Paýtagtymyz Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly XXVII halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu çärä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak maksady bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň we serginiň energiýa serişdelerini çykarmak, gaýtadan işlemek, olaryň dünýä bazarlaryna iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak işleriniň has-da ilerlemeginde ähmiýetiniň uly boljakdygyna ynanýaryn» diýýär.
Şeýle forumlaryň geçirilmegi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nebitgaz pudagynda deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar, Türkmenistanyň energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman ählumumy binýadyny kemala getirmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň işjeň ilerledilmegi babatda uly gyzyklanma döredýär.
Soňky ýyllarda döwrebap senagat toplumlary bolan Gyýanlydaky polimer zawody, Ahal welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işläp, benzin öndürýän zawod we beýleki kärhanalar guruldy. Milli ykdysadyýetimiziň dünýä bazarlaryndaky ornuny pugtalandyrmak bilen, daşary ýurt pulunda goşmaça girdejileriň gelip gowuşmagy hem üpjün edildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda täze gazhimiýa toplumlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyş möçberi has-da artdyrylýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen Hazaryň türkmen bölegindäki ýataklar özleşdirilýär.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy dowam edýär. Bu täze energiýa köprüsi tebigy gazymyzyň Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna uzak möhletleýin ugradylmagyny üpjün etmek bilen, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi, işewür hyzmatdaşlygyň, parahatçylygyň berkemegi üçin kuwwatly itergi bolar.
Nebitgaz ulgamy Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ulgamlarynyň-da biridir. Bu ulgamda eýýäm iri taslamalaryň birnäçesi amala aşyryldy. 2009-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistan — Hytaý strategik gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi munuň subutnamasydyr. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi deňhukuklylyga, özara artykmaçlyklara düşünmäge, gaz geçirijiniň işe başlamagy bilen açylan geljegi we mümkinçilikleri giňden görmäge esaslanan hakyky hyzmatdaşlygyň nyşany boldy. Häzirki wagtda bu gaz geçiriji HHR-e türkmen «mawy ýangyjynyň» uzak möhletleýin esasda iberilmegini üpjün edýär. Bu ugurda iki ýurduň hem uly kuwwatynyň bardygyny bellemek gerek.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan energetika diplomatiýasyny daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi. Ýurdumyz energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge saldamly goşant goşýar we bu ugurda möhüm başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» XXVII halkara maslahatyň çäklerinde milli nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem öňdebaryjy halkara nebit kompaniýalarynyň, iri halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda ençeme duşuşyklar guralar.
Aşyrmämmet Alçekow,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy,
fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty.
