Russiýanyň meşhur “Moskwiç” kysymly ulaglarynyň täze we döwrebap görnüşdäki ulagynyň önümçiligi ýola goýuldy. Şäher ýerinde münmek üçin amatly ulagyň ilkinjileri öndürildi.
“Reno” kompaniýasynyň rus bazaryndan çekilmeginden soňra ýarym ýylyň dowamynda “Moskwiç” awtoulag zawodynyň yzygidelri önümçilik ýola goýuldy.
Bu ulagyň täze kämil görnüşiniň ýygnalmagy üçin açylan önümçilik birligini Russiýanyň wise-premýeri, senagat we söwda ministri Denis Manturow we Moskwa şäheriniň häkimi Sergeý sobýanin açdy.
Gaýtadan dikeldilen zawodyň ilkinji ulaglary uly şäherlerde isleg bildirilýän “Moskwiç 3” krossoweridir. Bu birneme uly we şol bir wagtyň özünde ykjam awtoulag, amatly we tygşytly.
Sergeý Sobýanin täze modeliň işe girizilmegini taryhy waka diýip atlandyrdy we geljekde zawodyň elektrik ulaglaryny öndürjekdigini aýtdy.
Bu ulag dekabr aýynda Moskwada satylyp başlanar. “Moskwiç” awtoulaglarynyň geljekde döwlet goldaw maksatnamasyna goşulmagy meýilleşdirilýär.
Umuman alanyňda, şu ýyl zawod 600 awtoulag öndürmegi meýilleşdirýär, olaryň 200-si elektrikli bolar. Umuman alanyňda, “Moskwiçiň” nusgalyk diapazonynyň ahyrynda dört modele çenli artmagy meýilleşdirilýär. 2023-nji ýylda önümçiligiň mukdaryny 50 müň awtoulag, 2024-nji ýylda 100 müň awtoulag, 2025-nji ýylda 120 müňe çenli köpeltmek meýilleşdirilýär.