Resulogullary 1229-1454-nji ýyllarda Ýemen ýurdunyň çäginde höküm süren türkmen beglikdir. Bu beglik goňşy ýurtlara garanyňda Ýemende belli bir derejede syýasy durnuklylygyny saklapdyr. Eger döwlet özüniň syýasy durnuklylygy, asudalygy saklamagy başarypdyr. Şeýle ýagdaý bolsa, medeniýetiň pajarlap ösmegine şert döredipdir. Medeniýetiň ösmegi bilen, şol bir wagtda ylym-bilim hem ýokary derejelere ýetip başlapdyr.
Resulogullary soltanlary ylma-bilime ýokary baha beripdirler, onuň ähmiýetine düşünipdirler. Alymlara hormat goýup, olaryň derejesini beýgeldipdirler. Resulogullary begliginiň hökümdarlary özleri talyp derejesine düşüp, şol döwrüň görnükli birnäçe şeýhlerden, ulamalardan ylym merkezinde sapak alypdyrlar. Olar ylmyň dürli ugurlarynda öz täsirlerini ýetiripdirler.
Şol döwürde Ýemeniň şäherleriniň köpüsinde ylym-bilimi ýaýratmak maksady bilen ylmy ojaklar we merkezler döretmek işi giň gerim alypdyr. Soltanlar metjitlerdir medreseleri gurdurmakda göýä biri-birleri bilen ýaryşypdyrlar. Metjitlerde we medreselerde mugallymlary we talyplary taýýarlapdyrlar. Olar alymlaryň bar ünsüni ylma berer ýaly we ylymlaryny artdyrar ýaly, olaryň çykdajylaryny öz boýunlaryna alypdyrlar. Munuň üçin ýörite wakyflar hereket edipdir. Gerimi artdyrylan wakyf işleri ýokary derejede gurnalypdyr. Meşhur binalaryň içinde Jamy el-Muzaffar (XIII asyr), Eşrefiýýe (XIV asyr) atly binalary agzaman geçmek mümkin däl. Sebäbi bu binalaryň Ýemen, Müsür we Siriýa arhitektura tapawutlyklary bolupdyr.[3, 25 s.] Ol ojaklara dürli ýerlerden talyplar ylym almak üçin gelipdirler. Şunluk bilen, Ýemen ylym ojagyna öwrülipdir.
Bilim ojaklarynda ilkinji nobatda şerigat ylymlary okadylypdyr. Fykha, usula, tefsire, ylmy kyraata, farayza, hadysa üns berilipdir. Munuň üstesine, dile degişli ylymlar: nahuw, sarf we edebiýat öwrenilipdir. Şeýle hem hasap ylmy (arifmetika), algebra, taryh ylmy, adamyň döreýşi bardaky ylym, astronomiýa, geometriýa, lukmançylyk we praktiki ylymlar hem ähmiýetli hasaplanypdyr. [4, 56 s.] Bu babatda soltan Melik Eşrefiň lukmançylyk ylmynda, farmatewtikada, astronomiýada, ekerançylygynda, taryhda geneologiýada eser döretmegi bellärliklidir.
Nesilşalygyň ikinji soltany Melik Muzaffar Ýusupdan başlap, Ýemende ylym has-da pajarlap ösüpdir. Onuň ylym ugrunda eden dalaşlary Ýemeniň taryhynyň iň ösen döwri hasap edilýär. Bu döwürde köp alymlar ýüze çykypdyr. Resulogullaryň döwletinde fykyhçy alymlar görnükli wezipeleri eýeläpdirler. Döwlet olar üçin ýörite bellenen dini wezipeleri beripdir. Soltan Nureddin görnükli alym Abu Abdylla Muhammet Madmuna uly hormat goýupdyr. Alym 557/1161-nji ýylyň Baýram aýynyň 17-ne hepdäniň penşenbe güni eneden dogulypdyr. Ol Ymam Seýfüssünneden fykh ylmyny öwrenipdir. Soltan Nureddin Taiz galasynyň günbatarynda ýerleşen Magraba raýonynda Weziriýýe medresesini gurup tamamlansoň alymyň ýanyna adam iberýär we oňa ýalbar-ýakar edip, öz ýurdundan çykyp gelmegini haýyş edýär. Soltan Nureddin alyma: «Men senden sapak almagy isleýärin. Her gün medresä baryp dursam maňa-da, saňa-da adamlara-da kyn bolar. Eger makul bilseň, rakibtar seniň ýanyňa gatyrly baryp, seni gatyra mündürip, biziň ýanymyza gala getirip, ikiçäk oturyp, maňa sapak berip bilersiň» diýipdir. Ýöne, ol gatyra münmegi kabul etmän: «Maňa ýoldaş bolar ýaly dersdäki dostlarymyň biri bilen gala çykaýaryn» diýipdir. Şondan soň ol her gün dersdäki ýoldaşlarynyň biri bilen gala baryp soltan Nureddine sapak beripdir.[2, 76 s.]
Abu Apbas Ahmet ibn Abdylla ibn Esgad ibn Ybraýym hem soltan Nureddiniň döwründe uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Ol Taiziň golaýynda ýerleşen Wezire şäherinde dünýä inipdir. Ol öz kakasyndan meşhur alym Abdylla ibn Esgatdan fykh ylmyny öwrenipdir. Ibn Mazmundan soň, Weziriýýe medresesinde talyplara ders beripdir. Bu medresä şeýle adyň berilmegi hem onuň we onuň doganoglanynyň ol ýerde uzak wagt sapak okatmaklary bilen baglydyr.[1, 34 s.]
Soltan Nureddin ylym ugrunda uly tagallalar edip, özünden ýagşy işleri galdyrypdyr. Onuň yzynda galan ýadygärlikleriň biri hem mukaddes Mekgedäki medresedir. Tayz şäherinde iki medrese- Weziriýýe we Gurabiýýe medreselerini saldyrýar. Şeýle-de Aden şäherinde bir, Zebit şäherinde üç sany medrese bina edýär. Mundan başga-da, ol Seham jülgesindäki Mensekiýýe çäginde medrese gurdyryp, medresede ussat-mugallym, ussat-mugallymyň kömekçisi we ymam, azançy, terbiýeçi belläpdir.
Soltan Nureddin Teham etrabynyň her obasynda metjid gurdyryp, degerli wakyflar edipdir. Maglumatlara görä, Hiýs şäheri bilen Zebidiň arasynda “Nuryý” atly uly çöl ýerleşipdir. Günleriň bir güni bu ýerden geçip barýan adamlar uly heläkçilige uçrapdyrlar. Soltan Nureddin wakanyň bolan ýerinde metjit gurdyryp, onda iki ymam we onuň ýany bilen ýaşajak adamlara ekin ekmäge şert döredipdir.[5, 43 s.]
Soltan Melik Muzaffer Ýemen ýurdunyň ösüşinde we güllemeginde öňki alynyp barylýan ýoly dowam etdirip, 47 ýyl töweregi hökümdarlyk döwründe alymlara uly hemaýat beripdir. Hemişe alymlar bilen göreşmek üçin olaryň ýanlaryna baryp, özüniň hem şatlygyny hem-de gaýgysyny olar bilen paýlaşypdyr.
Towaşy Täjeddin Bedr ibn Abdylla Muzafferi soltan Nureddiniň döwründe döwlete wepaly emeldar bolmak bilen bir hatarda ylym bilen hem meşgul bolupdyr. Alymyň ýagşy gylyklaryndan başga, ol batyr, işeňňir ýolbaşçy hökmünde hem tanalypdyr. Mundan başga-da, onuň taryplanylýan meşhur eserleri bolupdyr. Onuň Resulogullaryň döwründe öwgä mynasyp yzlarynyň biri-de Zebitdäki “Täjiýe” atly belli mekdebi gurmagydyr. Ol medresede ýörite fykh ylmy öwredilipdir. Şeýle hem onuň gurdyran Zebitdäki ady belli “Kura” medresesini aýtmak bolar. Ol ýerde Gurhany Kerimi ýedi dürli okadylypdyr. Şol ýerde Pygamberiň (s.a.w.) hadyslaryny öwredilýän medrese hem bolupdyr.[2, 99 s.] Soltan Nureddin hem öz gezeginde medreselere ýeterlik derejede wakyf (yzyna gaýtarylmaýan kömekler) eder eken. Mundan başga-da, ol ýerde ýörite naharhanalar gurdurypdyr.
Soltan Muzaffer hem öz kakasyndan galmajak bolup, Zebid şäheriniň ähli ýerinde diýen ýaly ýeterlik derejede wakyflar edip, hat-da, medreseleriň käbirlerini dagyň üstünde gurdurypdyr.
Melik Muzafferiň döwrüniň fykhçy alymlarynyň biri hem Ýagşy ibn Ybraýym ibn Ýagşy ibn Aly ibn Ahmet Aseriýdir. Ol Tihamaň kazysy bolup işläpdir. Mehjemdäki Muzafferi atly metjidi hem onuň elinde dolandyrylypdyr. Onuň päk göwni we gowy häsiýetleri bolup, sahylygy bolsa nakyllara öwrülip gidipdir. Onuň 100-dan gowrak talyby we şägirdi bolupdyr. Rowaýatlara görä, ol meret aýynyň ortasynda süýji nygmatlardan köp zat jemläp, ony ýetimlere, ejizlere, öz ýakyn ýoldaşlaryna, alymlaryň ählisine bölüp, paýlap beripdir. Onuň sahylygy sanardan köp bolupdyr.[1, 56 s.]
Soltan Melik Muzaffar fykhçy Ýagşy Abu Apbas Ahmet ibn Muhammet ibn Ahmet ibn Esgadyň dindarlygyna hormat goýup, onuň Sehfenedäki öýüne-de barypdyr. Fykhçy Ýagşy Abu Apbas Ahmet ibn Muhammet ibn Ahmet ibn Esgad takwa, hudaýhon adam bolup, hijri hasaby boýunça 610-njy ýylyň başynda dünýä inýär. Ol keramatly adam bolup, meşhur binalary gurup yz galdyrypdyr.
Soltan Melik Muzaffaryň hormat goýan alymlarynyň biri hem fykhçy Syrajeddin Abu Bekr ibn Omar ibn Ybraýym ibn Degasdyr. Ol bilimli, uly mertebeli, dilewar we şahyr adam bolupdyr. Soltan Melik Muzaffar oňa artykmaç mertebe beripdir. Fykhçy Zebid şäherinde ýörite medrese gurdurypdyr. Soltan Melik Muzaffar asly Hemedandan bolan fykhçy, alym Abdylla ibn Ýahýa ibn Ahmet ibn Abdylla ibn Ahmet ibn Lebibe-de uly hormat goýupdyr.
Resulogullaryň döwründe atlary belli şahyrlar hem görnükli wezipelerde hyzmat edip, soltanlary we olaryň eden işlerini taryplap gelipdirler. Şolaryň biri –de, şahyr Muhammet ibn Hümeýrdir. Ol soltan Muzafferiň döwrüniň başynda ýaşap geçipdir. Ol özüniň döredijiligi bilen dilewarlygy bilen hemmelerden tapawutlanypdyr. Şahyr soltan Muzafferi, onuň hökümdarlyk eden zamany hakynda iň gowy öwgüli goşgylary düzüpdir.
Şahyr, kazy Bahauddin Muhammet ibn Esgad ibn Muhammet ibn Musa Ymrany Hasan ibn Reşidden fykh öwrenip, soltan Melik Muzaffer bilen berk dostlukly aragatnaşyk saklapdyr. Soltan ony ahyrynda wezir we baş kazy edip belläpdir. Ol şahyr, dilewar, gepe çeper, adam bolupdyr. Kazy Bahauddin soltan Melik Mujahidiň soltanlyk döwründe hem atly –abraýly adamlaryň arasynda hyzmatda bolupdyr.[3, 45 s.]
Soltanlaryň özleri-de alymlar bilen bir hatarda işläp, ylmy gözleglerde bolupdyrlar. Soltanlar käbir golýazmalardyr kitaplary ýurtdan daşarda getirip, ulanmaga beripdirler. Soltanlaryň alymlara hemaýat etmegi bolsa, olaryň Ýemene gelmegine sebäp bolupdyr. Ýemene gelen we ol ýerde ýaşan alymlaryň arasynda Muhibiddin et-Tabeýri, Aly ibn Hasan el-Hazrajy, Alydülbil ibn Abdylmejid el-Ýemeni, Ibn Hatym, Muhammet ibn Ýusup el-Jenedi, Ibnül Ehdel we Ibnül Mukri el Ýemen dagylar ýokary mertebeden peýdalanypdyrlar.
Soltan Melik Muzaffar kitaplaryň ýetmedik nusgalaryny başga ýurtlardan getirdip, ylmy-barlaglar geçirilmegine uly şert döredipdir. Hat-da, ol Müsürden tapylmadyk kitap nusgalaryny Horasandan hem gözläp, ol ýurda ilçi ugradan wagtlary az bolmandyr. Soltan özi hem köp kitaplaryň awtory hasap edilýär. Onuň eserleriň arasynda “Kyrk Hadys” atly eseri has meşhurdyr. Soltan Melik Muzafferiň döwründe, Nureddin Omaryň günlerinde bina edilen medreseleriň üsti dolunyp, olaryň sanlary has-da köpelipdir.
Resulogullaryň hökümdarlary alymlar üçin sowgat-serpaý ýapypdyrlar. Şeýle hem olar alymlary höweslendirip, ylmyň we bilimiň dürli ugurlarynda eser döretmekde we oýlap tapmakda ýörite gymmat bahaly baýraklar berip, ýokary wezipelere hem belläpdirler . Bu mümkinçilikleriň esasynda alymlar gymmat bahaly eserleri döredip, Resulogullarynyň hökümdarlaryna sowgat beripdirler . Şol alymlaryň arasynda pars alymy fykyhçy Abu Abdylla Muhammet ibn Abu Bekr ibn Temýemi hem bolupdyr. Alym soltan Muzaffer Resulyň öňünde ylmy eserleriň ýygyndysyny goýupdyr. Olaryň içinde astronomiýa baradaky “Muzaffer Ziýj (“Muzafferiň astronomiki kalendary”) atly kitap bolupdyr. Alymyň ýene-de bir kitaplaryň biri hem “Tebsire fi ylmy Beýtere” (“Weterinariýa ylmyna pikirler”) atly weterinariýa ylmyna degişli kitabydyr. Soltan Muzaffer onuň bu işine gowy baýraklar beripdir. Şeýlelikde, alymyň mertebesi ýokary galypdyr.[4, 67 s.]
Resulogullarynyň döwründe, fykyhçy we hadysçy alym Abu Abbas Muhabeddin Ahmet ibn Abdylla Tabary Mekki (1294-nji ýylda aradan çykdy) ylmy eserleriň ýygyndysyny ýazyp, soltan Melik Muzaffer Resula gowşurypdyr. Şol eserleriň arasynda “Meherrer fi ylmyl hadys” (“Hadys ylmy barada”) we “Tiraz mezheb muhber fi telhis mezheb” (“Mezhebiň gysgaça altyn beýany”) atly kitaplaryny görkezmek bolar.
Maglumatlara görä, Tabary ylmy sapaklary bermek üçin Ýemene köp barypdyr. Ol soltan Muzafferem okadypdyr. Muzaffer bolsa oňa uly mertebe berip, köp ýagşylyk edipdir. Alym mukaddes Mekkede ýerleşýän Mansuryýýe (Muzafferiň kakasy) atly medresede soltany okadanlygy üçin oňa her aýda 50 dinary bermegi belläpdir.
Soltan Melik Muzaffer Resuly ylma we alymlara hormat-sylag berip, alymlaryň zyýaratyna barmagy göwy görüpdir. Olar bilen ýakyndan öz şatlygyny we gaýgylaryny paýlaşar eken. Maglumatlara görä, Melik Muzaffer fykyhçy alym Abu Abbas Ahmet ibn Esgadyň (1268-nji ýyl) öýüne baryp, onuň bilen bilelikde iýip-içipdir. Mundan başga-da ol köp alymlara maddy ýardam edip, olaryň hal-ýagdaýlary bilen ýakyndan gyzyklanypdyr.
Bu ýerde fykyhçy Omar ibn Isa Hermidir agzap geçmek mümkin däl. Ol soltan Eşref Omar ibn Ýusup ibn Resulyň halypasy bolup uzak wagtlap okadypdyr. Onuň soltan Eşrefiň öňünde uly mertebesi bolupdyr. Alym “Muharrer fi nahu” (“Nahu ylmynda düşündiriş ”) atly kitaby ýazypdyr. Ol 1300-nji ýylda aradan çykdy.
Fykyhçy Ahmet ibn Abdydaýym Meýmuny syýasatyň kanuny barada “Tebru mesbuk fi syfatil muluk” (“Hökümdaralryň sypatlarynda guýulan altyn”) atly kitaby ýazyp, soltan Eşref Omar Resula beripdir. Alymlar Soltan Mueýýede ylmy eserleriň käbirlerini tertipläp beripdirler. Soltan Mueýýed bolsa olary kitap doretmek üçin höweslendirip jomartlyk bilen uly sowgatlara mynasyp edipdir. Olaryň ylmy mertebesini galdyrypdyr.
Fykyhçy Abu Hattab Omar ibn Aly Ylwy (1303-nji ýylda aradan çykdy) Soltan Mueýýed Resula “Tebr mesbuk hizane seýýid muluk” (“Hökümdarlaryň gaznasynda guýulan altyn”) atly kitaby beripdir. Soltan Mueýýed Resul bolsa oňa köp sylag beripdir. Şeýle hem emir Ymadeddin Idris ibn Aly Hemzi (1314-nji ýylda aradan çykan) taryha degişli “Ketrul ehýar fi magrifet seýr wel ehbar” kitaby ýazyp, Melik Mueýýed Resula gowşurypdyr. Melik Mueýýed bolsa oňa köp mal-mülk we nepis sowgatlar beripdir. Ol Melik Mueýýediň ynamyny eýe bolup, onuň iň golaý adamlaryň biri bolupdyr.[3, 88 s.]
Resulogullaryň hökümdarlygynyň astynda köp milletler uly hemaýatdan peýdalanypdyrlar. Mysal hökmünde ýahudylaryň az bölegi Ýemeniň Jent, Sana, Aden we başga şäherleri we obalary özlerine watan edinipdirler. Olaryň döwletiniň ýöredýän yslam şerigatynyň edeplerinden çykmandyklary, we özlerine salynýan jizýe we beýleki salgytlary garşylyksyz ýerine ýetirýändikleri üçin Ýemendäki musulmanlar olar bilen gowy gatnaşypdyrlar. Munuň esasynda Ýahudylar Taiz Aden ýaly şäherlerde özleri üçin dini edaralar gurdyrypdyrlar. Olar dini däp-dessurlaryny berjaý edipdirler. Olar musulmanlar bilen gatnaşyk gurap, hökümet we beýleki ýerlerde wezipeleri eýeläpdirler.
Umuman, aýdamyzda Resulogullarynyň ylma we bilime hem-de medeniýete uly üns berip, köp eden işleri amala aşyrdylar. Resulogullary halkyň isleglerini nazarda tutup, juda köp wakyflar edipdirler. Munuň netijesinde bolsa, ylymly adamlar ýüze çykypdyr. Soltanlaryň özleri hem ylymdan daşda durman, ussat alymlaryň gözleginde bolupdyrlar. Aýdylanlardan ugur alyp, Resulogullary ylym –bilim we medeniýet babatda saldamly işleri ýerine ýetiripdirler.
D. Agaýew, TYA-nyň Magtymguly adyndaky
Dil, edebiýat we milli golýazmalar
institutynyň aspiranty.