DÜNÝÄ

Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşk toplumynda ýerleşýän Prezident kitaphanasynyň binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy “EkoAwrasiýa” gaznasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat gurady. Bu barada Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.

Halkara maslahata deputatlar, Daşary işler ministrliginiň we Türkiýäniň Medeniýet ministrliginiň wekilleri, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, türkmen talyplary hem-de  metbugat wekilleri gatnaşdy.

Halkara maslahatyň açylyş dabarasynda edilen çykyşlarda  häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ynamly öňe barýandygy, ähli ugurlarda uly möçberli ösüşleriň gazanylýandygy bellenildi.

Umumy mejlisde çykyş edenler Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda daşary syýasatda we diplomatiýada, ykdysady pudaklary hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmakda we ilatyň durmuş abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanmagynda gazanan möhüm üstünlikleri barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Uly göwrümli özgertmeleriň Türkmenistanda netijeli durmuşa geçirilýändigi we durmuş-ykdysady ösüşde özgerişlikleriň, milli maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilýändigi aýratyn nygtaldy.

Maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan sergi guraldy. Şeýle hem sergide türkmen halkynyň amaly sungatynyň ajaýyp nusgalary, haly we şaý-sepler görkezildi.

Kitap diwarlygynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri, şeýle hem häzirki Türkmenistanyň, türkmen halkynyň asyl däp-dessurlary we ägirt uly özgerişler hakda gürrüň berýän beýleki suratly neşirler görkezildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara türkmen tagamlary hödür edildi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri