TEHNOLOGIÝA

Özbegistanda internet ulanyjylaryň sany 31 milliona ýetdi

Ilat sany 36 milliona ýeten Özbegistan Respublikasynda internet ulanyjylaryň sany 31 milliona ýetdi. Bu barada ýurduň maglumat tehnologiýasy we kommunikasiýa ministri Şerzod Şermatow belläp geçdi.

Ministriň bellemegine görä, 29,5 million ulanyjy mobil internet hyzmatyndan peýdalanýar. Halkara internet kanala baglanmak tizligi 3200 Gbit/s-a deň boldy. Bu görkeziji soňky iki ýylda 2,6 esse artdy.

Welaýatara telekommunikasion toruň geçirijilik mümkinçiligi 600 Gbit/s, etrapara görkeziji bolsa 60 Gbit/s-a barabar boldy.

Soňky 2 ýylda Özbegistanda 102 müň kilometr optiki-süýümli geçirijiler çekildi. olaryň umumy uzynlygy 170 müň kilometre ýetdi.

2021-2022-nji ýyllarda 1,7 million giň zolakly portlar oturdyldy. Bu hem 4,4 million öý hojalyklarynyň, telekçilik subýektleriniň we durmuş desgalarynyň internete birikmegine mümkinçilik döredildi.

Degişli ýyllarda mobil aragatnaşyk üçin 22,3 müň sany täze baz stansiýasy guruldy. Olaryň sany 54 müňe ýetdi.

Mobil aragatnaşyk ulgamynyň gurşawy ýurduň 99%, giň zolakly ykjam internet bolsa 98% eýeledi.

Ýene-de okaň

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar