdysadyýet we dolandyryş hünäriniň 3-nji ýyl talyby.