SIZDEN GELENLER

Magnit meýdany

Älemde aýlanyp duran ähli zatlar özleriniň görnüşlerini wagtyň geçmegi bilen üýtgedip, başga bir jisime, başga bir görnüşe, başga bir hala geçýärler. Muňa bolsa, täsir edýän zatlaryň biri bolsa, magnit meýdany diýip, bileris.

Çünki älem magnit meýdanynyň üstünde, içinde we gurşawunda düzülendir. Magnit meýdany diňe nawigasion ulgamlar üçin däl-de, eýsem, ýerden daşary şöhlelenmelerden goranmak we atmosferany saklamak üçin möhüm.

Iň­lis geo­fi­zi­gi Sia­ran Beg­gan Ýe­riň de­mir­den we ni­kel­den eme­le ge­len daş­ky ýad­ro­sy­nyň dö­red­ýän elekt­ro­nik aky­my­nyň mag­nit meý­da­ny­ny eme­le ge­tir­ýän­di­gi­ni, eme­li hem­ra­lar ar­ka­ly al­nan mag­lu­mat­lar­da De­mir­ga­zyk pol­ýus­da­ky mag­nit meý­da­ny­nyň gör­ne­tin üýt­gän­di­gi­niň anyk­la­nan­dy­gy­ny aýd­ýar.

Beg­gan mag­nit meý­da­ny­nyň az­da-kän­de te­bi­gy he­re­ket se­bäp­li üýt­ge­ýän­di­gi­ni we mu­nuň ada­ty zat­dy­gy­ny bel­le­ýär. Elbetde magnit meýdanynyň jadyly güýji we onuň çekijiligi şu günki güne çenli öwrenilendigine garamazdan ähliumumy teoriýalara garaşsyzlykda üýtgäp durýandygyny boýun almak gerek.

Şol sebäpden- de magnit meýdançasynda saklanyp galjak bolmak, janly görnüşlere azap berişi ýaly, ýene- de jansyz hereketdäki jisimleriň hem tebigatyny “döwüp biler” Onuň nähili üýtgeýändigine we hereket edýändigine düşünmek hem diýseň ähmiýetli.

San-Diegoda Lid we Kaliforniýa uniwersitetleriniň alymlary Ýeriň magnit meýdanynyň ugrunyň ylmy hasaplamalarda görkezilen tizlikden on esse çalt üýtgeýändigini anykladylar. Dogrusy magnit meýdany hakynda pikir etmek üçin fiziki kanunalaýyklyga aňry ýany bilen düşünmek gerek.

Magnit meýdanynyň üýtgeýiş hadysasynyň tizleşmegini onuň lokal gowşamagy bilen baglanyşdyrýarlar. Şeýlelikde, polýarlygyň üýtgemegi bilen, meselem, haçan-da biologik meýdanyň oky geografik polýus bilen gabat gelmän, olardan ýerini üýtgedende belli bir gozganmalar bolup geçýär.

Ylmy bileleşik magnit meýdany ýylda bir gradusdan ýokary süýşmeýär diýip çaklaýardy. Ýöne şu günki günde hünärmenler tapawudyň öň hasap edilişinden on, ýüz esse ýokary bolup biljekdigini tassyklaýarlar.

Alymlaryň aýtmagyna görä, 40 000 ýyl töweregi magnit meýdanynyň geografik polýusdan 2,5 gradus süýşmesi bolup geçdi, bu bolsa öz gezeginde onuň Merkezi Amerikanyň günbatar kenarýakasynyň radiusynda gowşamagyna sebäp boldy.

Mekan Azadow,

Türkmenistanyň telekomunikasiýa we informatika institutynyň talyby.

Ýene-de okaň

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Şekillendiriş sungaty sapagynyň ähmiýeti

Internet torunyň orny we ähmiýeti

Iňlis dili-täze mümkinçilikler

Beýik Seljuk döwletinde bilimiň gurnalmagynda Mälik şanyň hyzmatlary

Bilim – ösüşleriň berk binýady