SIZDEN GELENLER

Deňiz-derýa ulgamynyň üstünlikli ösüşleri

Häzirki wagtda ulag temasy bilermenler jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Türkmenistanyň global ulag hyzmatdaşlygyndaky orny oňa yzygiderli we maksatly häsiýet bermek, bu meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyny sebit derejesinden esasy halkara münberine – Birleşen Milletler Guramasynyň derejesine geçirmek zerurlygyna esaslanýar.

Bu babatda Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýe bolmalydyr, ýagny ol Ýewraziýanyň täze geo-ykdysady landşaftyny emele getirmegiň esaslarynyň birine öwrülmelidir diýip hasaplaýar.

Hut şonuň üçin-de, Türkmenistan özüniň we sebit bähbitlerinden ugur almak bilen, mundan on ýyldanam gowrak ozal geljekde diňe bir biziň ýurdumyzyň däl, eýsem tutuş sebitiň ulag we üstaşyr mümkinçilikleriniň artmagyna goşant goşup biljek degişli infrastruktura logistika binýadyny döretmäge başlady.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ulag ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, üstaşyr ulag geçelgeleriniň durnukly ulgamynyň pugtalandyrylmagyna, dünýäde syýasy ykdysady durnuklygy saklamaga, halkara gatnaşyklary ynanyşmaga, şol sanda ulag diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek ugrunda dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýär. Döwletli, döwranly ilimizde bagtyýar halkymyz ösen, ýokary derejeli ulag ulgamynyň ähli görnüşleriniň hyzmatlaryndan peýdalanýarlar. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň halkara abraýynyň belende galýandygynyň beýany bolup dabaralanýar.

Türkmenistanyň ulag üpjünçilik ulgamlarynda iri merkezleriň biri hem “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň  Türkmenbaşy  Halkara deňiz porty bolup durýar. Hazar deňziň kenarynda gurulan bu deňiz portyna  “Merkezi Aziýanyň Deňiz derwezesi” diýip atlandyrylmagy hem  ýöne ýerden däldir. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Halkara Portlar Assosiasiýasyna goşulmagy bilen, edilýän hyzmatlary  halkara standartlaryna laýyklykda amala aşyrmak, dünýäniň ösen portlarynyň tejribesini öwrenmek we ulanmak boýunça alnyp barylýan işler  dowam edip gelýär. Häzirki wagta çenli Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny mahabatlandyrmak işleri amala aşyrylýar. Bu maksat bilen halkara maslahatlara, halkara sergilere, iki taraply gepleşiklere, göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklara işjeň gatnaşýarlar.

 Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşýän, ýurdumyzda çalt depginde ösýän pudaklaryň  ýene biri  «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody » paýdarlar jemgiýetidir. Bu pudakda deňiz portunyň we söwda flotynyň dürli görnüşli deňizde ýüzýän gämileriň birnäçesi gysga wagtyň içinde düýpli, orta, we ýeňil abatlaýyş işleri  ýokary derejede  alnyp barylýar.

“Türkmendeňizderýaýollary ” agentligi tarapyndan gurdurylmagy göz öňüne tutulan gämileriň gurluşygyny amala aşyrmak «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» paýdarlar jemgyýeti hem Koreýa Respublikasynyň «Komea» deňiz enjamlaryny öwreniş assosiýasiýasy bilen gämi gurluşygyny taslamalaşdyrmak, ornaşdyrylan enjamlary, materiallary üpjün etmek, ylymyň öňdebaryjy tilsimlerini girizmek, gämi gurluşygynda ugurdaş senagat önümçiligini ornaşdyrmak ýaly, hyzmatlar ýerine ýetirmekde yzygiderli gepleşikler, duşuşyklar geçirildi. Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň netijeleri boýunça iki döwletiň arasynda gämi gurluşyk ugry boýunça üstünikli netijeler gazanyldy.

Golaýda, «Koryo Shuipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasy bilen «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda «Ýük göterijiligi 6100 tonna bolan iki sany gury ýük gämileriniň gurluşygyny taslamalaşdyrmak we tehniki hünärmenleri bilen üpjün etmek barada» we «Ýük göterijiligi 6100 tonna bolan iki sany gury ýük gämileriniň gurluşygy üçin enjamlar we materiallar bilen üpjün etmek barada» iki sany şertnama gol çekmek dabarasy geçirildi.

Osman Atajanow, 

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri