Hekaýa
Obamyzyň gaýrasyndaky uly beýge biz Enebeýik diýýäris. Sebäp bir döwürler şoň üstünde ilkinji gumly ýaşapdyr. Haçan-da oň ýaş gelni aş saýlanda, ol hut ýowuz tebigatyň özünden – ötegçi guşlaryň sesinden saýlapdyr. Soň gara galpaklyja oglanjyk dünýä gelipdir. Ýaş ene bäbejigini hüwdülände bolsa, kitaplarda-da, seýrek ýazylýan gudrat ýüze çykypdyr – enäniň sesi asmandaky durnalaryň çagyryjy sesine juda çalymdaş bolupdyr. Ene hernä bäbejigini hüwdülände, hamana asmandan durnalar geçip barýan ýaly duýlupdyr.
Ondan bäri kän-kän ýyllar geçipdir. Ýöne şo ses – durnalaryň kümüşsow düwmäni ýadyňa salýan sesi azaşman sähralara siňipdir. Gumly gelinlerem ony sallançaklaryndan daşlaşdyrman saklapdyrlar.
***
Men durnalaryň sesini gowy görýärdim. Hasam olaryň alyslyklardan sähramyza dolanyp gelýän buşlukçy sesini. Sebäp olar uzak-uzak ýerlerden ýadaw gelýänem bolsalar, gussalaryny unutjak bolýan ýaly, obamyzyň depesine gelenlerinde hoşamaý ses ederdiler.
Haçanda olar rysgallaryny çöplemäge alys ýurtlara gidenlerinde bolsa, obamyzyň tukat durmuşyny hemem özleri hakdaky süýji ýatlamany bize galdyryp has ýokardan uçup geçerdiler. Olar ony bizi gynandyrmajak bolup şeýdýärdiler. Ýöne onda-da men, tebigatyň bu adalatsyzlygyna çynym bilen gynanýardym. Sebäp gorkak gargalar-a obamyzdan çykman gagyllaşyp ýörler. Nepis guşlar bolsa, çöplejek çöpüni gör nirelerden gözlemeli bolýardylar.
Soň men olara tä ýyly howa çykýança garaşardym. Oňa çenli oglan ýüregime teselli berýän, obamyzyň gelinleriniň bäbeklerini allalaýan hüwdi sesleridi. Men ol seslere ýüregim bilen begenýärdim. Hemem uzakdan uzak dowam etmegini isleýärdim.
Ýöne näme üçindir hüwdi sesleri azalýan ýalydy. Ony Jüýten kempir hemişeki gara galoşly gelinleriň azalýanlygyndan görýärdi. Sebäp obamyzda iki-ýeke garry-gurtylar bolaýmasa, hemişeki ýaly galoş geýýänem ýok diýen ýalydy. Elbetde bu gowudy. Her kim janyna ýaranyny geýýärdi. Ýöne meniň oglan göwnüme gumuň gelşigi, içine gyzyl mahmal örtülen gara ýylpyldawuk galoşlar ýalydy.
Jüýten kempiriň aýdýan zatlary ýeke o däldi. Onuň aýdýan zatlary gaty uzaklary tozadýardy. Men olardan gorkýardym. Hasam onuň “Bäbejikleriň sesini eşidip durmasam, sähralar sazlaşygyny ýitirýär. Sazlaşyk ýitse, bilniksiz çyrçyklar köpeler” diýýän sözleri käte düýşüme-de girýärdi.
Jüýten kempiriň şeýle gürrüňlerinden soň, sähralaram ýowuzlaşýan – ar alýan ýaly bolýardy. Hasam ol gijelerine şeýledi. Berk çaga ukusyna giden mahalym, ýowuz durmuşdan nalaýan möjegiň uwwullysyna meňzeş eýmenç sese oýanyp Jüýten kempire gysmyljyraýardym.
– Ýatyber, bu sähralaryň sesi, ol bäbejikleriň sesini eşidip durmasa özüne takatlyk tapanok… Olara üwremäge sallançak gerek…
Jüýten kempiriň endirewük sesi, meni öňküdenem beter gorkuzyp gaýyp bolýardy. Onsoň men gorkmajak bolup, iglije göwrämi ýygryp aglamajak bolýardym. Ýöne aglaýardym. Göwnüme ol ses, ýagty dünýä geljek bolup, ýöne gelip bilmän kösenýän bäbejikleriň sesi ýalydy. Olar zaryndan-zaryn ses edip, gezekli-gezegine aglaşýardylar. Soň meň gözümiň öňüne hemmelere ýylgyryp mähirli bakýan bäbejikler gelerdi.
Soň men hemme ýerde nurana bäbejikleri görýärdim. Hemem Jüýten kempire eşitdirmejek bolup aglamjyrap pyşyrdaýardym.
– Biz öňem az-a…
Meň ýene bir gorkýan zadym, bäbejikleriň dogulmasy seýreklänsoň sähralaryň göwsünde bitýän sözen agajam seýrekleýän ýalydy. Men sözen agajyny gowy görýärdim. Olar buýsançly başlaryny asmana uzadýarlar. Häzir bolsa, sähralardan kowulan ýaly ýalňyz otyr. Özlerem şelpelerini saçyp aglaýarlar…
***
Obamyza täze gelin çykyp gelende, gülli joraply, gara galoşly gelerdi. Ol keteniniň aşagyndan hasam owadan görnerdi. Men aýybam bolsa oňa durup serederdim. Sebäp gelniň şo durkunda aýratyn türkmen owadanlygy bardy. Oňa durup seredesiň gelýärdi. Men ony görüp asuda begençden mährim ganan ýaly bolýardy. Hemem öz ýanymdan, öňki gara galoşly gelinler ýaly, olam obamyza köp bäbek getirer, ýene durnalaryň sesi ýaly, hüwdi sesleri eşidiler. Onsoň dert-belalaram dep bolar öýüdýärdim. Bu oglan göwnüme şeýle bolaýjak ýalydy. Ýöne obamyza çykyp gelen gelin gaýdyp gelensoň, bahym galoşyny ýitirim ederdi. Soňam bir ýa iki çagany yzyna tirkänsoň, oňam sallançagy boş durardy. Şonda men hasam erbet bolardym. Göwnüme obamyza ýene bir bilniksiz kesel geläýjek ýaly bolýardy.
O barada alada edýän ýeke men däldim. Obamyzyň çitannysyny ýöredýän Anna ýöwselem her gezek ýygnak geçirende: “Gelinler, milliligi unutmaň, türkmen köp çagaly bolupdyr” diýýärdi. Oň sözüne-de gelinler diňe ýylgyrma bilen jogap bererdi.
Muňa menem utansam utanýardym. Ýöne Anna-da, sözüniň geçmeýänligine mençe utanýardy.
Ýene-de, göwnüme azajyk teselli berýän zat, bahym durnalaryň gaýdyp geljegidi. Onsoň ýene obamyzyň depesinde olaryň mährem sesleriniň eşidiljegidi. Ýene bir begençli ýagdaý, goňşy gum obalarynda, Çarylaryň, Bäşimleriň hat-da, Dokuzguly atly bäbejigiňem barlygyndady. Men muňa begenýärdim hemem öz ýanymdan biziňki bir kiçijik oba, şäher-ä has uly, onda bäbejikler hasam köp dogýandyr diýip ýüregime teselli berýärdim.
Käte-kätelerem heý, galoş yzy görünmezmikä öýdüp, ak çägeleriň ýüzüne, guýymyzyň töweregindäki aýak yzlara serederdim. Oglan göwnüme-de, gara galoşlaň yzy görnüberse bäbejikler köpeläýjekler ýaly bolýardy. Ýöne uzakly gün leýli kaksamam, Gülsün ejäniň apgyrdy giden köne köwşünden başga yza gözüm düşmezdi. Muňa men ýene hapa bordum. Öz ýanymdanam, beýleki köwüşlerini oňa-muňa çykanlarynda geýip, bu ýerde bir galoş geýäýmeli-dä diýýärdim.
Ýene bir meni binjalyk edýän zat nägehan bilniksiz keseliň Gülsün ejä-de per bermeýänligidi. Ol haçan görseň dükge düşüp ýa-da, maňlaýyny tutup oturandyr. Onsoň ol meni görüp hemişe eşidýän sözümi ýene gaýtalardy.
– Öwekge, howa bulaşaýdymy? Hany, daş çykyp seret. Şu günä kelläm gaty agyrýa, ýogsa iki dermanam atdym…
Onsoň men ylgap daş çykardym-da, ilkinji dogýan ýyldyzy görjek bolýan ýaly depäme serederdim. Asmanda ganatlaryny geren, äpet guşa meňzeş täsin sudurly gara bulut görünýärdi. Sähralardanam ejesini emjek bolup, ýöne emip bilmeýän çagajygyň çyrlap aglaýan sesine meňzeş ses gelýärdi. Men muňa hasam üýşenerdim.
***
Biz şeýdip ýaşap ýördük. Günler göze ilmeýän ýumakdan çöşlenýän çalymtyk sapaklar ýaly, uzakdan-uzak bolup, biri-biriniň yzyndan uzalyp gidýärdi. Meniň mekdepde-de, bar küýüm-küjäm öz pikirlerimdi. Şonuň üçin mugallymymyzyň sowalyna-da özümçe jogap berýärdim.
– Öwekge, iň gowy görýän zadyň näme?
- Bäbekleň, onsoňam durnalaň ..
- Ýigrenýän zadyň?
- Gülsün ejäniň kelle agyrsy…
Mugallym ylalaşýan äheňde başyny atardy. Sebäp olam kellesi agyransoň täzelikde keselhanadan çykypdy. Şonuň üçin obamyzyň adamlarynyň ýüzleri birmeňzeş dälem bolsa, dertleri birdi. Başaşa öýde diýen ýaly sona syrkawlykdy. Ýöne şeýle hem bolsa şükür, henizä başbitinlikdi.
Ynha indi bahym durnalaram dolanmalydy. Şoňa begenýän ýaly sähralaram gündizki oýnan oýnundan ýadan çaganyň ýüregi ýaly asuda dem alýardy. Şonda men ol, nähilidir bir süýji düýş – özem hökman bäbejikler hakyndaky düýşi görýändir öýderdim. Şeýdibem ol ýüregini ynjaldýandyr diýip pikir edýärdim. Käte-de, sähralar bäbek seslerini eşitjek bolup diňşirgenýän ýaly ümsümleşýärdi. Şeýle bolanda, lal açan dünýe bilen ylalaşýan ýaly sähralara agyr tukatlyk düşerdi. Bu hasam ýürekgysgynç bolýardy. Şonda men ýowuzam bolsa, hernä sähralaryň sesiniň gelip durmagyny isleýärdim.
Obamyzyň içinde belli-belli maşgalalar köp çagalydy. Her gezek olaryň yýgyndan geçemde pişmäniň ysyny alardym. Ysy alýan ýeke men däl, sähralaram alardy. Şol gün bäbejigiň sesini eşiden sähralar, bagtly enäniň ýüzüne ylhamly seredip, nähilidir bir tolgundyryjylyk bilen dünýäniň iň täze adamsyny – ýaşajyk gumlyny öz dilleri bilen hüwdüleýän ýaly bolýardy. Şeýle ýagdaý ertirem, birgünem tä toý pişmesiniň ysy ýitýänçä dowam ederdi. Sallançagyň bady ýatmazy ýaly, olaryň – sähralaryň özleri bäbejigi yrardy. Şonda men göýä bir gum-guklyk ýurtdan başga bir şowhunly ýurda düşen ýaly bolýardym. Soň-soňlaram sähralar ýene bäbejigiň sesini eşitjek bolup, tamakin ýagdaýda delmurardy.
Soň sähralar ýene öz höwürini soraglap gamgyn ses ederdi. Öz sazlaşygyny tapmansoň, tebigat ýene bimöçber hesrete gaplanardy. Onsoň sähralar bilen bile meň oglan ýüregimem tükeniksiz ýowuz hasrata gark bolardy. Şeýle pursatda men nähilidir bir gamly aýdyma hiňlenip, ýitirim çölüň içine tutduryp gidesim gelýärdi.
Käte ykbal gyňyrragam bolsa ýylgyrardy. Men şu gün gulagym bilen akja bäbek dileýän sesi – obamyzyň gelniniň sesini eşitdim. Bu Göwher gelnejemdi. Ol meni görüp ýalbarýan äheňde şeýle sözleri ýaşmagynyň aşagyndan çykardy.
- Alla ýetim oglanyň dilegini gowy kabul edermişin diýýärler. Öwekge jan, sallançagymyzyň şol üwrelmän durşy. Nonat jana taýjagaz gerekdi…
Göwher gelnejemiň sözi mendenem beter Nonatjyga berk täsir edýän borly. Ol çaga höwesi bilen egnindäki ap-akja köýnegini maňa güjeňledi. Soňam nähilidir bir mata dolangy, “jigisini” aýagynda yralap, ejesine gamgyn seretdi. Sözen agajynyň gabygynyň özüne gelşişi ýaly, akja köýnegem Nonatjyga gelişýärdi. Ýöne entegem ol gaýgyly gözlerini Göwher gelnejemden aýranokdy. Oň gözleriniň hesreti çaganyň gözleriniň hesretine meňzemeýärdi. Göwher gelnejemem gyzjagazynyň kiçijek çaga ýüreginiň gussasyny duýýardy. Ýöne sesini çykarman geçmişindäki gowy zatlary ýadyna salýan ýaly lezzetli hem gamgyn ýylgyrýardy.
Men şol gün çaga gözleriniň gamgynlygyny ýüregim bilen alyp gidipdim. Garaja öýden daşlaşmankam Nonatjygyň “jigisini” allalaýan sesi – çaga sesi eşidildi. Hüwdi başly-baradyrakdy. Ýöne meni haýran galdyran zat, ses çaganyňkam bolsa, oň durna guşlaryň sesine meňzeşligidi.
Şol gün men durnalaryň sesini eşiden ýaly gaty begenipdim. Ýöne hüwdüni gelinleriň däl-de, çagajygyň aýtmaly bolýanyna gaty gynanypdym.
Bu sudur soň-soňlaram gözümiň öňünden gitmedi. Häli-häzirlerem gözümi ýumsam, ilki gum depeleri, guýynyň töweregindäki adamlar, soňam jigi dileýän Nonatjygyň uly adamyňky ýaly hesretli nazary göz öňüme gelýär.
Şol gün men uzakly gije nämedir bir zadyň aýdyň pikirini edip oturanym ýadymda. Gündogardan garaňkylyk öz perdesini örtüp haýallyk bilen süýşüp gelýärdi. Alysdaky daraýy depeleri men gijeligem bolsa görýärin. Sähralygyň içinden maňa tanyş bolan ýol – düýeleriň ýoly süýnüp gidýärdi. Şol ýol bilenem dünýäniň iň eziz adamlary – gara galoşly hamrak gelinler birtopar çagany yzlaryna tirkäp bärik – obamyza tarap gelýän ýaly bolýardy.
***
Ertesi men begençli oýandym. Dükanymyzyň agzy adamdan doludy. Ýelli ýetişikliniň ogly çyny bilen birzady gürrüň berýärdi. Ýakymly gürrüň bolarly, adamlar gürrüňi diňlejek bolup biri-biriniň öňüne süýşýärdi. Ol obamyzda ony-muny ýazýan ýeke-täk adamdy. Özem kän ýazýardy. Onuň ýazýan zatlaryny biri-biriniň yzyna tirkeseň, şu ýerden durman şähere ýetjek diýibem gürrüň ederdiler. Ýöne şeýle hem bolsa, henize çenli ýekeje akylly söz aýdan ýeri ýokdy. Oňa derek şähere ýygy-ýygydan gidensoň, her gezek gelende gören-eşiden zatlaryny gürrüň bererdi. Olam gerekdi.
Geçen gezek ol haýsydyr bir adamyň gowy hekaýa ýazýanlygy üçin heýkelini dikendiklerini aýdypdy. Men muňa çynym bilen begenipdim.
Arada-da – şo gezek ol şäherde birneme eglenipdi – ol şäherde görülýän düýşleriň obada görülýän düýşden has süýjüdigini aýdypdy. Adamlaryň şähere ymtylýanlygam şonuň üçindiginem duýdurypdy. Onuň o diýýäni dogram bolmagy ahmal. Bu ýerde düýş görseň ýa kimdir biri kowalap ýörendir ýa-da, ýetdim-ýetdim bolýandyr. Şonuň üçin men mazalyja düýş görerim ýaly bolmanda ýekeje gün şäherde ýatmagy arzuw edipdim.
Belki ol bu gezegem ýakymly zatlaryň gürrüňini eder. Nähilem bolsa şäher, şäher boýar. Ol ýerde bize görä akyllyrak adamlar ýaşaýar. Akylly adamlar bolsa del-dül gürrüňleri tapagan bolýar. Sebäp olar gazet okanlarynda biz ýaly diňe sözbaşyny okaman, hemmesini okaýarlar.
Ol bi gezek has kän gürledi. Garaşsyzlyk alnandygy, indi hiç kimiň barmak çommaltmajagyny, öz-özümiz bolandygymyzy, aý, garaz hezillikdigini aýtdy. Sözüniň soňunda-da gelin-gyzlara aýratyn hormat goýuljakdygyny hat-da, birneme çagasy bolan maşgala jaýa çenli beriljekdigini aýdyp begendirdi.
Men muňa ogul jigim bolan ýaly begendim. Sebäp erkinligi ir söýüpdim.
***
Ondan bäri köp-köp ýyllar geçdi. Enebeýgiň üstüne gör näçe gar ýagdyka? Bilmedim…
Ynha bu gün ýene oglan aýak yzlarymy görmäge obama gidip barýaryn. Günüň dogşuny görerin… Belki, durnalaryňam sesi eşidiler… Ýol uzak, ýatlamalar ondanam uzak.
Meni begendiren zat, obamyzda Çarydyr Bäşim atlaryň köpelenligi. Ony eşidip ýüregim giňän ýaly bolly. Oglan aýak yzlarymy görmek üçin köne gyýymyza tarap ýönelemde, ak çägeleriň ýüzündäki galoş yzlaryna gözüm düşdi. Olar kändi. Özem täze galoşlaň yzlarydy. Burnuma olaň birwagtky ysy gelen ýaly bolly. Men begendim. Begenjimden nämedir bir zatlary diýjek bolamda goňşy öýden durnalaryň asmandaky çagyryjy seslerini ýatladýan, bir döwürler gulagymda berk galan hüwdüniň sesi eşidildi. Ol ezizdi, şirindi. Şonuň ýalam hasratlydy.
Ho-ol aňyrdan – Enebeýigiň üstünde bolsa, kinniwanja gyzlar gamsyz aýdyma hiňlenýärdiler.
Enebeýigiň depesine,
Durna guşlar uçup gelli.
Emaý bilen ganat kakyp,
Alyslara rowan bolly…
Aýdym setirler tagaşyksyz bolsa-da, ol meniň indi hiç haçan dolanyp gelmejek ýaşlygymy ýadyma salýardy. Men özüm bilmezden olara tarap ýönelemde soňky setirler meni butnamazlyga mejbur etdi.
Durnalaryň gamgyn sesi,
Hüwdi bolup gally bize.
Gara galoşly ak gelinler,
Dowam bolup galsyn size…
Men gözýaşlarymy zordan sakladym…
Öwezmyrat ÝERBENDI.