Döwlet dolandyryşynyň netijeliligini artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin elektron ulgamyny özleşdirmek, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly pudaklary döwrebaplaşdyrmak meseleleri döwrüň möhüm talabydyr. Şu jähetden, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmelere hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ylym, bilim we önümçilik aragatnaşyklary pugtalanýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler açylýar, inženerçilik-tehniki we beýleki zerur ugurlar boýunça okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär.
Sanly ulgamyň yzygiderli ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň durnukly ösüşine uly itergi berýär. «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, döwrebap ösüşi gazanmaga, jemgyýetde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň paýyny artdyrmaga, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, esasy önümçilik-ykdysady işleri awtomatlaşdyrmaga we merkezleşdirilen tertipde dolandyrmaga, şeýle hem halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Innowasion mümkinçilikleriň artdyrylmagy, ilkinji nobatda, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmaga itergi berip, täze senagat kärhanalarynyň döredilmeginiň baş şerti bolup durýar. Innowasion kärhanalaryň döredilmegi içerki bazaryň şeýle önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak bilen birlikde, jemi içerki önümde innowasion önümleriň möçberleriniň artmagyna, netijede, ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Häzirki wagtda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär.
Bulardan başga-da, bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy, netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şeýle hem bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar.
Sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen uzak aralykdan bilim almak görnüşini durmuşa geçirmäge-de möhüm ähmiýet berilýär. Oňa elektron okuwyň bir görnüşi hökmünde garamak mümkindir.
Uzak aralykdan okuwyň ýola goýulmagy bilen bilim işgärleriniň işiniň häsiýeti hem düýpgöter üýtgeýär. Şunda bilim işgärleriniň esasy wezipeleri döwrebap elektron okuw maglumatlaryny döretmekden we talyplar bilen maslahatlary geçirmekden ybarat bolup durýar. Şeýlelikde, okuw işiniň täze bir görnüşi — sanly okuw döreýär.
Arkadagly Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň gujur-gaýratyna, yhlasyna, başarnygyna uly ynam bildirýär. Hut şonuň üçin hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluny dowam etdirmekde, Watanymyzyň bagtyýar geljegini berkarar etmekde ýaşlaryň güýjüne daýanylýandygyny aýratyn nygtaýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň ertirleriniň nurana we eşretli boljakdygyna ynamy artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň her birimiziň ýüregimizde döredýän bu beýik ynamy bizi durmuşda, zähmetde, döredijilikde täze üstünliklere we galkynyşa ruhlandyrýar.
Şamyrat Hudaýkulyýew,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň kafedra müdiri.