Her gezek “Atawatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň redaksiýasyna baranymda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hudaýberdi Diwangulyýew ýatlanýar. Žurnalyň redaksiýasy Hudaýberdi aga bilen köp işleşensoň, ol barada giňişleýin makala ýazylyp, okyjylar köpçüligine ýetirilmek islegi özboluşly ýagdaý hem diýseň bolar.
Redaksiýa tarapyndan: – gelneje, Hudaýberdi aga hakynda siz ýazyp bilmersiňizmi? — diýip ýüzlenildi. Ýazyp bilerin, ýöne entek ol barada kän bir täsirli maglumatym ýok. Tirkeşen dost ýarlaryndan, ýakyndan tanaýan adamlardan maglumat toplaýyn — diýip ýagdaýymy aýdýan. Herki zadyň nesibeli güni bar. Şu makala bir eýýäm ýazylmalydy. Ýazyjynyň maşgala ojagyna jaň edip, gyzy bilen gürleşdik. Ol: «Entek, ejem ýarawsyz ýatyr, soň habarlaşaýarys» diýdi. Soň özüm ýarawsyz bolup, habar tutup bilmedim. Onsoň öýlerine ýene telim gezek jaň etdim, (saglyk bolsun) ýöne jaň alýan ýok. Ýazyjynyň gyzynyň, oglunyň birden-biriniň el telefon belgisinem almandyryn, öý salgylarynam anyk bilemok. Onsoň halypa žurnalist Kümüş Meläýewa jaň edip:
— Gelneje, ýazyjy Hudaýberdi Diwangulyýew hakynda makala ýazjak bolýan welin, siz bu barada nämeler bilýäňiz? — diýip soradym. Ol:
— Biz olar bilen saçakly gatnaşýarys. Hudaýberdiniň aýaly Bibi bilen bileräk deň-duş. Bibi bilen häzirki Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynda bile okadyk. Hudaýberdi bilen ýoldaşym Hojanepes Meläýew bile okadylar, kursdaş. Häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetini gutardylar. Içen suwy aýry gitmedik dostdular. Ählimiz deň-duş. Özümizem Daşoguz welaýatyndan, ýöne etrabymyz aýry. Biz welaýatyň Görogly etrabyndan, Hudaýberdi öňki Ýylanly etrabyndan. Hudaýberdiniň dagyň bölegi ýaly iki ogly, dört gyzy bar. Uly oglunyň ady Şöhrat, kiçi oglunyň ady häzir ýadymda däl. (Geň görme, häzir segsen üç ýaşymda) Bilenimden ýadyma düşenini aýdaýyn. Hudaýberdi üç oglan, üç gyz doganyň körpesi. Iň uly aýal dogany Annagül, onsoň Aýjan hemem Garagyz atly aýal doganlary bardy. Uly agasy Töre, ortanjy Gaýyp, iň kiçilerem Hudaýberdi. Hudaýberdi bir ýaşyndaka ejesi ýogalan. Maşgaladaky ähli doganlaryny uly aýal doganlary Annagül pahyr okadyp, öýli-işikli edip hossarlyk etdi. Annagül Söwda ministriniň orunbasary bolup işleýärdi. Häzir alty doganyň diňe Aýjandan galany aýatda ýok. Aýjan bir mahal-a Aşgabadyň Gara Seýitliýew adyndaky Medeni-aň bilim tehnikumynda mugallym bolup işleýärdi — diýip gürrüň berdi. Şol pursat: — Gelneje, «Aýjan mugallym» diýýäniňiz Aýjan Saparowamy? Eger şol bolsa, ol tehnikumda meniňem biraz wagt mugallymym boldy — diýip, onuň sözüni böldüm.
— Hawa, şol. Ol Çuwal bagşy — Magtymguly Garlyýewiň gyjakçysy bolan Sapar Bekiniň ogly Orazmuhammediň maşgalasy. Aýjana «Aýjan Saparowna, maňa-da Kümüş Meläýewna» diýip ýüzlenýärler. Şonda men oňa: — Ikimize-de ata ornuna mynasyp görmeli gaýyn ata duşdy. Şoň üçin sen-ä Saparowna diýleniňe, menem Meläýewna diýlenimize buýsanmaga hakymyz bardyr — diýenimde, Orazmuhammet şeýlebir begendi.
Hudaýberdi gazet-žurnallarda dürli wezipelerde işledi. Päli pes gowy adamdy. Döredijiligi hakynda aýtsam ol köplenç fantastik eserleri ýazýardy. Onuň «Çuwal bagşy» romany şowly çykan eserleriniň biri. Hojanepes bilen edebiýatyň, döredijiligiň söhbedini edip öýümizde häli-şindi oturardylar. Bibi häzir aýatda bar, togsan ýaşa ýetip barýandyr. Gürrüňdeş bolup bilseň-ä olam kän zatlar aýdyp berer — diýdi-de: — Wiý, ýogsa-da, özüňem Hudaýberdi bilen bir ýerräkde işlänsiň-ä? — diýip sowal berdi.
Hudaýberdi aga bilen edil bir redaksiýada-ha işleşmedik, ýöne bir edaradan girip çykamyzsoň, ol kä wagt zalda ýa-da ýolugra gabat gelýärdi. Baş atyp salamlaşardyk. Ýekeje gezegem onuň sesini gataldyp gürläp gelýänine duşmadym. Ýogsa haçan görseň ýany adamlydy. Kärdeşleri gapdalynda degşip-gülşüp gelýändir welin, ol ýylgyryp ýanyndakylardan başga adam eşider ýaly gürlemezdi. Onuň bilen dürli ýerlerde guralan baýramçylyk dabaralaryna-da gatnaşypdyk.
Bir gezek şahyr Kerim aganyň agtygy öýlenende «Bägül» toý mekanyna bardyk. Şonda Hudaýberdi aga, Baýram aga (Jütdiýew), Gurbanýaz aga, (Daşgynow) üçüsem şol toýa bardylar. Üçüsiniň bir stoluň başynda oturany, soňam üç bolup toý gutlagyny aýdyp söz sözlänleri ýadymda. Toýda maňa-da söz berdiler, ýöne halypalaryň ýanynda gutlag aýtmaga çekinip, olardan soň aýratyn gutlag aýdypdym. Olaryň şol toýda aýdan gutlag sözlerini gulaga öwrülip diňlejekdim, ýöne ses gataldyjy enjamyň näsazlygy sebäpli olaryň hiç biriniň gutlagyny eşidip bilmedim. Häzirem «şonda olar nähili gowy sözler aýdandyr, ýöne eşidip bilmedim-dä» diýip gynanýan.
Hudaýberdi aga ýogalmazynyň öň ýanlarydy. Onuň bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde guralan baýramçylyk dabarasyna gatnaşdyk. Ýazyjynyň has gojalan wagty bolansoň, göwresi şeýlebir kiçelipdir eken. Hatar bolup oturgyçda otyrys welin, kärdeşleň arasynda bir gysym bolup otyrdy. Şonda muzeýiň şol wagtky direktory Öwez (aga) Mämmetnurow uly hormat bilen, göwün göteriji sözleri bagyşlap ilki bilen Hudaýberdi aga söz nobatyny berdi. Ol pessaýja ses bilen biraz gürledi-de: «Adamlar, meni bagyşlaň, kän ýarawymyň ugry ýok, rugsat berseňiz gaýdaýyn. Baýramçylygyňyz gutly-mübärek bolsun! Dabaraňyzy üstünlikli sowuň! Saglykda toýlarda görşeliň!» diýip, ýuwaşlyk bilen basgançakdan düşüp ýöräp ugrady. Öwez aga ony ýene egin deňläp ýola salyp ugratdy. Şol gezek Hudaýberdi agany iň soňky gezek ýüzbe-ýüz görşüm boldy. Dabara tamamlanansoň kärdeşler bolup bile gaýtdyk. Ýolda gelýäs welin kärdeşimiz Aşyrmät Garly Hudaýberdi aganyň şeýle gojalyp eginleri gaçan ýaly halda görenine gynanyp: — Halypa, gaty ýaranok öýdýän gynanaýdym. Öz-ä zor, adamdyr. Bir mahal wezipeden boşadylyp işsiz oturdym. Şonda ol jaň edip ýanyna çagyrdy. Barsam: — Sen henizem işe gireňokmy? — diýdi. Başga ugurdan-a işläsim gelenok, öz ugrumdanam boş ýer bar bolsa-da «işe almaga çekinýäs» — diýip alanoklar — diýdim. Ol: — Ertiriň özünde gel, men işe alýan seni. Eger seni işe alanym üçin işden boşadylsam, onda ikimiziňem çagalarymyz bile aç oturybersinler — diýdi — diýip, tolgunyp gürrüň berdi. Dogrymy aýdaýyn, öň Hudaýberdi aga onuň ýaly belent adamkärçilikli adamdyr diýen garaýşym ýokdy. Şonda oňa şeýlebir göwnüm ýetdi. Ýekeje bir pursadyň mysalynda Hudaýberdi aga bolan garaýşym düýpgöter üýtgedi. Ýogsa men onuň bilen iş salşyp gören, ýa bir gürrüňdeş bolan ýerimem ýok welin, birhili öz ýanymdan «gaty artykmaç adam eken-ow» diýenimi duýman galdym.
Hudaýberdi aga hakynda gürrüň gozgalanda ony hökman «Çuwal bagşy» romany bilen ýatlaýarlar. Şol eseriniň has şowly çykmagynyň esasy sebäbi Kümüş Meläýewanyň aýdyşy ýaly meşhur gyjakçy Sapar Bekiler bilen guda bolansoň, ýazyja Magtymguly Garlyýew hakynda has täsirli anyk maglumatlar elýeterli bolandyr diýen pikir seriňde jemlenýär. Ýazyjynyň tirkeşen deň-duş ýazyjylary hakynda ýazan makalalaryny gazet-žurnallardan okaýan. Şahyrlar Gurbannazar Ezizow, Italmaz Nuryýew hakynda ýazan ýatlamalary ýadymda. Ol öz döredijiligi hakynda aýdylan belliklerem dogry kabul edip, okyjylara bolşy ýaly aýdyp bilýärdi.
Hudaýberdi aga bilen Baýram aganyň köplenç bile tirkeşip ýörenine telim gezek gabat gelemsoň arada Baýram aga jaň etdim. Ol şonda şeýle gürrüň berdi. «Hudaýberdi sowatly adamdyr. Kän ýyl uly wezipelerde işledi. «Ýaş kommunist» gazetinde esli ýyl baş redaktor boldy. «Aşgabat agşamlary» gazetiniň, «Ýaşlyk» žurnalynyň, «Galkynyş» gazetiniň baş redaktory,Türkmenistanyň neşirýat, poligrafiýa we kitap söwdasy baradaky komitetiň başlygy… boldy. Onuň «Çuwal bagşy» romanyny «Sowet edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory wagtym ilkinji bolup redaktirlän özüm. Onuň ýazyjy Nobatguly Rejebow bilen bilelikde ýazan «Gedaý bagşy» pýessasy Daşoguz welaýat teatrynda sahnalaşdyryldy. Ýalňyşmasam Türkmenistanyň halk artisti Artyk Jallyýew sahnalaşdyrdy. Hudaýberdi bilen kän tirkeşdik, bile duz iýen adam. Men onuň žurnalist hökmünde başarnygyny has ýokary görýän. Onuň ownukly-irili eserleri kän. «Göwher ýüzüklije gelin» atly eseri ýadyma düşýär, ýöne ol fantastik eserler ýazardy — diýip gürrüň berdi. Ýazyjy bilen gürrüňdeş bolan adamlaryň täsirli gürrüňleri biri birinden gyzykly. Şonuň üçin makalamyzyň şu ýerinde ýazyjy barada halypa mirasgär, kärdeşimiz Atamyrat Şagulyýewiňem ol barada aýdanlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik. Ol:
— Hudaýberdi aga bilen öňräkden tanyş hem ýakyn gatnaşykda bolduk. Ol «Galkynyş» gazetinde baş redaktor wagty redaksiýa miras bilen bagly makala eltýärdim. Şonda ol «makalaňda miras hakynda bir zatjyklar bar» diýip her gezek elten makalamy gazetde çap ederdi. Ine-de, bir gün Gyzylarbatdan halk arasynda Atda Gurbangeldi ady bilen tanalýan pähimçi Nursähet aga — Atda däde geldi. Ol elinde Hudaýberdi aganyň «Çuwal bagşy» kitabyny göterip: «Gaýrat edip, şu kitabyň awtoryny tapyp ber! Onuň bilen şu kitap hakynda gürrüňdeş boljak» diýdi. Şonda Atda dädäni onuň ýanyna äkitdim. O wagtlar Hudaýberdi aga ýurdumyzyň gazetleriniň birinde işleýärdi. Gazetiň iş ýerinde ähli mümkinçilik bardy. Myhman bilen çaýlaşmaga, oturyp söhbet etmäge aýratyn otag şerti bar eken. Şonda Atda däde Hudaýberdi aga: «Mümkin bolsa, size bir sowalym bar» diýip ýüzlendi. Hudaýberdi aga: «Menem özüň ýaly, sähraýy, oba adamy, arkaýyn soragyň bolsa beriber» diýdi. Atda däde: «Öňde-soňda türkmeniň dulunda agramly kitap saklanmaly bolsa, şol kitaplaryň arasynda şu kitabam biri bolar» diýip baha berdi. Özem şo sözleri damagy dolup aýtdy. Soňra-da ol: «Oýtakda ýatamda bu kitap hemram boldy, ýöne şu kitap birhili gutarman galana meňzeýär welin, ýa bu kitabyň yzyny ýene-de dowam etdirmekçimi?» diýip sorady. Hudaýberdi aga gülüp: «Ýaşuly, kitaba çuňňur düşünipsiňiz. Kitabyň dowamyny ýene ýazyp ýörün» diýdi. Soň olar häli-şindi jaňlaşýardylar. Hudaýberdi aga bilen soň menem kän ýerlerde duşuşyp gabat geldik. Şahyr Gurbannazar Ezizowyň ejesi Gülnabat eje ýogalanda, ol Gökdepäniň «Gurbanmyrat Işan» gonamçylygynda ýerlendi. Şonda Hudaýberdi aga bilen bir ulagda bile gitdik. Ol Gurbannazar şahyr bilen kursdaş. Ýol boýy Gurbannazar bilen bile okan döwründe olaryň öýlerine kän barandygyny, Gülnabat ejäniň duzuny kän iýendigi ýatlap ulagdaky adamlara gürrüň berdi.
Häzirki işleýän žurnalymyzyň baş redaktory Gurbannazar Ezizowyň gyzy bolansoň, Hudaýberdi aga iş ýerimize-de köplenç gelip, Ýazgüle kakasy bilen bagly ýatlamalary kän gürrüň bererdi. Päli pes, gezime çykanda-da, ýarym sagadyny edebiýat hakyndaky söhbede syrykdyrardy — diýip, Atamyrat aga gürrüň berdi. Onuň bu gürrüňlerinden soňra Hudaýberdi aganyň terjimehaly bilen gyzyklanyp internet sahypalaryndan maglumat gözledim. «Atawatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň saýtynda Hudaýberdi aga bakyýete göç edende berlen gynanç habary bar eken. Şol habardan Hudaýberdi aganyň 1941-nji ýylyň 18-nji iýulynda doglandygyny hemem 2020-nji ýylda ýogalandygyny bildim. Eýýäm, halypa ýazyjynyň dünýeden gaýdanyna-da üç ýyl bolupdyr. Imanyň hemra, ýatan ýeriň ýagty bolsun, Halypa! Kärdeşleriňiz sizi hemişe ýagşylykda ýatlaýarlar.
Akgül Saparowa.