MEDENIÝET

Aýdymlary dost-doganlyk owazy

Türkmen opera sungatynyň pajarlap ösmegine ägirt uly  goşant goşan Maýa Kulyýewa  bilbil owazy bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Milli medeniýetine egsilmez goşant goşan ussatlaryň biridir. Maýa Kulyýewa doganlyk halklaryň dillerinde hem ençeme aýdymlary ussatlarça ýerine ýetirip, agzybirligi, parahatlygy şirin owazy bilen äleme ýaýdy.

Halypa aýdymçy “Zöhre-Tahyr”, “Leýli-Mežnun”,  “Şasenem-Garyp”, “Abadan”, “Aýna” ýaly operalarda baş gahrymanlaryň keşplerini ýatda galyjy we ynandyryjy janlandyrmagy başaryp, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Ol ýaşlaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykaryp, özi ýaly tanymal sungat ussady bolup ýetişmegi barada alada etdi. Zehinli ýaşlar bilen geçirilýän döredijilik duşuşyklarynda ol milli sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan halypalar, olaryň bu ugurda bitiren hyzmatlary barada gürrüň bererdi. Türkmeniň saýrak bilbili, ussatlaryň halypasy Medeniýet Şahberdiýewanyň hem-de Annagül Annagulyýewanyň, ussat kompozitorymyz Nury Halmämmedowyň, Weli Muhadowyň ýene-de onlarça halypalaryň  adyny örän buýsançly aýdardy.

2012-nji ýylda Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda “Zöhre-Tahyr” operasy görkezildi. Halypalar Maýa Kulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa, Ene Baýramberdiýewa bu opera tomaşaçy hökmünde gatnaşyp ýaş artistleriň çykyşyny diňlediler. Ussat halypalar opera tamamlanandan soň özünde galan täsirleri barada çykyş edip, ýaşlara bolan guwanjyny beýan etdiler. Şol duşuşyga gatnaş, ussat halypalar Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa, Halkyň gahrymany, Dünýäniň saýrak bilbili, Ussat mugallym Medeniýet Şahberdiýewa, Türkmenistanyň halk artisti Ene Baýramberdiýewa ýaly ägirtler bilen ýakyndan tanyşmak bagtyna  eýe bolanymy men ömrümiň iň bir ajaýyp pursady hökmünde ýatlaýaryn.

Dabaraly duşuşykdan soňra gujagy elwan güllerden doly halypa ussatlarymyz teatryň gapysyna ýöneldi. Men ol gülleri halypalaryň öýüne äkidişmäge ýardam etmäge höwes bildirdim. Bu sözüme mähriban ejemi ýatladyp duran ussatlarymyz diýseň hoşal boldy. Men bolsa olary ýörite awtoulag bilen hersini öz mukaddes öýüne düşürdim. Şol günüň ertesi meni Maýa daýza öz öýüne myhmançylyga çagyrdy. Maýa daýza maňa öz ogly hökmünde çaý başynda  öz döredijilik ýolunyň käbir pursatlary barada gyzykly gürrüňleri berdi. Şol gürrüňleriň birini okyjylara ýetirmegi miwessa bildim. Çünki, halypa ussatlarymyzyň her bir sözi, gürrüňi biz ýaşlar üçin diýseň gymmatly.

  • Ahal welaýatynyň Akdaşaýak obasynda orta mekdepde okap ýörkäm mende sungata bolan höwes döredi. 1936-njy ýylda bolsa, meni Aşgabatdaky Mugallymçylyk mekdebine okuwa kabul etdiler.

Bu mekdepde talyp ýaşlara diňe bir umumy bilim berýän dersler geçilmän, dürli görnüşli gurnaklara hem gatnaşdyrylýardy. Şol döwürde men ol mekdebiň Hor gurnagyna gatnaşyp, dürli aýdymlary ýerine ýetirýärdim. Bir gün gurnagyň ýolbaşçysy Allanazar Rejebow meniň wokal ugrundan üýtgeşik sesimiň bardygyny aýdyp, maňa bu ugurda ýekelikde aýdym aýtmagy tabşyrdy. Ýekelikde aýdym aýtmak bolsa talyp ýaşlaryň hemmesiniň höwesidi. Ýöne ýekelikde aýdym aýtmak horda aýdanyň ýaly däl-di, sesiň-owazyň aýratyn çykmaly-dy.

Şeýlelikde, men türkmen halk aýdymy “Garybyma” taýýarlyk görüp başladym. Gije-gündüz maý tapsam aýdymyň üstünde işlärdim. Otagymda ýeke galan pursadym bolsa has belentden sesimi ýaýardym. Sesim daş-töwerege ýaýraýandyr-da, ýoldan ötüp-geçip barýanlar bolýan otagymyzyň penjiresine äňedip-seredip, käsi pessaý ýöräp diňläp geçip giderdiler.

Bir gün bolsa, aýdymy taýýar edemsoň Allanazar Rejebow meni uly zalda diňledi. Men ynam bilen aýdyma başladym.

Hoş geldiň, Garybym, sapa gelip sen,

                 Gutly bolsun menzil-mekan, Garybym.

                 Söhbet et, rakyplar duýmasdan burun,

                 Ganymatdyr hemin zaman, Garybym…

Allanazar aga aýdymyň bir-iki bendini aýdan dessime “Boldy-boldy. Seni gözden geçirilişe alýan” diýdi. Men muňa diýseň begenip, guş bolup uçdum.

1937-nji ýylyň tomsunda güneşli ülkämiziň paýtagty Aşgabatda Respublika m öçberinde çeper höwesjeňleriň aýdym-saz gurnaklarynyň gözden geçirilişi boldy. Paýtagtymyza ýurdumyzyň dürli künjeklerinden zehinli ýaşlar ýygnandy. Gözden geçirilişde maňa ilkinji gezek uly märekäniň ňöünde çykyş etmek miýesser etdi. Şonda men “Şasenem- Garyp” dessanyndan “Garybym” diýen aýdymy ýerine ýetirdim.

Aýdan aýdymymy tomaşaçylar uzak el çarpyşmalar bilen  kabul etdiler. Şonda ansambla dirižýorlyk eden ussat bagşymyz Sahy Jepbarowdy. Ol maňa iki mertebe “Berekelle, berekella!” diýdi. Şol aýdymym bilen emin agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldum.

Bu aýdymy men döredijiligimiň başlangyjy-ak ýoly hasaplaýaryn. Şu aýdymdan soň meň bilen Adygül Orazowany 1938-nji ýylda Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky Konserwatoriýa okuwa ugratdylar. Ol ýerde biz ekizler Hydyr-Ylýas Allanurowlar, doganlar Aşyr Kulyýew, Gurban Kulyýew, Weli Muhadow, Nury Muhadow dagy bilen bir döwürde okadyk.

Maýa Kulyýewanyň talyplyk döwri gazaply uruş ýyllaryna gabat gelýär. Ol gyssagly öz Watanyna dolanmaly bolýar. Ýurdumyzda pajygaly uruş ýyllarynyň yzynda galan watandaşlarymyzyň öňünde Gündogaryň beýik Akyldary Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen milli aýdymlary ýerine ýetirip, jadylaýjy owazy bilen tylda zähmet çekýänleri ruhlandyrýar.

Şol ýyllarda ilkinji sapar “Zöhre-Tahyr” operasy sahnalaşdyrylyp halk köpçüligine ýetirilýär. Maýa Kulyýewa bu operada Zöhräniňn keşbini janlandyrýar. Soňra bolsa ol “Abadan” operasynda gahryman gyzyň keşbini ýerine ýetirip halkymyza ruhy lezzet paýlaýar.

Parahatlyk, dost-doganlyk aýdymlary halypamyz Maýa Kulyýewanyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ussat halypa bu ugurda ýerine ýetiren aýdymlarynyň içinde “Garlawaç” aýdymyny höwes bilen ýatlap şeýle diýýär:

  • Garlawaç hem edil ak kepderi ýaly halkymyzda erkanalygyň, dost-doganlygyň, parahatlygyň nyşany hasplanýar. Bu aýdymy aýdamda göýä men älem-jahana ganat ýaýýan ýaly bolýaryn. Çünki ynsan durmuşynda jebislikden, dostlukdan-doganlykdan uly güýç ýok.

Maýa Kulyýewa mähriban halkyna, Watanyna ak ýürekden hyzmat edip, ömrüniň ýetmiş ýyldan gowrak wagtyny türkmen sungatyna bagyşlady. Bu hyzmatlary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ussat opera aýdymçy Maýa KulyýewaTürkmenistanyň Gahrymany diýen belent ady dakdy.

Belent sesde parahatlyk mukamyn,

Dünýäniň ýüzüne ýaýan halypa.

Öz belent adyny milli sungatyň,

Goja taryhyna ýazan halypa.

 Seýitmuhammet Seýitmuhammedow,

Murgap etrabynyň Deňizhan şäherçesindäki

kitaphananyň II-derejeli kitaphanaçysy,

TMÝG-nyň işjeň agzasy.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy