Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä uzaýan dost-doganlyk ýollarymyz ynsanperwerlige ýugrulan hemişelik Bitaraplyk syýasatymyz bilen utgaşýar. Dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlarynda degişli ýollary baglanyşdyrýan esasy ýollarda milli düzümi has-da giňeltmek ýurdumyzyň ulag diplomatiýasyny ösdürmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň esasyny düzýär.
Ýurdumyzyň çäginden geçýän Ýewropa — Kawkaz — Aziýa, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgeleriniň sebitde we dünýäde halkara söwdanyň ösmeginde ähmiýeti artýar.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly ykdysady syýasaty Garaşsyz döwletimiziň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň durnukly ösdürilmeginde uly ähmiýete eýe bolýar. Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň bady artýar.
Galkynyşly döwrümizde ýurdumyzyň ulag ulgamyny çalt depginlerde ösdürmekde belent sepgitlere eýe bolunýar. Döwletimiziň ulag ulgamynda demir ýollaryň eýeleýän orny uludyr. Polat ýollar halk hojalyk ýüklerini daşamakda, ýolagçylary gatnatmakda iň amatly hem-de ykdysady taýdan bähbitli ulag ulgamydyr.
Ýol-ulag ulgamynyň, şol sanda Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşindäki orny barha berkeýär. Bu mümkinçilik bolsa, ulanmaga berlenine beýle bir uzak wagtyň geçmändigine garamazdan, onuň Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygyndaky kuwwatly logistik merkeze öwrülmeginde esasy görkeziji bolup hyzmat edýär. Netijede, türkmen portunyň deňiz, awtoulag, demir we howa ýollaryny ulanmak arkaly ýük daşalyşyny utgaşdyrmakda esasy merkezleriň biri hökmündäki orny yzygiderli pugtalandyrylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, täze gämileriň satyn alynmagy onuň ukyplylygyny has-da artdyrdy. Netijede, Türkmenistanyň deňiz portlaryndan «RO-PAХ» görnüşli «Berkarar» we «Bagtyýar» gämileri bilen Hazarýaka portlara ýolagçylardyr ulag akymynyň işjeňligi, üstaşyr daşalýan ýükleriň möçberi artdy. Şunda Garabogazda öndürilen senagat çig mallaryna, Gyýanlydaky polimer zawodynda öndürilýän polietilen we polipropilene, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümi bolan nebit we nebit önümlerine aýratyn orun degişli bolup durýar. Bu önümler gürrüňi edilýän deňiz portundan Türkiýe, Russiýa, Rumyniýa ýaly döwletleriň ençemesine eksport edilýär.
Hawa, ulag-aragatnaşyk ulgamy döwletiň durnukly ösüşiniň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilýär. Her bir döwlet, şol sanda Türkmenistan hem öz geografik taýdan amatly ýerleşişini we önümçilik mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna, milli ösüşi üpjün etmek üçin zerur bolan geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýär. Şeýle ýagdaý dürli ugurlarda amala aşyrylýan halkara ähmiýetli ulag gatnawlarynyň artmagyna, ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň we syýahatçylygyň ösmegine itergi berýär. Şunda ulag hyzmatlarynyň eksportyna, üstaşyr geçirmäge hem derwaýys orun degişlidir. Häzirki wagtda Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky söwdanyň esasy bazarlaryň biridigini nazarda tutanyňda we onda öz aragatnaşyk ulgamyna sebitara ýük gatnawyny çekmegi başarýandygyny hasaba alanyňda, Türkmenistanyň geljekde hem uly bähbitlere eýe boljakdygy şübhesizdir.
Atabaý Geldiýew,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.