DÜNÝÄ

Kapadokiýada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bellendi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy hem-de Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň Türkiýäniň Kapadokiýa uniwersiteti bilen bilelikde “Türkmen-Türk doganlyk gatnaşyklarynyň ösüşi” atly çäreler toplumy geçirildi.

Ýagny, ir säher sagat 06:00-da Türkiýe Respublikasynyň gözel tebigaty bilen meşhur syýahatçylyk ýeri bolan Kapadokiýada “Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy gutly-mübärek bolsun! Ýaşasyn Türkmen-Türk dost-doganlyk gatnaşyklary” atly ýazgy hem-de iki döwletiň baýdaklary bilen bezelen bu ýeriň syýahatçylyk nyşany bolan gaz arkaly uçurylýan şar (balon) uçyryldy.

Çäre 5 bäş sany Türkmen milli egin-eşikli (gyrmyzy don we ak silkme telpek) ýigitlerimiziň at üstündäki ýörişi bilen dowam edildi.

Şeýle hem, sagat 10:00-da Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi M.Işangulyýew bilen Türkiýäniň Kapadikiýa Uniwesitetiniň rektory Hasan Ali Karasaryň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek
hem-de Türkmenistanyň ýaşlarynyň bu uniwersitetde bilim almak mümkinçilikleri bilen tanyşmak maksady bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykdan soňra Ilçi M.Işangulyýewiň hem-de rektor Hasan Ali Karasaryň gatnaşmagynda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy we Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy” atly serginiň açylyş dabarasy geçirildi.

Sergiden soňra ähli myhmanlar Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy, Türkiýe Respublikasynyň 100 ýyllygy  we Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahatyna gatnaşdylar.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Arap atlary jemgyýetiniň Baş direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Halkara Sanly Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän ýaşlar forumyna gatnaşýar

Türkmenistan syýahatçylykda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Türkmenistanda «Tatar kyzy» halkara bäsleşigi geçiriler