SIZDEN GELENLER

Montessori usulyýetiniň esasy üç pedagogik-psihologik ýörelgeleri

“Muny özümiň etmegime ýardam beräýiň” diýip,

 çagalar bize ösüşleriniň iň derwaýys zerurlygyny aýan edýärler.

Mariýa Montessori

ÝUNESKO-nyň ykrary boýunça XX asyryň okuw-terbiýeçilik işlerinde pedagogiki pikirlenişiň üýtgemegini ýola goýan dört esasy alymlar fransuz pedagogy S.Frene, amerikan pedagogy J.Dui,  awstriýaly pedagog R.Şteýner we italýan pedagogy Mariýa Montessoridir. Bu pedagogiki ägirtleriň usullary häzirki döwürde hem ýörgünli ulanylýar. Olaryň usulyýetiniň özeni uly kişi ýa-da mugallym merkezde bolman, çaga merkezde hasaplanylýar. Bu düşünje diňe teoriýada ýerini tapman, eýsem tejribede hem öz hasylyny berýär.

Ýeri gelende aýtsak, häzirki döwürde, dünýä boýunça Montessori usulyýetini peýdalanyp, köp çagalar baglary we irki çagalyk döwrüniň ösüşi boýunça merkezler öz işlerini dowam edýärler. M.Montessori çaga öwrenýärkä beýnisiniň işleýşini we täze maglumatlary kabul edişini syn etme usuly bilen anyklaýar. Ol çaganyň öwrenmegi üçin ulularyň esasy üç şerti berjaý etmelidigini belläp geçýär:

1) çaga tejribede ýa-da durmuşda öwrenmek üçin mümkinçilik döretmeli;

2) öwredilende, yzygiderlilik bolmaly;

3) öwredilýän çagada gyzyklanma ýa-da itergi döretmeli.

Ýokarda agzalanlary üç sany aýrylmaz bölegiň bütewiliginde durmuşa geçirip bolýar. Olar: çaganyň ösüşine oňaýly täsir edýän daşky gurşaw, çaga we taýýarlykly uly kişi. M.Montessori öz çykyşynda hem “Uly kişi, çaga we daşky gurşaw üç sany aýrylmaz bölegiň bütewilidir.” diýip nygtaýar.[2]

Daşky gurşaw çaga üçin niýetlenilen bolmalydyr. Onda hemme tekjeler açyk bolmaly. Tekjelerde durýan oýunjaklar, öwrenilýän sanlar we harplar, ulanylýan serişdeler we enjamlar öwredilýäniň boýy üçin elýeterli derejede durmaly, göterip biläýjek agramyna laýyk gelmeli, eline sygmalydyr. Olar toplumlara bölünip, hersi ýekeje nusgada durýar. Montessori otagy bäş-alty zolakdan durup, sensorika, dil we okamak, matematika, tebigat, sungat we adaty durmuş işlerini berjaý edilýän zolaklarydyr.

Bu gurşawda ulynyň taýýarlygy hökmany bolup durýar. Mugallym ýa-da ene-ata çaganyň bu gurşawy özleşdirmegi üçin sabyrly, tutanýerli, adalatly bolmak bilen çäklenmän, çaga ösüşiniň senzitiw döwürlerini bilýän, otagyň her bir bölegindäki materialy dogry we anyk düşündirmäge, irginsiz şol bir zady köp gezek gaýtalamaga we her bir hereketiniň sebäbini düşündirmäge ukyply bolmalydyr.

Mugallym Montessori usulyýetiniň esasy pedagogik-psihologik ýörelgelerini ulanyp, çaganyň özüni alyp barşyna we içki itergisine oňaýly täsir edip bilýär.

  1. Erkinlik we tertip

“Erkinlik” we “tertip”, göräýmäge, iki gapma-garşylykly düşünje ýalydyr. Çagalara erkinlik bermek hemme zada rugsat bermek ýaly düşünilip bilner. Ýogsa-da, çaganyň hemme işlerinde erkinlik berilse, ol lälik bolup ýetişmezmi?

Hanym Montessori öz gözlegleriniň esasynda çaga erkinlik bermek, onuň bilen uly adam bilen gürleşýän ýaly gürleşmek, her bir hereketiň, işiň, düşünjäniň nireden gelip çykandygyny düşündirmegiň wajypdygyny belläp geçýär.

Terbiýeleýänler tarapyndan buýruklaryň we şertleriň üsti bilen edilen hereketler wagtlaýynça öz täsirini tapyp biler. Emma, çaganyň özüniň belli bir karara gelmegi, özi saýlamagy onda içki tertip döredýär we uzak wagtlaýyn täsir edýär. Professor Montessori: “Erkinlik – bu halaýan zadyňy etmek üçin erkin bolmak däl-de; hiç bir kömeksiz hereket etmegi başarmakdyr.” – diýip belläp geçýär. [1]

Çünki, her bir çagada içki tertip bar, ýöne ony ýüze çykarmak üçin wagt we erkinlik gerek bolýar. Elbetde, çagalara erkinligi bermezden öň olara haýsy hereketleriň dogry we haýsylaryň nädogry hasaplanýandygyny, beýlekileriň hem erkinligi bardygyny we olara hormat goýmalydygyny düşündirmeli, her bir edilýän hereketleriň sebäplerini we soňky bolup biläýjek netijesini aňyna guýmalydyr.

Montessori otagynda çaganyň erkinligi – bu onuň etjek hereketlerini, okamak isleýän kitaplaryny, öwrenesi gelýän materiallaryny, öz yzyndan arassalamagy, otagyň içinde ulanasy gelýän zatlaryny, gürrüňdeşlerini özi saýlamagydyr. Ol öwrenen zatlaryny özi synap görmegi, barlamagy, başarmagy çagada öz-özüne ynamy döredýär. Bu bolsa Montessori usulynda “Muny özümiň etmegime ýardam beräýiň” diýen jümle bilen baglanyşyklydyr.

Terbiýelenýänleriň özleriniň iş başarmaklary özlerini uly adam ýaly duýmagyna getirýär. Durmuşdan mysal alanymyzda, köplenç ulular öz çagasyna işi ynanman, ösüşinden ir görüp, şol işi perzendi üçin özleriniň edip berenini ýerlikli görýärler. Bu hereketleriň netijesi hem çaganyň ululara garaşly bolmagyna, olaryň erkinliginiň çäklendirilmegine we özüne ynamsyzlyga eltýär.

  1. Özbaşdaklyk

Mariýa Montessori ýyllarboýy geçiren ylmy barlaglarynda çagalary syn edensoň, bu usulyň  ýene bir aýrylmaz özeni çaganyň özbaşdaklygy diýip hasaplaýar. Çaganyň özbaşdaklygyny akyl ýetirmegiň bir görnüşi hökmünde görüp, dünýäni öwrenmek we gyzyklanma döretmäge itergi berýändigini ündeýär.  Muny, mysal hökmünde, altyn tapmak bilen deňeşdireli. Eger-de, biz çaga bir bölek altyn tapyp bersek, çaga wagtlaýynça begener we ol hadysany ýadyndan tiz çykarar, emma, şol altyny özi tapsa, ol wakany ömürboýy ýadynda saklar. Bu usulda hem, çaganyň özi altyn tapyşy ýaly, otagyň ähli zolaklaryndaky zatlary özi saýlamagy, ugruny tapmagy, özbaşdak ulanyp bilmegi özüne ynamyny artdyrýar, güýç berýär, höwes döredýär we aýgytlylyk häsiýetini ösdürýär.

Montessori otagynda ähli zolaklaryň çagalaryň tutup biläýjek ölçeginde bolmagy, oturgyçlaryň we partalaryň, stoluň olaryň boýlaryna laýyk bolmagy özbaşdak hereket etmegine ýardam berýär.

Bu otagdaky çagalaryň işleri we öwrenenleri mugallym tarapyndan bahalandyrylmaýar. Çagalar öwrenýän materiallaryny özleri barlamaga we bahalandyrmaga şertler döredilýär. Montessori usulyýetiniň materiallarynda çagalaryň öwrenen zadyny ýörite barlamak üçin aýratyn reňkler bilen tapawutlanan bellikler bar.  Bu bolsa, çaganyň öz eden işine özüniň baha bermegine, özüni tanamagyna, içki “meniň” döremegine täsir edýär. Olar temmiden gorkup ýa-da gowy baha almak üçin däl-de, içinden gelen höwesiniň bardygy, gyzyklydygy üçin täze zatlary öwrenýärler.

  1. Ýalňyşmaga mümkinçilik

Çagalar ýalňyşlyklaryň we synanşyklaryň üsti bilen öwrenýärler. Ýalňyşmak käbir ýagdaýlarda, çagalary gaharlanmagyna, tukatlyga, işi soňuna çenli ýetirmezligine ýa-da gynanmagyna getirip biler. Montessori usulynda bolsa, mugallym çaga hemme adamlaryň ýalňyşýandygyny, indiki synanşyklaryň ugruna boljakdygyny düşündirýär; şonda dörän emosiýalary başdan geçirip, olara düşünmäge, kabul etmäge, ýeňip geçmäge ýardam berýär.

Ondan başga-da, goýberilen ýalňyşlyklaryň öwezini doldurmagyň ugruny gözlemegiň ýollaryny maslahat berip biler. Çaga tötänlikden käsäni elinden gaçyrsa we käse döwülse, adatça ene-ata näme diýýär? Seresap bolmagy maslahat berip, özleri ýygnar diýsek, ýalňyşmarys. Ondan beter hem, 3-6 ýaş aralygyndaky çaga käsäni elinden gaçyryp döwäýse, hiç hili düşündirmezden uly adam çagany goýberilen ýalňyşlygy üçin käýäp, indikide eline käse bermese-de geň görülmez. Montessoride bolsa ulular indiki gezek käsäni berk tutmalydygyny, ýuwaş ýöräp, aýagynyň aşagyna seretmelidigini, derrew beýlekileriň howpsuzlygy üçin ýerdäki bölekleri aýyrmalydygyny, näme bilen arassalap bolýanyny düşündirýär we çagany ugrukdyrýar. Bu bolsa “seresap” sözüniň has anyk görnüşi, munda çaga indiki gezek bu ýagdaýda haýsy hereketleri etmelidigini anyk biler.

Şeýlelikde, çaganyň öz ýalňyşyny özüne düzetmäge ýol bermek, şol käse bölejiklerini howpsuz aýyrmaga ugrukdyrmak, zatlaryň döwülip-zaýalanmagyň adaty zatdygyny ýatlatmak mugallymyň wajyp wezipesidir.

Montessori usuly 100-den gowrak ýyl mundan öň peýda bolanyna garamazdan, häzirki wagta çenli bütin dünýäde giňden peýdalanylyp, bilim we terbiýe bermekde döwrüň öňdebaryjy usullarynyň biri hökmünde tanalýar. Biziň ýurdumyzda hem Aşgabat şäherinde “Perzent bilim merkezinde” mekdebe çenli ýaşly çagalary terbiýelemekde we olaryň ene-atalaryna bu usuly öý şertlerinde durmuşa geçirmekde, çagalaryň psihologiýasyna aralaşmakda, öz perzentleri bilen sazlaşykly we dostlukly gatnaşyklary saklamakda ulanylýan tilsimleri öwretmek üçin işler alnyp barylýar.

Ýekaterina Geldimuradowa,

“Perzent” bilim merkeziniň direktorynyň orunbasary

Açilowa Gözel,

“Perzent” bilim merkeziniň mugallymy

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri